- •2.Turkmenistanda telekeciligi osdurmek boyunca Dowlet syyasatynda hasabyn orny.
- •3. Kici we orta telekecilige dowlet goldawyny bermigin bas ugurlarynda buhgalter hasabunun ahmiyeti.
- •5.Maýa goýumlaryň we esasy serişdeleriňgirmegiň hasaby
- •7 .Hasap belliknamalary we olaryn gornusleri .
- •10. Esasy serişdeleriň könelmeginiň(amortizasiýanyň) hasaby
- •11. Byujet bilen hasaplasyklaryn hasaby.
- •12. ‘’Dürli bergidarlar we algydarlar bn hasaplashyklar ‘’ hasapci hasapnamalara bolunýär.
- •15. Maddy däl aktiwleriň hasaby
- •16.Material resurslary,onun bahalanyshy we toporlara bolunishi
- •17. Esasy serişdeleriň abatlanşynyň hasaby.
- •18.Buhgalter hasabynyn hasapnamalary we olaryn gurlushlary.
- •19. Önümçiligiň görnüşleri we olaryň buhgalter hasabynyň guralyşyna täsiri.
- •20. Önümçilik harajatlarynyň hasabynyň umumy şekili.
- •21.Maliye netijeleri hakyndaky hasabat we onuň esasy görkezijileriniň häsiýetnamasy.
- •23. Maksatlary we gurluşlary boýuça hasapnamalaryň toparlara bölünilişi.
- •24. Türkmenistanda hasaby halkara ulňewlerine geçmekligiň zerurlygy.
- •25. Hojalyk hasabynyň görnüşleri
- •26.Buhgalter hasabynyň gurluş formalary
- •27.Esasy serişdeler olaryň baglanyşy we toparlara bölünşi
- •28. Pul serişdeleriniň hereketi barada hasabat
- •29.Baş buhgalteriň hukuklary we borçlary
- •30.“Buhgalterçilik hasaba alyş we maliýe hasabaty hakyndaky“ Türkmenistanyň kanuny onyň mazmuny we ähmiýeti.
- •31.Buhgalter hasabynyň hasapnamalar meýilnamasy
- •36. Ykdysady mazmunlary boýunça hasapnamalaryň toparlara bölünişi.
- •Kärhananyň serişdelerini hasaplamaklyk üçin niýetlenen hasapnamalar iki topara bölünýär:
- •Hasapnamalaryň bu topary ikä bölünýär:
- •37.Önümçilik harajatlary we olaryň toparlara bölünişi.
- •38.Bujgalter hasabatynyň düzüliş, tabşyrylyş we tassyklanyş tertibi.
- •Töleg talaplary bilen geçýän hasaplaşyklaryň hasaby.
- •Hasaplaşyklaryň bu görnüşiniň ady hasaplaşyklara iki subýektiň gatnaşýandygyny görkezýär:
- •41. Umumy önümçilik we umumy hojalyk çykdajylarynyň düzümi we hasaby.
- •42.Buhgalter resminamalarynyn dolanshygynyn gurnalyshy we hasaby.
- •43. Karzlaryň hasaby.
- •44. Kassa amallarynyň resminamalaşdyrylyşy we hasaby.
- •Bankyn kassasyna karhanalardan we telekecilerden bolek - satuw sowdanyň nagtpullaryny hasaplasyk hasapnamalaryna kabul etmek :
- •45.Onumchilik harajatlarynyn hasabynyn we onumlerin dushyan gymmatyny hasaplamaklygyn esasy usullary.
- •46.Hususy eyechilige gechirilyan karhanalryn buhgalter hasaby
- •49.Arzan bahaly we tiz konelyan zatlarynyn hasabynyn ayratynlyklary.
- •50. Buhgalter hasabynyň görnüşleri.
- •51. Materiallaryň gelip gowuşmagynyň we üpjün edijiler bilen hasaplaşyk hasaby.
- •52. Gymmatly kagyzlaryň we maliýe goýumlaryň hasaby.
- •53. Esaslyk maýanyň hasaby.
- •54.Ýörite maksatly hazynalaryň hasaby.
- •56. Tükelleme onuň görnüşleri we geçiriliş tertibi.
- •Şu aşakdaky ýagdaýlarda tükelleme hökmany tertipde geçirilýär:
- •Tükellemede kem çykan zatlar ilki bilen 84 “Gymmatlyklaryň ýetmezligi we zaýalanmagyndan ýitgiler” hasabynyň debetine şeýle ýazgy bilen eltilýär:
- •Soňra günäkär tölemeli edilen ýagdaýda
- •Önümçilik, aýlanşyk çykdajylarynyň ýa-da zyýanyň hasabyna ýapylanda:
- •57. Banklardaky walyuta we beyleki hasapnamalardaky amallaryn hasaby.
