Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Orta mekdepleriň IV - XI synplary üçin türkmen...doc
Скачиваний:
47
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
433 Кб
Скачать
☆

IV synp Hepdede – 5 sagat, okuw ýylynda jemi – 170 sagat.

Türkmen dili Türkmenistanyň döwlet dilidir – 1 sagat.

Gaýtalamak üçin temalar – 40 sagat.

Grafika – 10 sagat.

Grafika barada umumy maglumat.

Sesler hem-de harplar, olaryň tapawudy.

Harplar hem-de elipbiý. Harplaryň hyzmaty, görnüşleri we ulanylyşy.

Milli türkmen elipbiýi. Elipbiý tertibi hem-de ony bilmegiň zerurlygy.

Sesleriň aýdylyşynyň ýazuwda görkezilişi.

Sesler – 10 sagat.

Çekimli sesler. Ýogyn çekimliler hem inçe çekimliler.

Dodaklanýan çekimliler hem dodaklanmaýan çekimliler, olar bilen bagly dogry

aýdylyş hem dürs ýazuw düzgüni.

Dar çekimliler hem giň çekimliler. Dar çekimlileriň düşürilip aýdylyşy

we ýazylyşy.

Çekimsiz sesler. Açyk çekimsizler hem dymyk çekimsizler.Dymyk çekimsizleriň

açyga öwrüliş düzgüni.

Söz, goşulma – 10 sagat.

Söz hem-de goşulma.

Goşulmalar, olaryň görnüşleri, söze goşulyş tertibi.

Sözleriň gurluş taýdan bölünişi.

Söz toparlary, olaryň görnüşleri.

Söz düzümi we sözlem – 10 sagat.

Söz düzümleri barada maglumat.

Sözlem.

Sözlemleriň aýdylyşy we many taýdan toparlara bölünişi.

Habar sözlem, sorag sözlem, ýüzlenme sözlem, sorag-ýüzlenme sözlem we olaryň

soňunda goýulýan dyngy belgiler.

Sözlemiň baş we aýyklaýjy agzalary.

Sözlemleriň gurluş taýdan toparlara bölünişi.

Ýönekeý sözlemler. Ýygnak ýönekeý sözlem onda kese çyzygyň goýluşy.

Goşma sözlemler hem-de olarda dyngy belgileriň goýluşy.

FONETIKA WE ORFOGRAFIÝA – 57 sagat.

Fonetika we orfografiýa barada gysgaça maglumat.

Çekimli sesler we olaryň toparlara bölünişi.

Gysga çekimliler hem-de uzyn çekimliler.

Sözleýiş medeniýeti – 1 sagat.

Çekimli sesleriň söz içinde gysga ýa-da uzyn aýdylyşy: [uç – u:ç],

[sagat – sa:gat].

Ýogyn çekimliler hem-de inçe çekimliler.

Söz içinde çekimlileriň ýogynlyk-inçelik sazlaşygy. Bu sazlaşyga eýermeýän

sözler hem goşulmalar, olaryň dürs ýazuw düzgüni.

Dar çekimliler hem-de giň çekimliler.

Dar çekimliler ( y, i, u, ü).

Uzyn aýdylýan dar çekimliler we olaryň dürs ýazuw düzgüni:

[y:, i:] dar çekimlileriniň yzyndan [ý] sesiniň eşidilişi, şonda “ý” harpynyň ýazylýan

hem-de ýazylmaýan ýagdaýlary;

[u:] dar çekimlisiniň yzyndan [w] sesiniň eşidilişi, şonda “w” harpynyň ýazylýan

we ýazylmaýan ýagdaýlary;

[ü:] dar çekimlisinden soň “ý” harpynyň ýazylýan we ýazylmaýan ýerleri.

Gysga aýdylýan dar çekimliler we olaryň düşüp-düşmezlik kadasy:

  1. sözleriň 2-nji bognundaky dar çekimlileriň düşürilişi.

  2. köp bogunly sözleriň soňky bogunlaryndaky dar çekimlileriň ýazuw düzgüni.

