- •2.Turkmenistanda telekeciligi osdurmek boyunca Dowlet syyasatynda hasabyn orny.
- •3. Kici we orta telekecilige dowlet goldawyny bermigin bas ugurlarynda buhgalter hasabunun ahmiyeti.
- •5.Maýa goýumlaryň we esasy serişdeleriňgirmegiň hasaby
- •7 .Hasap belliknamalary we olaryn gornusleri .
- •10. Esasy serişdeleriň könelmeginiň(amortizasiýanyň) hasaby
- •11. Byujet bilen hasaplasyklaryn hasaby.
- •12. ‘’Dürli bergidarlar we algydarlar bn hasaplashyklar ‘’ hasapci hasapnamalara bolunýär.
- •15. Maddy däl aktiwleriň hasaby
- •16.Material resurslary,onun bahalanyshy we toporlara bolunishi
- •17. Esasy serişdeleriň abatlanşynyň hasaby.
- •18.Buhgalter hasabynyn hasapnamalary we olaryn gurlushlary.
- •19. Önümçiligiň görnüşleri we olaryň buhgalter hasabynyň guralyşyna täsiri.
- •20. Önümçilik harajatlarynyň hasabynyň umumy şekili.
- •21.Maliye netijeleri hakyndaky hasabat we onuň esasy görkezijileriniň häsiýetnamasy.
- •23. Maksatlary we gurluşlary boýuça hasapnamalaryň toparlara bölünilişi.
- •24. Türkmenistanda hasaby halkara ulňewlerine geçmekligiň zerurlygy.
- •25. Hojalyk hasabynyň görnüşleri
- •26.Buhgalter hasabynyň gurluş formalary
- •27.Esasy serişdeler olaryň baglanyşy we toparlara bölünşi
- •28. Pul serişdeleriniň hereketi barada hasabat
- •29.Baş buhgalteriň hukuklary we borçlary
- •30.“Buhgalterçilik hasaba alyş we maliýe hasabaty hakyndaky“ Türkmenistanyň kanuny onyň mazmuny we ähmiýeti.
- •31.Buhgalter hasabynyň hasapnamalar meýilnamasy
- •36. Ykdysady mazmunlary boýunça hasapnamalaryň toparlara bölünişi.
- •Kärhananyň serişdelerini hasaplamaklyk üçin niýetlenen hasapnamalar iki topara bölünýär:
- •Hasapnamalaryň bu topary ikä bölünýär:
- •37.Önümçilik harajatlary we olaryň toparlara bölünişi.
- •38.Bujgalter hasabatynyň düzüliş, tabşyrylyş we tassyklanyş tertibi.
- •Töleg talaplary bilen geçýän hasaplaşyklaryň hasaby.
- •Hasaplaşyklaryň bu görnüşiniň ady hasaplaşyklara iki subýektiň gatnaşýandygyny görkezýär:
- •41. Umumy önümçilik we umumy hojalyk çykdajylarynyň düzümi we hasaby.
- •42.Buhgalter resminamalarynyn dolanshygynyn gurnalyshy we hasaby.
- •43. Karzlaryň hasaby.
- •44. Kassa amallarynyň resminamalaşdyrylyşy we hasaby.
- •Bankyn kassasyna karhanalardan we telekecilerden bolek - satuw sowdanyň nagtpullaryny hasaplasyk hasapnamalaryna kabul etmek :
- •45.Onumchilik harajatlarynyn hasabynyn we onumlerin dushyan gymmatyny hasaplamaklygyn esasy usullary.
- •46.Hususy eyechilige gechirilyan karhanalryn buhgalter hasaby
- •49.Arzan bahaly we tiz konelyan zatlarynyn hasabynyn ayratynlyklary.
- •50. Buhgalter hasabynyň görnüşleri.
- •51. Materiallaryň gelip gowuşmagynyň we üpjün edijiler bilen hasaplaşyk hasaby.
- •52. Gymmatly kagyzlaryň we maliýe goýumlaryň hasaby.
- •53. Esaslyk maýanyň hasaby.
- •54.Ýörite maksatly hazynalaryň hasaby.
- •56. Tükelleme onuň görnüşleri we geçiriliş tertibi.
- •Şu aşakdaky ýagdaýlarda tükelleme hökmany tertipde geçirilýär:
- •Tükellemede kem çykan zatlar ilki bilen 84 “Gymmatlyklaryň ýetmezligi we zaýalanmagyndan ýitgiler” hasabynyň debetine şeýle ýazgy bilen eltilýär:
- •Soňra günäkär tölemeli edilen ýagdaýda
- •Önümçilik, aýlanşyk çykdajylarynyň ýa-da zyýanyň hasabyna ýapylanda:
- •57. Banklardaky walyuta we beyleki hasapnamalardaky amallaryn hasaby.
- •58. Oba hojalygy
- •59. Zähmet haky harajatlarynyň hasaby
- •60. Onumcilik harajatlaryn elementleri we kalkulasiya maddalary boyunca hasaby.
- •61.Işgärler b/n zähmet hak tölegi boýunça hasahlaşyklaryň sintetik hasaby
- •62. Bankdaky hasaplashyk hasapnamasyndaky geçyan amallaryn resminamalashdyrylshy we olaryn hasaby.
36. Ykdysady mazmunlary boýunça hasapnamalaryň toparlara bölünişi.
Serişdeleriň dürli görnüşlerini hasaplamaklyk üçin hasapnamalar – aktiw we şu serişdeleriň çeşmelerini hasaplamaklyk üçin hasapnamalar – passiw.
