Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Orta mekdepleriň IV - XI synplary üçin türkmen...doc
Скачиваний:
4
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
433.15 Кб
Скачать

VI synp

Hepdede – 4 sagat, okuw ýylynda jemi – 136 sagat.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi mirasymyz

hakyndaky aýdanlary - 1 sagat.

Gaýtalamak üçin temalar – 4 sagat.

Dodak çekimlileriň dürs aýdylyş hem-de dürs ýazylyş kadalary.

Dar çekimlileriň düşüp-düşmezlik häsiýeti.

Çekimsiz sesler, dymyklaryň açyga öwrülişi we öwrülmeýşi.

Atlarda degişliligiň aňladylyşy.

Sypat derejeleri.

Sanlaryň ýazuw düzgüni.

SÖZ TOPARLARY (dowamy)

Çalyşmalar – 20 sagat

Çalyşmalar. Çalyşmalaryň beýleki söz toparlaryndan tapawutlanyşy, olaryň at,

sypat, san hyzmatynda ulanylyşy.

Çalyşmalaryň many aýratynlyklary.

Çalyşmalaryň many toparlary.

At çalyşmalary: men, sen, ol, biz, siz, olar. Bularyň semantik hem-de

morfologik aýratynlyklary. At çalyşmalarynyň düşüm bilen üýtgeýşi.

Sorag çalyşmalary: kim, näme, nire, näçe, haçan, haýsy.

Nämälim çalyşmalar: neme, pylany, kimse, kimde-kim, biri. Olaryň köplük,

degişlilik, düşüm goşulmalary bilen üýtgäp, at hyzmatynda ulanylyşy.

Özlük çalyşma: öz. Onuň köplük, degişlilik goşulmalaryny kabul edip,

at hyzmatynda ulanylyşy. “Özüm, özüň, özi, özümiz, özüňiz, özleri” sözleriniň

düşümde üýtgeýşi.

Görkezme çalyşmalary: bu, şu, ol, şol; olaryň ulanylyş aýratynlyklary. Bu

çalyşmalaryň söýgülik, köplük, degişlilik goşulmalaryny kabul edip, sözlemde at

hyzmatyny ýerine ýetirişi. Görkezme çalyşmalarynyň düşümde üýtgeýşi.

Sypatlyk we ýokluk çalyşmalary. “Her, hiç” sözleriniň degişlilik goşulmalaryny

kabul edip, at hyzmatyny ýerine ýetirişi. “Herimiz, heriňiz, hersi, hijimiz, hijiňiz,

hiçisi” sözleriniň düşümde üýtgeýşi.

San çalyşmalary: bütin, hemme, ähli, barça, külli, tükel, telim, ençe, birnäçe.

San çalyşmalarynyň morfologik aýratynlyklary, atlaşmak häsiýeti, ýazuw düzgüni.

Baglanyşykly sözleýiş – 2 sagat.

Hekaýa etme häsiýetli tekst, onuň häsiýetli alamatlary.

Çalyşmalaryň sözlemdäki hyzmaty.

Çalyşmalaryň sözlemiň baş agzalary bolup gelşi.

Çalyşmalaryň aýyrgyç bolup gelşi.

Çalyşmalaryň doldurgyç bolup gelşi.

Sözlemler arasynda baglanyşyk döretmekde çalyşmalaryň ähmiýeti.

Doly däl morfologik derňew – 1 sagat.

Asyl söz bilen goşulmany tapawutlandyrmak, düýp sözüň çägini hem-de haýsy söz

toparyna degişlidigini kesgitlemek.

Işlikler – 50 sagat.

Işlikler, olaryň soraglary.Işlikleri beýleki söz toparlaryndan tapawutlandyrýan

aýratynlyklar.

Işlikleriň many aýratynlyklary.

Gymyldy-hereket bildirýän hem-de hereket düşünjesini aňladýan işlikler.

Täsirini geçirýän işlikler hem-de täsirini geçirmeýän işlikler.

Işlikleriň gurluş aýratynlyklary.

Işlikleriň gurluş taýdan toparlara bölünişi.

Asyl düýp işlik bilen ýasama düýp işligiň tapawudy.

Ýasama işlikler,olaryň goşulmalar arkaly ýasalyşy.

Işligiň işlikden, atdan, sypatdan, sandan ýasalyşy.

Goşma işlikler, olaryň ýazuw düzgüni.

Tirkeş işlikler, olaryň ýazuw düzgüni.

Sözlükler bilen amaly iş. Düşündirişli sözlükden asyl, ýasama,goşma işliklere

degişli mysallary tapmak.

Işlik derejeleri.

Işligiň düýp derejesi.

Işligiň şäriklik derejesi.

Işligiň ýükletme derejesi.

Işligiň özlük derejesi.

Işligiň gaýdym derejesi.

Dereje ýasaýjy goşulmalaryň goşulyş yzygiderliligi.

Sözleýiş medeniýeti.

Işligiň gaýdym derejesi bilen özlük derejesiniň goşulmalarynyň meňzeşligi, olary

tapawutlandyrmak, olaryň sözlemdäki hyzmatyny anyklamak.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]