Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
buh_otwet.docx
Скачиваний:
24
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
97.12 Кб
Скачать

27.Esasy serişdeler olaryň baglanyşy we toparlara bölünşi

1. Şu standartyň maksady esasy serişdeleri hasaba almagyň tertibini görkezmekden ybaratdyr. Esasy serişdeleri hasaba almakda aktiwleriň ykrar edilmeli wagty, olaryň balans gymmatyny we olar bilen baglanyşykly ykrar edilmäge degişli ulanyş tutumlaryny kesgitlemek, hasapdan öçürmek we çykyp gitmek esasy meseleler bolup durýar. 2. Buhgalterçilik hasaba alnyşynyň hasaplap ýazmak usulynyň esasynda maliýe hasabatlylygyny düzýän we berýän edara esasy serişdeleri hasaba almak üçin şu standarty ulanmalydyr, şular muňa girmeýär: 3. Şu standart esasy serişdeler, şol sanda aşakdakylar babatynda ulanylýar: a) ýörite harby enjamlar; b) infrastruktura aktiwleri.

4. Şu standart şular babatynda ulanylmaýar:

a) oba hojalyk işine gatnaşygy bolan biologik aktiwler ("Oba hojalygy" ); we b) mineral serişdeleri işlemäge, geologiýa-gözleg işlerine we gazylyp alynýan peýdaly magdanlary, nebiti, gazy we şoňa meňzeş gaýtadan döremeýän serişdeleri gazyp çykarmaga bolan hukuklar.

Emma, şu standart işi ösdürmek ýa-da saklamak üçin peýdalanylýan esasy serişdeler ýa 4 a) we 4 b) bölümlerinde beýan edilen, ýöne işden ýa-da aktiwlerden bölünip aýrylýan aktiwlere degişlilikde ulanylýar. Esasy serişdeler bu: a) harytlary öndürmegiň ýa-da ibermegiň we hyzmatlary etmegiň barşynda, kärendä berlende ýa-da dolandyryş maksatlarynda peýdalanmak üçin niýetlenen; b) bir ýyldan köp döwrüň dowamynda ulanylmagy göz öňünde tutulýan maddy aktiwlerdir.

- Aktiw hökmünde ykrar edilmäge degişli esasy serişdeleriň obýektine ilkibaşda özüne düşýän gymmaty boýunça baha berilmelidir.

- Eger aktiw mugt ýa-da görkezilen gymmaty boýunça alnan bolsa, onda onuň özüne düşýän gymmaty diýlip onuň satyn alnan senesindäki adalatly gymmaty ykrar edilýär.

- Esasy serişdeleriň obýekti beýleki aktiwiň ýerine ýa-da bölekleýin ýerine alnyp bilner. Şunuň ýaly obýektiň gymmatyna alnan aktiwiň berlen aktiwiň adalatly gymmatyna ekwiwalent bolan, berlen islendik serişdeleriniň ýa-da pul serişdeleriniň ekwiwalentleriniň möçberinde düzediş girizilen adalatly gymmaty boýunça baha berilýär.

28. Pul serişdeleriniň hereketi barada hasabat

Pul serişdeleri kassadaky, bank hasaplaryndaky pul serişdelerini we talap edilýänçä depozitleri öz içine alýar. Pul serişdeleriniň hereketi barada hasabat hasabat döwründe pul serişdeleriniň akymlary baradaky maglumatlary öz içine alýar, bu maglumatlar amallar, maýa goýum ýa-da maliýe işlerine bölmek bilen berilýär.

Işiň görnüşleri boýunça topara bölmek peýdalanyjylara bu işiň kärhananyň maliýe ýagdaýyna we onuň pul serişdeleriniň we pul serişdeleriniň ekwiwalentleriniň möçberine edýän täsirine baha bermek üçin maglumaty üpjün edýär. Şeýle hem bu maglumat işiň bu görnüşleriniň arasyndaky özara baglanyşyga baha bermek üçin peýdalanylyp bilner.

Kärhana amallar, maýa goýum ýa-da maliýe işinden gelýän pul serişdeleriniň hereketi hakyndaky maglumaty öz işiniň häsiýetine has gowy laýyk gelýän görnüşde berýär.

Bir amaldan gelip gowuşmalar we pul serişdeleriniň tölegi dürli hili topara bölünýän pul serişdeleriniň akymlaryny öz içine alyp biler. Mysal üçin, karz boýunça pul serişdeleriniň töleginiň göterimleri hem, berginiň esasy möçberini hem öz içine alýan halatynda, onda göterimleri emele getirýän bölek amallar işi hökmünde topara bölünip bilner, esasy pul möçberini emele getirýän bölek bolsa maliýe işi hökmünde topara bölünýär.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]