
- •Aşgabat - 2013
- •IV synp Hepdede – 5 sagat, okuw ýylynda jemi – 170 sagat.
- •V synp Hepdede – 5 sagat, okuw ýylynda jemi – 170 sagat.
- •Gaýtalamak üçin temalar – 12 sagat.
- •Morfologiýa
- •Sanlar – 22 sagat.
- •Okuwçylar 5-nji synpy tamamlanlarynda şu başarnyklary
- •VI synp
- •Gaýtalamak üçin temalar – 4 sagat.
- •Işlikler – 50 sagat.
- •Işlikleriň many aýratynlyklary.
- •Işlikleriň gurluş aýratynlyklary.
- •Işlikleriň grammatik aýratynlyklary.
- •Işliklerde zaman aňladylyşy.
- •VII synp Hepdede – 4 sagat, okuw ýylynda jemi – 136 sagat.
- •VIII synp Hepdede – 3 sagat, okuw ýylynda jemi – 102 sagat.
- •Gaýtalamak üçin tema – 14 sagat.
- •IX synp Hepdede – 3 sagat, okuw ýylynda jemi – 102 sagat.
- •Gaýtalamak üçin temalar – 10 sagat.
- •X synp
- •Hepdede – 1 sagat, okuw ýylynda jemi – 34 sagat.
- •Gaýtalamak üçin temalar – 2 sagat.
- •Edebi diliň normalary – 8 sagat.
- •Okuwçylar 11-nji synpy tamamlanlarynda şu başarnyklary
- •Goşmaçalar
- •Diktant üçin saýlanylan tekstde orfogrammalaryň we
- •Türkmen dili dersinde geçirilmeli ýazuw işleri we olaryň sagatlary
VII synp Hepdede – 4 sagat, okuw ýylynda jemi – 136 sagat.
Türkmen edebi diliniň ähmiýeti hem ony berjaý etmek hakynda – 1 sagat.
Gaýtalamak üçin temalar – 8 sagat.
Orfografik normalar.
Dodak çekimlileriň sazlaşygy we ýazuw düzgüni.
Dar çekimlileriň ýazuwda düzgüni.
Atlaryň grammatik aýratynlyklary.
Çalyşmalar we olaryň leksika-semantik, grammatik aýratynlyklary.
Işlikleriň grammatik aýratynlyklary.
Özbaşdak many aňladýan söz toparlarynyň grammatik aýratynlyklary.
SINTAKSIS
Sintaksis grammatikanyň söz düzümleri, sözlemleri öwrenilýän bölümidir
– 1 sagat.
Söz düzümleri – 14 sagat.
Söz düzümi, onuň goşma sözden tapawudy.
Söz düzüminiň görnüşleri.
Erkin söz düzümi.
Durnukly söz düzümi. Durnukly söz düzüminiň erkin söz düzüminden tapawudy.
Sözlükler bilen amaly iş.“Türkmen diliniň frazeologik sözlügindäki” durnukly söz
düzümleri bilen tanyşlyk.
Söz düzümlerinde baglanyşyk.
Erkin söz düzüminde esasy hem-de garaşly sözler.Olaryň özara baglanyşygy.
Baglanyşygyň ylalaşma täri.
Baglanyşygyň ýanaşma täri.
Baglanyşygyň eýerme täri.
Sözsoňy kömekçiler arkaly baglanyşyk.
Sözlem – 18 sagat.
Sözlem barada umumy maglumat.
Sözlemleriň aýdylyş intonasiýasy we maksatlary taýdan toparlara bölünişi.
Habar sözlemi. Onuň aýdylyş äheňi, maksady,nygtalýan sözüň habaryň
öň ýanyndan getirilişi.
Sorag sözlemi. Onuň aýdylyş äheňi, maksady. Soragyň äheň hem goşulmalar
arkaly, sorag çalyşmalary arkaly aňladylyşy.
Ýüzlenme sözlemi. Onuň aýdylyş äheňi, maksady.
Sorag-ýüzlenme sözlemi. Onuň aýdylyş äheňi, maksady. Sorag-ýüzlenme
sözlemiň sorag we ýüzlenme sözleminden parhlanyşy. Onuň habarynyň
esasan “-myka, - mikä” goşulmalary arkaly emele gelşi.
Baglanyşykly sözleýiş – 2 sagat.
Äheň (intonasion) taýdan pahlanýan sözlemleriň dürli görnüşleriniň sözleýiş
stiliniň her birinde ulanylyş aýratynlygy.
Sözlem agzalary – 50 sagat.
Sözlemiň baş agzalary.
Sözlemiň eýesi, onuň hyzmaty, soraglary.
Sözlemiň eýesiniň dürli söz toparlaryndan bolup gelşi.
Sözlemiň eýesi bolmak üçin sözüň baş düşümde gelmeginiň hökmanlygy.
Gurluş taýdan eýäniň görnüşleri.
Sada eýe. Goşma eýe.
Sözlemiň habary, onuň hyzmaty, soraglary.
Sada habar. Goşma habar.
Ýöňkemede üýtgemeýän (şahs bildirmeýän) işlik şekilleriniň habar bolup gelşi.
Atlaryň, sypatlaryň, sanlaryň, çalyşmalaryň habar bolup gelşi.
Habaryň eýe bilen sanda hem ýöňkemede ylalaşygy.
Eýe bilen habaryň arasynda kese çyzygyň goýluşy.
Sözlemiň aýyklaýjy agzalary.
Aýyklaýjy agzalaryň pikiri aýdyňlaşdyrmakdaky hyzmaty. Olaryň görnüşleri.
