Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
buh_otwet.docx
Скачиваний:
21
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
97.12 Кб
Скачать

31.Buhgalter hasabynyň hasapnamalar meýilnamasy

  1. Buhgalterçilik hasaba alnyşynyň hasaplarynyň mysaly meýilnamasynyň gurluşy 2001-nji ýylyň Döwlet maliýesiniň statistikasynyň (DMS) hasaplar meýilnamasynyň esasynda işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglanyşykly aktiwleriň we borçnamalaryň hasaba alynýan hasaplary içerki we daşarky diýip bölünýär, bu bölekleriň her biri boýunça girdejileri we çykdajylary hasaba almak bolsa aýratynlykda alnyp barylýar. Şeýle hem geljekde awtomatlaşdyrylan buhgalterçilik hasaba alnyşyny we Hasaba alşyň döwlet ulgamyny ornaşdyrmak maksady bilen köp derejeli hasaplar göz öňünde tutulandyr.

  2. Hasaplaryň meýilnamasy alty bölegi öz içine alýar:

Girdejiler;

Çykdajylar;

Aktiwler;

Borçnamalar;

Maýa (arassa aktiwler);

Balansdan daşary hasaplar.

1-nji bölek. "GIRDEJILER"

"Girdejiler" bölegi hasaplaryň aşakdaky dört derejesini öz içine alýar:

13 Grantlar boýunça girdejiler;

14 Maýa goýumlardan girdejiler;

14 Amal işinden girdejiler;

  1. Gaýry girdejiler.

2-nji bölek Amal çykdajylary dört derejä bölünýär:

21 Işgärler üçin çykdajylar;

22 Materiallar we hyzmatlar üçin çykdajylar;

23 Ulanyş tutumy boýunça çykdajylar;

27 Durmuş kömek pullaryny tölemek üçin çykdajylar

3-nji bölek. AKTIWLER

"Aktiwler" bölegi 4 derejäni öz içine alýar:

61 uzak möhletli maliýe däl aktiwler;

62 uzak möhletli maliýe aktiwler;

61 gysga möhletli maliýe däl aktiwler;

62 gysga möhletli maliýe aktiwler.

4-nji bölek. BORÇNAMALAR

"Borçnamalar" bölegi 2 derejäni öz içine alýar:

63 Uzak möhletli borçnamalar;

63 Gysga möhletli borçnamalar.

5-nji bölek. MAÝA (ARASSA AKTIWLER)

80 "Hususy maýa ýa-da aktiwleriň arassa gymmaty (serişdeleriň galyndysy)" derejesi maýany we ätiýaçlyk gorlary hasaba almak üçin niýetlenýär

6-njy bölek. "BALANSDAN DAŞARY HASAPLAR"

Balansdan daşary hasaplarda subýektlerde wagtlaýyn bar bolan, ýöne oňa degişli bolmadyk aktiwler hasaba alynýar. Balansdan daşary hasaplarda hasaba alnan aktiwler balansda hasaba alynýan şoňa meňzeş aktiwler üçin bellenen tertipde we möhletlerde tükellenilýär.

32.Önümleriň satylyşynyň hasaby. Önümiň ýerleşdirilmegi bilen kärhananyň serişdeleriniň dolanşygy tamamlanýar we zähmet hakyny tölemek, ýük ugradyjylaryň töleg talaplaryny tölemek karz pullar boyunça bergileri üzmek,býujete töleglere tölemek we ş.m. boýunça, şeýle hem önümçiligiň siklini täzeden başlamaga mümkinçilik döredýär. Önümiň, ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ýerleşdirilmegi netijesinde önümçilik we önüm ýerleşdirmek boýunça diňe harajatlaryň öwezi dolunman, eýsem kärhananyň maliýe netijesi hem anyklanýar.

Taýýar önüm ýerine ýetirilen işleri we hyzmatlary ýerleşdirmegi hasaba almaklyk “Ýerleşdiriş” (realizasiýa) sintetik hasapnamada alnyp barylýar. Bu hasapnamanyň debetinde ýerleşdirilen önümiň özüne düşýän gymmaty (себестоимость), krediti bolsa ony ýerleşdirmekden gelen pul serişdeleri bellenilýär (доходы от реализации).