Kärhananyň serişdelerini hasaplamaklyk üçin niýetlenen hasapnamalar iki topara bölünýär:
Uzak möhletli ulanylýan serişdeleri hasaplaýan;
Gysga möhletli peýdalanylýan serişdeleri hasaplaýan.
Uzak möhletli peýdanylýan serişdeleri hasaba almaklyk üçin hasapnamalar dört sany özbaşdak toparlara bölse bolar. Birinji topar – bu esasy serişdeleri hasaba almak üçin hasapnamalar: “ESasy serişdeler”, “Esasy serişdeleriň könelmesi” we “Uzak möhletli kärendesine alnan esasy serişdeler”.
Ikinji topar – maddy däl aktiwleri hasaplamak üçin iki sany hasapnama: “Maddy däl aktiwler” we “Maddy aktiwleriň könelmesi” niýetlenendir.
Üçünji topary uzakmöhletli maliýe goýumlarydyr. Olar beýleki kärhanalara hemişe peýda (diwidend) almaklyk maksady bilen goýulan serişdelerdir.
Dördünji topary – maýa goýumlar – hasapnamalaryň– “Oturtmaga degişli enjamlar” we “Düýpli goýumlar” hasaplanýarlar. Gurluşyk tamamlanandan we satyn alanyndan soň bu harajatlar “Esasy serişdeler” hasapnamasyna geçirilýär.
Gysga möhletli peýdalanylýan – aýlanşyk serişdeleriň hasaby üçin hasapnamalaryň bäş sany esasy toparyny tapawutlandyrsa bolar. Birinji topar – önümçilik gorlaryndaky serişdeleri hasaplamaklyk üçin hasapnamalar. Bu serişdeler üpjünçilik işleriň netijeleridir. Olar “Materiallar”, “Arzan we tiz könelýän zatlar” we “Arzan we tiz könelýän zatlaryň könelmesi”.
Ikinji topary -Önümçilige harçlanan ýa-da önümçilik prosesindäki serişdeleri hasaba almaklyk üçin niýetlenendir. Bu hasapnamalar – “Esasy önümçilik” we “Kömekçi önümçilikler”, “Umumy önümçilik çykdajylary”, “Umumy hojalyk çykdajylary”, “Önümçilikdäki zaýa önüm”, “Hyzmat ediji önümçilikler we hojalyklar”, “Düýpli däl işler” we “Geljek döwrün çykdajylary”.
Üçünji topary- önümleri ýerlemeklik prosesinde bolan serişdeleri hasaplamaklyk üçin göz öňünde tutulandyrlar. Ol ilki bilen öndürilen we ammarlara tabşyrylan taýýar önümleri hasaplaýan “Taýýar önüm” hasapnamasydyr.
Dördünji topar-Kärhananyň pul serişdelerini hasaba almaklyk üçin şu hasapnamalar niýetlenendirler – “Kassa”, “Hasaplaşyk hasapnamasy”, “Walýuta hasapnamasy”, “Maýa toplaýyş hazynasynyň serişdeleri boýunça ýörite hasapnama”, “Bankdaky ýörite hasapnamalar”, “Pul dokumentleri”, “Ýoldaky geçirmeler” we “Gysga möhletli maliýe goýumlary”.
Bäşinji topary- Kärhananyň beýleki kärhanalarda edaralardan, guramalardan we adamlardan algylaryny hasaplamaklyk üçin hasaplaşyklaryň hasaby boýunça hasapnamalar.– “Berilen awanslar boýunça hasaplaşyklar”, “Alyjylar we iş buýrujylar bilen hasaplaşyklar”, “Nägilelikler boýunça hasaplaşyklar”
Ykdysady mazmunlary boýunça toparlananda hasapnamalaryň ikinji bölegi kärhananyň serişdeleriniň çeşmeleriniň hasaby üçin niýetlenendirler.
Hasapnamalaryň bu topary ikä bölünýär:
Kärhananyň hususy serişdeleriniň hasaby üçin hasapnamalar;
Karz alnan serişdeleriň çaşmeleriniň hasaby üçin hasapnamalar.
Kärhananyň hususy serişdeleriniň esasy çeşmesi ustaw hazynasydyr. Onuň hasaby üçin “Ustaw hazynasy” hasapnamasy niýetlenendir. Kärhananyň hususy serişdeleriniň çeşmeleriniň iň möhümi hojalyk işleriniň netijesinde gazanylan peýdadyr. Onuň hasaby üçin “Peýdalar we zeleller”, “Peýdanyň peýdalanylyşy” we “Paýlanylmadyk peýdalar” hasapnamalary göz öňünde tutulandyrlar.
Kärhananyň karz serişdeleriniň çeşmelerini hasaplamaklyk üçin niýetlenen hasapnamalary öz gezeginde kiçiräk toparlara bölüşdirse bolar. Kreditleriň we karzlaryň hasaby şu hasapnamalarda ýöredilýärler: “Banklaryň uzak möhletli kreditleri”, “Banklaryň gysga möhletli kreditleri”, “Işgärler üçin banklaryň kreditleri”, “Uzak möhletli karzlar”, “Gysga möhletli karzlar”, şeýle hem “Kärende borçlary”. Hasapnamalaryň olarda hasaplanýan maglumatlaryň ykdysady mazmunlary boýunça toparlara bölünmegi obýektleri hasaplamaklyk üçin haýsy we näçe hasapalamalaryň gerekdigini bilmeklige mümkinçilik berýär.