Aýyrgyçlar.
Aýyrgyçlaryň sypatlardan, atlardan, sanlardan, çalyşmalardan, atlaşan işliklerden
bolşy.
Aýyrgyçlaryň görnüşleri.
Eýelik-degişlilik aýyrgyjy.
Sypat aýyrgyjy.
At aýyrgyjy.
San aýyrgyjy.
Işlik aýyrgyjy.
Çalyşma aýyrgyjy.
Wagt aýyrgyjy.
Orun aýyrgyjy.
Hakyndalyk aýyrgyjy.
Meňzetme aýyrgyjy.
Doldurgyçlar.
Doldurgyçlaryň görnüşleri.
Hal-ýagdaý doldurgyjy.
Sebäp-maksat doldurgyjy.
Ýöneliş doldurgyjy.
Ýeňiş doldurgyjy.
Wagt doldurgyjy.
Orun doldurgyjy.
Çykyş doldurgyjy.
Hakyndalyk doldurgyjy.
Meňzetme doldurgyjy.
Sözlemiň deňdeş agzalary - 4 sagat.
Deňdeş agzalaryň deň sintaktik hyzmaty ýerine ýetirişi.
Deňdeş eýeler.
Deňdeş habarlar.
Deňdeş aýyrgyçlar.
Deňdeş doldurgyçlar.
Sözlemiň deňdeş agzalarynyň äheň arkaly baglanyşy, ýazuwda oturyň goýluşy.
Sözlemiň deňdeş agzalarynyň baglaýjy kömekçiler arkaly baglanyşy, dyngy
belgileriň goýluş düzgünleri.
Deňdeş agzalarda jemleýji sözleriň ulanylyşy.
Jemleýji sözüň deňdeş agzalaryň öňünden, soňundan gelşi, olarda dyngy
belgileriň goýluşy.
Sözlem agzasy hasaplanmaýan sözler – 10 sagat.
Giriş sözler, olaryň sözlemde gelýän orny, hyzmaty we ýazuw düzgüni.
Giriş sözler, olaryň hyzmaty, dürs aýdylyş hem ýazylyş düzgünleri.
Ümlükler, olaryň äheň aýratynlyklary, ýazuw düzgüni.
Ýüz tutma sözler, aýdylyş äheňi, ýazuw düzgüni.
Jogap sözler, olaryň özboluşlylygy, ýazuw düzgüni.
Baglanyşykly sözleýiş -2 sagat.
Resmi iş stili. Raýat ýazgylary. Dil hatynyň, ynanç hatynyň ýazylyşy.
Sözlükler bilen amaly iş . Sözlem agzasy hasaplanmaýan sözler hem sözlemler.
Sintaktik derňewler – 2 sagat.
Doly sintaktik derňew hem doly däl sintaktik derňew.
Sözlem agzalaryny aňlatmakda ulanylýan şertli belgiler.
Söz düzüminiň görnüşlerini hem-de ondaky sözleriň baglanyş ýollary.
Many hem grammatik taýdan sözlemleriň häsiýetleri
Tekstde baglanyşyk –8 sagat.
Tekstde mazmun hem grammatik baglanyşyk.
Goşulmalar arkaly baglanyşyk.
Baglaýjy kömekçiler arkaly baglanyşyk.
Sözlemleri baglanyşdyrmakda çalyşmalaryň roly.
Tekstde sözlemler arasyndaky mazmun hem-de grammatik baglanyşyk.
Jemleýji sapak.
Okuw ýylynyň ahyrynda geçilenleri gaýtalamak – 8 sagat.
Okuw materiallary – 124 sagat.
Sözleýşi ösdürmek – 4 sagat.
Diktantlar we ýalňyşlar üstünde iş – 8 sagat.
Jemi -136 sagat.
Okuwçylar 7-nji synpy tamamlanlarynda şu başarnyklary
ele almaly:
I Sözleýiş boýunça başarmaly
1. Söhbetdeşligi guramagy, alyp barmagy, jemlemegi.
2. Erkin söz düzümi bilen durnukly söz düzümini tapawutlandyrmagy.
3. Jemgyýetçilik-syýasy tema degişli adalgalary dogry ulanmagy.
4. Edebi diliň normalaryny berjaý etmegi.
5. Gören, okan we eşiden wakalarynyň esasy mazmunyny gürrüň bermegi.
II Okuw materialy boýunça başarmaly
1. Okalan tekstiň, eseriň temasyny we many-mazmunyny anyklamagy.
2. Erkin söz düzümi bilen durnukly söz düzüminiň, söz düzümi bilen sözlemiň
aratapawudyny bilmegi .
3. Söz düzüminde esasy söz bilen garaşly sözi tapawutlandyrmagy hem-de
olaryň baglanyş tärlerini kesgitläp bilmegi.
4. Aýdylyş äheňi hem-de hyzmaty boýunça habar, sorag, ýüzlenme, sorag-
ýüzlenme sözlemleri tapawutlandyrmagy.
5. Teksti analizlemegi.
6. Tekstden sözlem agzalaryny anyklamagy.
7. Doly däl sintaktik derňew geçirmegi.
III Ýazuw boýunça başarmaly
1. Öwrenilenler boýunca sözlemlerden punktogrammalary tapmagy, olaryň
ýazuw düzgünini düşündirmegi.
2. Sözlem agzalary boýunça sintaktik derňew geçirmegi.
4. Tebigatyň gözel künjegi hakda suratlandyrma häsiýetli tekst ýazmagy.
5. Geçilen temalara laýyklykda öz düzen tekstini kämilleşdirmegi.
6. Teksti analiz etmegi.