Taýýar önümi ýerleşdirmegiň analitik hasaby alnyşyny guramaklyk mehenizasiýanyň we awtomatizasiýanyň derejesine baglydyr. Klawişli hasaplaýjy maşynlar ulanylanda ugradylan önümi üçin tölegleriň gelşi çägi boýunça önümi ugratmaga we ýerleşdirmegiň wedomostlarynda töleg talaby ýazylan şertlerde tölemeklik hakda bellik edilýär. Wedomostlarda şeýle hem önüm işleri we hyzmatlary ýerleşdirmekden düşýän serişdäniňmöçberi hem bellenilýär.

Önüm ýerleşdirişiň analitik hasaba alnyşy önümiň hiliniň gowulandyrylýandygy üçin baha bolan nadbawkanyň hasabyna alnan peýdany kesgitlemek üçin zerur maglumaty üpjün etmelidir.

Taýýar önümi we ýerine ýetirilen işleri, hyzmatlary ýerleşdirmek iki usul, bilen hasaba alynýar:

1. Bahasy tölenen wagtda önüm ýerleşdirmäniň (satmanyň) hasaba alnyşy; (Dt “hasaplaşyk hasapnamasy” Kt “alyjylar we buýrujylar bn hasaplaşyk”)

2. Taýýar önümler ugradylanda (tabşyrylanda) ýerleşdirmäniň hasaba alnyşy. (Dt “ugradylan harytlar ýerine ýetirilen işler, hyzmatlar”, Kt “taýýar önüm”)

33.Taýýar önümiň ammardaky we buhgalteriýadaky hasaby. Ammarlarda taýýar önümiň hasaba alnyşy çig mallaryň we materiallaryň hasaba alnyşy bilen meňzeş alnyp barylýar. Nomenklatura nomeri boýunça her bir önüme ammarlardaky sort hasaba alşyň aýratyn kartoçkasy açylýar. Taýýar önüm ammara tabşyrylanda resmileşdirilen nakladnoý esasynda girdeýji boýunça ýazgy edilýär, buýruk esasynda bolsa – ammardan önüm goýbermäge iýbermäge nakladnoýlar çykdajy boýunça ýazgy geçirilýär. Her bir amaldan soň kartoçkada galyndy çykarylýar. Girdeji we çykdajy resminamalary soňra görkezijiniň ýanyna goşup, kärhananyň buhgalteriýasyna tabşyrylýar, bu ýerde olary barlaýarlar, taýýar önümleri atlaryna görä nyrh kesýäler we ammarlarda toparlara bölýärler.

Taýýar önümi sintetik hasaba almak hakyky önümçilik gymmaty boýunça “Taýýar önüm” hasapnamasynda alnyp barylýar. Aýyň dowamynda önümçilikden gelip gowuşýan önümlere şeýle buhgalter ýazgysy edilýär: Dt-Önüm çykarylmagy”, Kt-“Esasy önümçilik”

Ýerine ýetirilen hyzmatlaryň, işleriň we öndürilen önümleriň hakyky özüne düşýän gymmatynyň tapawudy bolsa buhgalter hasabynyň hasapnamalarynda şeýle görnüsşde görkezilýär: Dt- “Önüm çykarylmagy”(işleriň,hyzmatlaryň) hasapnamasy, Kt-“Önüm ýerleşdirilmegi” (işleriň,hyzmatlaryň) hasapnamasy.

Haçan-da ammara taýýar önüm normatiw önümçilik özüne düşme gymmaty boýunça girdeji edilende, bu amala buhgalter ýazgy girdeji order esasynda edilýär we şeýle ýazgy düzülýär: Dt-“Taýýar önüm” hasapnamasy, Kt-“Önüm çykarylmagy” hasapnamasy.

34.Buhgalter hasabynyň predmeti barada düşünje. Buhgalteriň zähmeti hem, beýleki adamlaryňky ýaly belli bir obýektlere ýa-da predmetlere gönükdirlendir. Buhgalter onuň adyny we mukdar häsiýetlerini (uzynlygyny, agramyny, sanyny, bahasyny we.ş.m.) görkezip (ýazyp) hasaplamalydyr. Buhgalter hasabynyň özüne mahsus aýratynlygynyň bardygyny ýatladalyň. Ol bolsa hasap maglumatlaryny gymmat, pul görnüşinde islendik derejede jemläp almaklyga mümkinçilik berýän hökmany taýdan gymmat ölçeginiň peýdalanmagydyr. Netijede, buhgalter hasabynyň predmeti barada gürrüň edenimizde biz diňe gymmaty we bahasy bar bolan obýektleri göz öňünde tutmalydyrys.