  3. dar çekimlileriň düşmek-düşmezlik kadasyna eýermeýän sözler.

4. Dodaklanýan çekimliler hem-de dodaklanmaýan çekimliler.

Dodak çekimliler (o, ö, u, ü). Dodaklanma sazlaşygy.

Dar dodak çekimlileriň (u, ü) ýazuw düzgüni.

Giň dodak çekimlileriň (o, ö) ýazuw düzgüni.

Dodaklanma sazlaşygyna eýermeýän sözler hem-de goşulmalar, olaryň dürs ýazuw

düzgüni.

Sözleýiş medeniýeti –1 sagat.

1-nji bognunda dodak çekimli gelen köp bogunly sözler. Olaryň dürs aýdylyşy.

Sözlükler bilen amaly iş.

Çekimli sesleriň dürs aýdylyş aýratynlyklarynyň orfoepik sözlükde görkezilişi.

Çekimli harplaryň dürs ýazylyş kadalarynyň orfografik sözlükde berlişi.

Çekimsiz sesler.

Çekimzisleriň toparlara bölünişi.

Dymyk çekimsizler hem-de açyk çekimsizler.

Açyklaşma. Dymyk “ç, k, p, t” sesleriniň açyk “j, g, b, d” taýlaryna öwrülişi.

Açyklaşmanyň “r, ý ” çekimsizleriniň täsiri bilen ýüze çykmagy.

Açyklaşmanyň dürs ýazuw düzgünleri.

Çekimsiz sesleriň düşürilip aýdylyşy, onuň ýazuw düzgüni.

Çekimsiz sesleriň artdyrylyp aýdylyşy, onuň ýazuw düzgüni.

Meňzeşleşme (assimilýasiýa). Çekimsizleriň söz içinde hem -de söz düzüminiň

sepgidinde döreýän meňzeşleşmesi, olaryň ýazuw düzgüni.

Sözlük bilen amaly iş.Çekimsiz sesleriň dürs aýdylyş aýratynlyklarynyň

orfoepik sözlükde görkezilişi.Çekimsiz sesleriň sözde dürs ýazylyş düzgünleriniň

orfografik sözlükde bellenişi.

Fonetik derňew.

Doly däl fonetik derňew.

Çekimliler hem çekimsizler bilen baglanyşykly jemleýji sapak.

Baglanyşykly sözleýiş - 2 sagat.

Tekst. Sözlemleriň many hem grammatik taýdan baglanyşyp, teksti emele

getirişi.Sözbaşy.Tekstiň bölekleri.Berlen tekstiň temasyny anyklamak.

Bogun – 6 sagat.

Bogun, bogunlaryň görnüşleri: açyk bogun, ýapyk bogun.

Bogun galyplary. Sözüň bogun gurluşynyň özgermegi. Söz ortasyndaky

bognuň diňe çekimsiz bilen başlanmagy.

Sözleri bogna bölmek. Sözleri bogunlara bölüp, bir setirden beýleki setire

geçirmek.

Tirkeş sözleriň hem-de ownuk bölekli sözleriň bogna bölünişi.

Sözi setirden setire geçirmek bilen baglanyşykly ýumuşlar.

Basym – 4 sagat.

Söz basymy we onuň hyzmaty.Basymyň ornunyň üýtgemeginiň söz manysyna

edýän täsiri.

Basymy öz üstüne geçirmeýän goşulmalar hem-de bölekler.

Säginme – 3 sagat.

Säginme (pauza) barada maglumat. Onuň sözleýişdäki ähmiýeti.

Säginme we dyngy belgiler.

Doly fonetik derňew.

Söz basymyny, äheňi, säginmäni bellemek, sözüň bogun gurluşyny kesgitlemek,

onuň çekimlilerini we çekimsizlerini häsiýetlendirmek.

Jemleýji sapak.

Tekst – 5 sagat.

Tekst , onuň görnüşleri. Tekstiň esasy alamatlary: temasy, many-mazmuny,

bölekleri, olaryň biri-birine baglanyşygy.

LEKSIKA – 38 sagat.

