Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Orta mekdepleriň IV - XI synplary üçin türkmen...doc
Скачиваний:
4
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
433.15 Кб
Скачать

V synp Hepdede – 5 sagat, okuw ýylynda jemi – 170 sagat.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň dilleri öwrenmek

baradaky sargytlary– 1 sagat.

Gaýtalamak üçin temalar – 12 sagat.

Sözlerde sesleriň dogry aýdylyşyny transkripsiýa arkaly bellemek.

Çekimli sesleriň ýogynlyk-inçelik taýdan sazlaşygy we oňa eýermeýän sözler

hem-de goşulmalar.

Çekimli sesleriň dodak sazlaşygy, oňa eýermeýän sözler hem-de goşulmalar.

Dar çekimlileriň düşüp-düşmezlik häsiýeti, onuň dogry aýdylyş hem-de dürs ýazuw

düzgünleri.

Dymyk çekimsizleriň açyga öwrülýän we öwrülmeýän ýagdaýlary bilen

baglanyşykly orfoepik hem orfografik normalar.

Diliň sözlük düzümini baýlaşdyrýan çeşmeler.

Sözüň bir manylylyk hem-de köp manylylyk we göçme manylylyk häsiýeti.

Baglanyşykly sözleýiş – 4 sagat.

Tekst.

Tekstiň meýilnamasy.

Sözlükler bilen amaly iş.

Fonetik we leksik derňewler.

Morfologiýa

Morfologiýa grammatikanyň sözleriň morfema gurluşyny we söz toparlarynyň

aýratynlyklaryny öwredýän bölümi hökmünde – 1 sagat.

Söz we goşulmalar barada düşünje – 10 sagat.

Goşulmalar, olaryň görnüşleri.

Söz ýasaýjy goşulmalar, olaryň täze sözleri ýasamakdaky hyzmaty.

Baglanyşykly sözleýiş – 2 sagat.

Suratlandyrma häsiýetli tekstiň aýratynlyklary.

Sözleriň goşulmalar arkaly ýasalyşy.

Sözleriň gurluş taýdan görnüşleri: sada sözler, asyl düýp söz; ýasama düýp söz;

goşma, tirkeş we gysgaldylan düýp söz.

Sada sözler.

Asyl düýp söz.

Ýasama düýp söz.

Goşma sözler.

Gysgaldylan sözler, olaryň aýratynlyklary , olara goşulma goşulyşy, ýazuw

düzgüni.

Tirkeş sözler, olaryň ýazuw düzgüni.

Morfologik derňew – 4 sagat.

Morfologik derňewiň doly hem doly däl görnüşi.

Doly däl morfologik derňew. Sözi ýasalyşy taýdan derňemek.

SÖZ TOPARLARY

Özbaşdak many aňladýan söz toparlary hakynda umumy maglumat – 2 sagat.

Atlar – 56 sagat.

Atlar, olaryň soraglary, beýleki söz toparlaryndan tapawutlandyrýan

alamatlary.

Atlaryň many aýratynlyklary.

Has atlar. Has atlaryň görnüşleri.

Adam atlary, lakamlar, tahalluslar.

Geografik atlar we astronomik atlar.

Haýwanlara dakylýan atlar.

Edara-kärhana, orden-medal atlary, daýhan birleşikleriniň, gazet-žurnallaryň,

kitaplaryň hem-de onuň bölümleriniň, makalalaryň atlary, olaryň goşa dyrnaga

alnyp ýa-da alynman ýazylyşy.

Jyns atlar. Jyns atlaryň görnüşleri.

Jyns adyň has ada, has adyň jyns ada geçişi.

Atlaryň gurluş aýratynlyklary.

Atlaryň gurluş taýdan toparlara bölünişi.

Asyl atlar hem-de ýasama atlar.

Ýasama atlaryň görnüşleri.

Atlaryň goşulmalar arkaly ýasalyşy. Adyň atdan, işlikden, sypatdan, çalyşmadan

hem-de sandan ýasalyşy.

Goşma atlar, olaryň ýazuw düzgüni.

Tirkeş atlar, olaryň ýazuw düzgüni.

Gysgaldylan atlar, olaryň ýazuw düzgüni.

Sözlükler bilen amaly iş. Düşündirişli sözlükden goşma hem tirkeş atlary tapmak.

Atlaryň grammatik aýratynlyklary.

Atlarda söýgüligiň aňladylyşy.

Söýgüligiň goşulmalar arkaly aňladylyşy.

Söýgülik aňladýan “-jyk, -jik, -jagaz” goşulmalary.

Garyndaşlyk aňladýan “ata, ene, kaka, eje, aga, daýy, daýza” hem-de “guzy,

köşek, iner, maýa, keýik, jan” ýaly sözleriň söýgülik aňladyp gelşi.

Atlarda köplügiň aňladylyşy.

Köplügiň “-lar/, -ler, -lyk,-lik, -çylyk,-çilik” goşulmalary arkaly aňladylyşy.

Köplügiň sanlar arkaly aňladylyşy, ýazuw düzgüni.

Adyň yzyndan “dagy” sözüni getirmek arkaly köplügiň aňladylyşy, ýazuw

düzgüni.

Atlary tirkeşdirmek arkaly köplügiň aňladylyşy, ýazuw düzgüni.

Söýgülik hem köplük goşulmalaryny kabul eden atlaryň gepleşikde we ýazuwda

ulanylyşyna degişli berkidiji ýumuşlar.

Atlarda degişliligiň aňladylyşy, ýöňkemeler.