Bellige aldyrmaklyk üçin beýleki resminamlar bilen birlikde kärhananyň ustawyny hem tabşyrmaklyk zerurdyr. Kärhananyň ustawynda onuň näme bilen meşgul boljakdygy, nähili işlerin ýerine ýetirjekligi,ony kimiň döredýänligi, onuň işe başlamagy üçin döredijilik (eýeleri) tarapyndan berlen ähli emläkleriň (serişdeleriň) umumy gymmaty (summasy) kesgitlenilýär. Kärhana şu serişdeleriniň möçberini özüniň soňraky işleriniň dowamynda gazanan peýdalarynyň hasabyna artdyryp ýa-da alan zyýanlarynyň netijesinde azaldyp biler. Şeýle hem bu serişdeler beýleki ýuridiki we fiziki taraplaryň emläklerini wagtlaýynça ulanmaga almagyň (kreditleriň, karzlaryň) hasabyna artdyrylýar. Kärhananyň ygtyýarynda duran şu önümçilik serişdeleriň ählisi buhgalter hasabynyň predmetidir, ýagny olary buhgalter hasaba almalydyr.

Şeýle görnüşde göz öňüne getirilende buhgalter hasabynyň predmeti ýygnalan, jemlenen, umumylaşdyrylan düşünjedir. Hakykat ýüzünde bolsa bu predmet aýry-aýry her dürli obýektleriň ymgyr köplügi görnüşindedir. Olaryň görnüşleri, maksatlary, mukdary natural we gymmat ölçeginde kärhananyň haýsy pudaga degişlidigine we meşgul bolýan işlerine baglydyr.

Meselem, oba hojalygy bilen meşgul bolýan kärhanalarda önümçilik serişdeleriniň düzümleri we görnüşleri bir hilidir, söwdada-başga bir tüýsli serişdeler, banklarda, biržalarda – üçünji bir häsiýetli emläkler bardyr.

Şu ýerde dürli görnüşli obýektler üçin umumy bir häsiýet, ol hem, bu serişdeleriň gymmaty, pul bilen aňladyp bolýan bahasy bardyr, buhgalter hasabyna alynýandyr we olaryň hereket edýän kanunçylyga we ustawa laýyklykda peýdalanylmagyna jogapkärçilik anyk ýuridiki tarapyň – kärhananyň, edaranyň ýa-da guramanyň üstüne ýüklenendir. Şeýlelikde, buhgalter hasabynyň predmeti kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ygtyýarynda duran we gymmaty bar bolan emläklerdir (serişdelerdir) we olaryň emele gelen çeşmeleridir.

35. Resminama dolanşygy we onuň guralyşy. Resminama dolanşygy diýip ilkinji resminamalaryň alynan ýa-da ýazylan ýerinden soňraky işlenip taýýarlanyşyndan we buhgalteriýada we beýleki bölümlerde peýdalanşyndan, tä arhiwe saklanmaga berilýänçä edýän hereketine aýdylýar. Resminama dolanşygyny işläp düzmeklik ýa-da onuň taslamasyny taýýarlamaklyk kärhanada buhgalterlik hasabyň tutuş ulgamyny taslamaklygyň iň esasy bölegidir we ol kärhana döredilende onuň işleriniň ähli beýleki taraplarynyň taslamasy bilen bir wagtda amala aşyrylýar.

Resminama dolanşygynyň taslamasy taýýarlananda ilki bilen resminamalaryň ýazylýan ýa-da alynýan ýerleri, hasabyň obýektleri (serişdeleriň we çeşmeleriň görnüşleri), mümkin bolan amallary we hasaplanýan görkezijileri kesgitleýärler. Resminamalaryň blankalarynyň formalaryny bar bolan tipli formalardan saýlaýarlar ýa-da olaryň esasynda hususy resminamalary işläp taýýarlaýarlar we tassyklaýarlar.

Resminamalaryň aýry-aýry görkezijilerini doldurmaklygyň, olara gol çekmekligiň tertibi, buhgalteriýa tabşyrmaklyk möhletleri we düzgünleri, ilkinji resminamalary düzýän, maddy jogapkär ýa-da beýleki wezipeli adamlaryň wezipeleri baradaky instruksiýalarda (düzgünnamalarda) kesgitlenilýär. Resminamalary toparlamaklyk, ýagny olary alamatlar boýunça toparlara bölmeklik hasabyň obýektleri (esasy serişdeler, materiallar, kassa amallary, zähmete hak tölenşi boýunça hasaplaşyk we beýlekiler), amallaryň görnüşleri (girdeji, çykdajy we ş.m.), amala aşyrylan ýeri we wagty (senesi) hasabat döwürleri we beýleki toparlanyş alamatlary boýunça geçirilýär.