- •58. Oba hojalygy
- •59. Zähmet haky harajatlarynyň hasaby
- •60. Onumcilik harajatlaryn elementleri we kalkulasiya maddalary boyunca hasaby.
- •61.Işgärler b/n zähmet hak tölegi boýunça hasahlaşyklaryň sintetik hasaby
- •62. Bankdaky hasaplashyk hasapnamasyndaky geçyan amallaryn resminamalashdyrylshy we olaryn hasaby.
37.Önümçilik harajatlary we olaryň toparlara bölünişi.
Önümçilige edilýän ähli harajatlar öz görnüşleri boýunça belli bir toparlara bölünip bilinýär .Mysal üçin:
Önümçiligiň tehnologiýasyna öz gatnaşygy boýunça harajatlar: esasylara we goşmaçalara bölünýär. Önümleri öndürmegiň tehnologiýasy bilen gös-göni baglanşykly bolan harajatlar esasylara degişlidirler. Olara önüm öndürmek üçin satyn alnan çig malyň we materiallaryň gymmaty, önümçilik işçilerine ýazylan zähmet haky, önümçilik enjamlary boýunça amortizasiýa pul geçirimleri, tehnologik ýangyç we elektrik energiýasy boýunça çykdajylary, we ş.m. degişlidirler.
Aýry-aýry sehlerde we gulluklarda, şeýle hem tutuş kärhana boýunça önümçiligi dolandyrmak we oňa hyzmat etmek boýunça baglanşykly harajatlar goşmaça diýlip atlandyrylýar. Olara administratiw – dolandyryş personalyň zähmet haky, gulluk saparlary üçin çykdajylar, poçta-telegraf, konselýriýa çykdajylary degişlidir.
Öndürilýän önümiň özüne düşýän gymmatyna goşmagyň usuly boýunça harajatlar göni we gytaklaýyn diýip atlandyrylýan toparlara bölünýärler. Göni harajatlary belli önümleriň özüne düşýän gymmatyna gönüden -göni degişli edip bolýar.
Şeýle hem harajatlary Hemişelik harajatlar we Üýtgeýän harajatlar görnüşlere bölüp bolýar. Hemişelik harajatlar önümiň çykarylyşynyň möçberine bagly däldir, (asministratiw-dolandyryş personalyň zähmet haky, jaýlaryň amortizasiýasy we ş.m).
Mundan başga-da harajatlary ýönekeý we toplumlaýyn diýen böleklere bölmek bolýar. Ýönekeý harajatlara harajatlaryň birmeňzeş görnüşleri degişlidir, olar ýa-da zähmet haky boýunça ýa-da materiallar boýunça çykdajylary özünde jemleýär. Toplumlaýyn harajatlara dürli görnüşli harajatlaryň çykdajylary: zähmet haky, materiallar üçin çykdajylar, amortizasiýa pul geçirmeleri, durmuş ätiýaçlygy, meýletin medisina ätiýaçlygy üçin tutumlar we ş.m. degişlidir.
Häzirki zaman senagat kärhanalary üçin harajatlaryň iki görnüşi ulanylýar: ykdysady elementleri we kalkulýasiýa maddalary boýunça.
38.Bujgalter hasabatynyň düzüliş, tabşyrylyş we tassyklanyş tertibi.
Buhgalter hasabatyny düzmek üçin esasy möhüm elementleriň biri – tükellemedir. Tükelleme bellenilen wagty serişdeleriň we olaryň çeşmeleriniň, önümçilige edilen harajatlaryň möçberini barlag geçirilýän obýekti sanamak we hasap ýazgylaryny geçirmek bilen amala aşyrylýar. Tükelleme geçirmeklik üçin ýörite komissiýa düzülýär we ol komissiýa material-jogapkär işgärler başga serişdeleriň hakyky näçe barlygyny ýörite tükelleme ýazuwuna geçirilýärler. Tükellemäniň kömegi bilen hasapda goýberilen ýalňyşlyklary, hasaba alynmadyk hojalyk amallaryny ýüze çykarmak bolar. Şeýle hem hasabyň dogry ýöredilişi anyklanýar. Tükelleme doly we doly däl bolup biler. Şeýle hem tükelleme meýilnamaly we meýilnamasyz geçirip bilner. Jaýlaryň, gurluşyklaryň hereket etmeýän esasy serişdeleriň obýektleri boýunça tükelleme 2-3 ýyldan, kitaphananyň gaznalary boýunça 5 ýyldan bir gezek tükelleme geçirilip bilner. Ýyllyk buhgalter balansy düzülmezden öň hökmany suratda tükelleme geçirip hasabyň ýöredilişi we hasap maglumatlaryň dogrulygy anyklanýar. Çärýek we ýyllyk buhgalter hasabatlarynyň öz wagtynda dzüzülmegini