Türkmen diliniň leksikasy.

Ene dilimiziň sözlük düzümini baýlaşdyrýan çeşmeler:

1.Diliň içki serişdeleriň hasabyna baýlaşmagy:

Sesleriň çalşyrylmagy arkaly täze sözleriň ýasalyşy;

Goşulmalar arkaly täze sözleriň ýasalyşy;

Sözleriň goşulmagy, tirkeşmegi arkaly täze sözleriň ýasalyşy;

Sözleriň täze manylarda ulanylmagy - söz ýasalyşyň bir görnüşi hökmünde .

2.Dilimiziň başga dillerden geçen sözleriň hasabyna baýlaşmagy:

Arap, pars, rus asylly sözler; Ýewropa dillerinden alnan sözler hem-de halkara

adalgalar.

Täze sözler.

Könelişen sözler.

Umumyhalky sözler we çäkli ulanylýan sözler: şiwe sözleri, kesp-kär sözleri,

adalgalar.

Sözleýiş medeniýeti – 1 sagat.

Sözüň leksik manysy.

Bir manyly we köp manyly sözler. Sözleriň göçme manylarda ulanylyşy.

Söz manylarynyň tekstde takyklanyşy.

Manysy ýakyn sözler (sinonimler), olaryň görnüşleri. Sinonimleriň ulanylyşy we

ähmiýeti.

Garşylykly manyly sözler (antonimler), olaryň görnüşleri, ulanylyş aýratynlygy.

Sesdeş sözler (omonimler), olaryň görnüşleri, ulanylyş aýratynlygy.

Frazeoligiýa hakynda umumy maglumat.

Durnukly söz düzümleri.

Sözlükler we olaryň görnüşleri.

Lingwistik sözlükler.

Orfoepik sözlük.

Orfografik sözlük.

Düşündirişli sözlük.

Frazeologik sözlük.

Terjime sözlükleri.

Sözlükler bilen amaly iş.

Leksik derňew – 1 sagat.

Testiň derňewi - 1 sagat.

Jemleýji sapak – 1 sagat.

Okuw ýylynyň ahyrynda geçilenleri gaýtalamak – 8 sagat.

Okuw materiallary – 152 sagat,

sözleýşi ösdürmek – 6 sagat,

diktantlar we ýalňyşlar üstünde iş – 12 sagat.

Jemi -170 sagat.

Okuwçylar 4-nji synpy tamamlanlarynda şu başarnyklary

ele almaly:

I Sözleýiş boýunça başarmaly

1. Dürli temalar boýunça söhbetdeş bolmagy.

2. Geçilen dil materiallaryndan degişli orfogrammalary tapmagy.

3. Sözleriň dogry ýazylyşyna degişli düzgünleri düşündirmegi.

4. Maglumatlary almak üçin degişli soragy berip bilmegi.

5. Gören, eşiden wakalary we okan eseriniň esasy mazmunyny gürrüň berip

bilmegi.

6. Gozgalýan meselä degişli öz pikirini düşündirip, subut edip bilmegi.

7. Söhbeti umumylaşdyrmagy, jemlemegi.

II Okuw materialy boýunça başarmaly

1. Bogun görnüşlerine häsiýetnama bermegi, söz böleklerini setirden setire

dogry geçirmegi.

2. Edebi diliň orfoepik normalaryny bilmegi.

3. Aýdylyş äheňi boýunça sözlem görnüşlerini düzmegi, olarda säginmäni

dogry ulanmagy.

4. Teksti dogry, labyzly, çalt okamagy we oňa düşünmegi.

5.Tekstiň temasynyň esasy many-mazmunyny anyklap bilmegi.

6. Doly hem doly däl fonetik derňewleri geçirmegi.

III Ýazuw boýunça başarmaly

1. Sözlemlerden orfogrammalary tapmagy.

2. Gören, eşiden wakasyny, okan tekstini ýazuw arkaly beýan etmegi.

5. Suratlandyrma görnüşli tekst düzmegi.

6. Orfoepik, orfografik normalary berjaý etmegi.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]