Toparlamaklykdan soňra resminamalaryň görkezijileri bahalanýar, ýagny diňe zat görnüşinde (natural) ýa-da zähmet ölçeýjilerinde getirilen görkezijiler gymmat, pul görnüşine geçirilýär. Munuň üçin resminamada bahalar, tarif stawkalary, nyrhlary goýulýar; mukdary nyrhyna köpeldilýär we amallaryň göwrümi gymmat, pul aňlatmasynda kesgitlenilýär. Baha kesmekligi dürli hasaplaýyş we çap etmeklik işlerini kärhananyň ýöriteleşdirilen hasaplaýyş bölümleri hem ýerine ýetirip bilerler. Resminamalary jemlemeklik, toparlamaklyk, başga ýere geçirmeklik tehnologiýasy we taýýar netijeleri almaklyk her bir ýagdaýda aýratyn bellenilýär (taslamasy düzülýär).

Buhgalter geçirmeleriň maglumatlary resminama boýunç ýa-da toparlanan görnüşinde analitik we sintetik hasabyň buhgalter belliknamalaryna ýazylýar. Ondan soňra buhgalteriýa eýýäm şu belliknamalarada şu umumylaşdyrylan (jemlenen) maglumatlar bilen işleýär. Ilkinji resminamalaryň özler bolsa buhgalteriýanyň gündelik arhiwine saklamaga tabşyrylýarlar we dürli görnüşdäki güwänamalar üçin, şu hasabat döwründe takyklamalar we barlaglar üçin hyzmat edýärler.

Arhiwde saklamaklyk üçin ähli ilkinji resminamalar buhgalteriýanyň iş ýerlerinde ýörite jiltlerde (kagyz dikilýän papkalarda) toparlara bölünýärler we jemlenýärler. Resminamalar aýlar, amallaryň görnüşleri, hasapnamalar we ilkinji resminamalardan maglumatlary gecirilen belliknamalar boýunça topar topar edilýärler. Şu toparlara bölüşdirmeklik alamatlary (aý, ýyl, hasapnama belliknama we ş.m.) jildiň ýüz tarapynda we koreşogynda görkezilýär. Bu bolsa zerur resminamany gözläp tapmaklygy ýeňilleşdirýär. Ahyrda hasabat ýyly gutarandan we olara isleg sowulandan soňra, ilkinji resminamalar ýörite kitaplar şekilli çatylyp, sahaplanyp, buhgalteriýanyň gündelik arhiwinden kärhananyň arhiwine wagty geçýänçä saklamaga gecirilýär.

Arhiwiň işleriniň guralyşy, resminamalary saklamaklygyň tertibi we möhletleri arhiw işleri boýunça hereket edýän kanunçylyk bilen kesgitlenilýär. Her bir kärhanada buhgalteriýanyň gündelik arhiwini döretmeklik we onuň işini guramaklyk üçin jogapkärçiligi baş buhgalter çekýär, kärhananyň arhiwi üçin bolsa – kärhana ýolbaşçysy, jogapkärdir.

Arhiwi guramaklygyň esasy talaby – resminamalary gorap saklamaklygy üpjün etmeklikden we olary peýdalanmaga rugsady çäklendirmekliden durýar. Şonuň üçin buhgalteriýadaky gündelik arhiw aýratyn otaglarda ýerleşdirilýär ýa-da buhgalteriýanyň jaýynda aýratyn gulplar bilen gulplanýan demirden ýasalan şkaflarda (gapyrjaklarda) ýa-da tekjelerde saklanýar. Resminamaly kitaplar ýa-da jiltler (papkalar) berk bellenen tertipde aýlar we ýyllar boýunça saklanýarlar. Arhiwde duran resminamalaryň saklanyş möhletleri dürli-dürlidir. Bu möhletler arhiw edaralarynyň kanunçylyk namalary bilen bellenilýär. Saklanyş möhletleri kesgitlenende maglumatlaryň möhümliginden, talap etmeklik möhletinden we resminamany saklamaklyk zerurlygyny kesgitleýän beýleki faktlardan ugur alýarlar.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]