gazanmaklyk üçin buhgalteriýanyň ähli bölümleri boýunça ýerine ýetirmeli işler, olaryň wagty we grafigi düzülýär. Grafikda göz öňünde tutulan wagtlarda žurnal-orderleriniň jemleri hasaplanýar we her hasapnama boýunça debet kredit aýlanşyklar hem-de galyndylar anyklanýar. Buhgalter hasabatlary taýýarlanandan soň döwlet ätiýaçlyk guramalaryna we Türkmanistanyň pensiýa gaznasynyň serişdeleri boýunça hasaplaşyk wedomosty düzülýär. Bu hasabatlar hem kärhananyň ýolbaşçysy we baş buhgalteri tarapyndan gol çekilip tasyklanýar. Düzgün boýunça hasabaty tabşyrmaklyk şeýle görnüşde amala aşyrylýar: ilki bilen statistika guramalaryna statistika hasabatlary, soňra durmuş ätiýaçlyk guramasyna pensiýa gaznasyna degişli hasabatlar tabşyrylýar. Bu guramalarda hasabatyň kabul edilendigini kärhananyň balansynyň öz ştamplaryny goyup we gol çekip tassyklaýarlar. Soňra balans we beýleki hasabatyň görnüşleri salgyt gullugyna tabşyrylýar. Salgyt gullugynda kärhananyň buhgalter hasabaty barlanyp alynandan soň, hasabatlary kabul edýän salgyt gullugynyň işgäri balansy kabul edendigini tassyklap balansa gol çekýär. Şondan soňra kärhana hasabatynyň bie ekzemplýaryny özüniň hasaplaşyk hasapnamasy ýerleşýän bank edarasyna tabşyrýar. Bank edarasynda hasabatlar, kärhananyň bankdan alnan nagt pullaryna gözegçilik etmek üçin ullanylýar.
39. Zaýa önümlerden we işsiz durmalardan alynýan ýitgileriň hasaby.
“Önümçilikdäki zaýaçylyk” hasaby önümçilikdäki zaýaçylyk boýunça ýitgiler barada maglumatlary umumylaşdyrmak üçin niýetlenendir.
“Önümçilikdäki zaýaçylyk” hasabyň debeti boýunça, içerki we daşarky ýüze çykarylan zaýaçylyklar (düzedip bolmajak, ýagny gutarnykly zaýaçylyklar, düzetmek boýunça çykdajylar we ş.m.) boýunça harajatlar, şeýle hem kepillendirilen bejergileriňbellenen çäklerinden artyk edilen harajatlar toplanylýar.
“Önümçilikdäki zaýaçylyk” hasabyň krediti boýunça, zaýaçylykdan çekilen ýitgileri azaltmak üçin eltilen serişdeleriň jemleri (zaýalanan önümiň gymmatynyň mümkin bolan ulanyş bahasy,zaýaçylygyň günäkärlerden tutulmaga degişli edilen jemleri, haryt iberijilerden tutulmaly edilen, ýagny, olaryň iberen pes hilli materiallarynyň we ýarymtaýýar önümleriň ulanylmagy netijesinde emele gelen zaýaçylyklaryň jemleri we ş.m.), şeýle hem önümçilik boýunça zaýaçylykdan çekilen ýitgiler hökmünde harajatlara öçürilýänleri görkezilýär.
“Önümçilikdäki zaýaçylyk” hasaby boýunça jikme-jik hasap kärhananyň bölümleri boýunça önümiň görnüşleri, çykdajylaryň maddalary, zaýaçylyyň günäkärleri we sebäpleri boýunça aýratynlykda alnyp barylýar.
40. Banklar bilen hasaplaşyklar hasaby. Banklar tarapyndan hasaplaşyk amallary “Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklar barasyndaky” düzgünnama esasaynda amala aşyrylýar. Bu düzgünnamanyň esasynda kärhanalaryň arasynda nagt däl hasaplaşyklaryň şü görnüşleri geçirilýär:
Töleg talaplary bilen;
Töleg talaplary – tabşyryklary bilen;
Töleg tabşyryklary bilen;
Akkreditiwleri bilen;
Çekler bilen;
Inkasso tabşyryklary bilen (jedelsiz serişdeleri hasapnamadan çykarmak barasynda görkezme).
Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklar barasyndaky düzgünnama hasaplaşyklaryň gurnalyşynyň umumy çemeleşmelerini we banklarda yeke-täk dokument taýýarlanşygyny sazlaýar. Nagt däl hasaplaşyklaryň görnüşini kärhanalaryň özleri saýlap alýarlar. Nagt däl hasaplaşyklaryň görnüşi şertnamalarda görkezilýär..
Nagt däl hasaplaşyklarda ulanylýan resminamalar belli bir ulgamlaryň talaplaryna gabat gelmelidir.