Degişlilik düşünjesi. Zadyň bir şahsa ýa-da köpçülige degişlidigini bildirýän

goşulmalar.

Atlaryň degişlilik goşulmalary.

Degişliliň birliginiň hem-de köplüginiň goşulmalary, ýazuw düzgünleri.

Degişlilik goşulmalarynyň ulanylyşyna degişli berkidiji ýumuşlar.

Atlarda düşüm goşulmalary.

Düşümler, olaryň manysy we hyzmaty.

Baş düşüm.

Baş düşümiň soraglary, ýerine ýetirýän hyzmaty.

Eýelik düşüm.

Eýelik düşümiň soraglary, goşulmalary, manysy,ýerine ýetirýän hyzmaty.

Eýelik düşümdäki atlaryň goşulmaly hem goşulmasyz ulanylyşy.

Eýelik düşümde gelen sözleriň ýazuw düzgüni.

Ýöneliş düşüm.

Ýöneliş düşümiň soraglary, goşulmalary, manysy,ýerine ýetirýän hyzmaty.

Ýöneliş düşümiň ulanylyş aýratynlygy.

Ýöneliş düşümde gelen sözleriň ýazuw düzgüni.

Ýeňiş düşüm.

Ýeňiş düşümiň soraglary, goşulmalary, manysy,ýerine ýetirýän hyzmaty.

Ýeňiş düşümiň goşulmaly hem-de goşulmasyz aňladylyşy.

Ýeňiş düşüm goşulmalaryny kabul eden sözleriň ýazuw düzgüni.

Wagt-orun düşüm.

Wagt-orun düşümiň soraglary, goşulmalary, manysy, ýerine ýetirýän hyzmaty.

Wagt-orun düşümiň “-nda,-nde” goşulmasy, onuň goşulyş özboluşlylygy.

Wagt-orun düşümde gelen sözleriň ýazuw düzgüni.

Çykyş düşüm.

Çykyş düşümiň soraglary, goşulmalary, manysy, ýerine ýetirýän hyzmaty.

Çykyş düşümiň “-nda,-nde” goşulmasy, onuň goşulyş özboluşlylygy.

Çykyş düşümde gelen sözleriň ýazuw düzgüni.

Düşüm goşulmalarynyň ulanylyşyna degişli berkidiji ýumuşlar.

Doly däl morfologik derňew.

Atlaryň sözlemdäki hyzmaty.

Baş düşümdäki atlaryň sözlemiň baş agzalary bolup gelşi.

Eýelik düşümdäki atlaryň eýelik-degişlilik aýyrgyjy bolup gelşi.

Ýöneliş, ýeňiş, wagt-orun we çykyş düşümlerdäki atlaryň degişlilikde

ýöneliş,ýeňiş, orun, wagt, çykyş doldurgyçlary bolup gelşi.

Atlaryň ulanylyşy boýunça jemleýji sapak.

Baglanyşykly sözleýiş – 2 sagat.

Çeper tekstiň dil aýratynlygy.

Sypatlar – 26 sagat.

Sypatlar, olaryň soraglary. Sypatlaryň beýleki söz toparlaryndan tapawutly

taraplary.

Sypatlaryň many aýratynlyklary.

Reňk,tagam, göwrüm-möçber, gylyk-häsiýet, hil-ýagdaý, wagt, orun aňladýan

sypatlar.

Baglanyşykly sözleýiş – 2 sagat.

Iş stili, onuň aýratynlyklary,ulanylýan ýerleri.

Hil sypatlar hem-de otnositel sypatlar, olary biri-birinden tapawutlandyrmak.

Hil sypatlar we onuň görnüşleri.

Sypatlarda hil derejesiniň aňladylyşy.

Sypatlaryň düýp derejesi.

Sypatlaryň artyklyk derejesi.

Sypatlaryň kemlik derejesi.

Sypatlaryň kiçeltme-söýgülik derejesi.

Sypat derejeleriniň ýazuw düzgünleri.

Otnositel sypatlar, olaryň aňladýan manylary.

Alynma sypatlar. Alynma sözlerden otnositel sypatlaryň ýasalyşy, olaryň ýazuw

düzgüni.

Baglanyşykly sözleýiş – 2 sagat.

Sözleýşiň publisistik stiliniň aýratynlygy.

Sypatlaryň gurluş aýratynlyklary.

Sada sypatlar, olaryň asyl sypatlar hem-de ýasama sypatlar diýlip bölünişi.

Ýasama sypatlaryň görnüşleri.

Goşulmalar arkaly ýasalan sypatlar: olaryň işlikden, atdan, sandan ýasalyşy.

Sypat ýasaýjy sözöňi “bet-,bed-,bi-, nä-” goşulmalary, olaryň ýazuw düzgüni.

Tirkeş sypatlar, olaryň ýazuw düzgüni.

Goşma sypatlar, olaryň ýazuw düzgüni.

Sypatlaryň sözlemdäki hyzmaty.

Sypatlaryň atlary aýyklap, sypat aýyrgyjy bolup gelşi.

Sypatlaryň işlikleri aýyklap, hal hyzmatynda gelşi.

Sypatlaryň atlaşmak häsiýeti, olaryň söýgülik, köplük, degişlilik, düşüm

goşulmalaryny kabul edişi.

Sypatlaryň eýe hem-de habar hyzmatynda ulanylyşy.

Sypatlaryň morfologik derňewi.

Sypatlaryň ulanylyşy boýunça jemleýji sapak.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]