Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Turkmen edebiyaty - Türkmen dilinde okadylýan m...doc
Скачиваний:
28
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
572.42 Кб
Скачать

Dünýä edebiýatyndan nusgalar – 22 sagat.

«Müň bir gije». Arap ertekileri. «Deňizde gezen Sindbad hakynda hekaýat» (2-nji syýahat) – 2 sagat.

Sindbadyň syýahatlary, dünýäniň geň-taň zatlaryny görşi, onuň bilesigelijiligi.

Berdimyrat Berdak, garagalpak şahyry. «Halk üçin» goşgusy – 1 sagat.

Goşguda watançylygyň, ynsanperwerligiň wasp edilişi. Şahyryň bagtly durmuş baradaky arzuwy.

Magtymguly we Berdak.

Iwan Andreýewiç Krylow, rus şahyry. Basnýalar – 2 sagat.

«Kwartet», «Guw, balyk we leňňeç», «Teneçir bilen garynja».

Bu basnýalarda saz çalmak üçin ony öwrenmegiň ýa-da bir işi başlanyňda, oňa agzybir ýapyşmagyň zerurlygy, ýalta adamyň elmydama aç galjakdygy baradaky pikirler.

Eduard Nikolaýewiç Uspenskiý, rus ýazyjysy. «Krokodil Gena we onuň dostlary». Powestden bölekler – 3 sagat.

Krokodil Gena we onuň dostluk öýüni açyşy. Olaryň birek-birege kömek edilişi. Žirafyň ýaňralygy. Maýmynjygyň sagady ýuwutjak bolşy. Bezzat we ikilikçi oglanlar baradaky pikirler.

Alekseý Nikolaýewiç Tolstoý, rus ýazyjysy. «Altyn açarjyk ýa-da Buratinonyň başyndan geçirenleri» - 2 sagat.

Bir bölek agaçdan ýasalan Buratino atly oglanjygyň mekdebe gidişi, onuň ýolda aldawçy pişige, mekir tilkä duşup, pullaryny aldyryşy we ahyrsoňy hakyky dostlarynyň kömegi bilen dogry ýola düşüşi hakdaky täsin wakalaryň beýany.

Gans Hristian Andersen, daniýa ýazyjysy. Ertekiler – 3 sagat.

«Betnyşan ördejik», «Ýabany guwlar». Ertekilerde adamkärçilik meseleleriniň goýluşy. Doganlaryň biri-birini gowy görşi we olaryň adalat üçin göreşi. Hak işiň, ýagşylygyň dabaralanmagy.

Erih Raspe, nemes ýzyjysy. «Mýunhauzeniň başyndan geçirenleri» - 2 sagat.

Baron Mýunhauzen – XVIII asyrda ýaşap geçen adam. Ol – pähimli gürrüňçi, hekaýatçy. Onuň Aýa çykyşy, üç aýakly adamlaryň arasynda bolşy, ägirt balygyň ony ýuwduşy baradaky gürrüňler. Mýunhauzeniň ruhubelentligi, ugurtapyjylygy.

Wiktor Gýugo, fransuz ýazyjysy. «Kozetta» («Biçäreler» romanyndan bölek) – 3 sagat.

W. Gýugo – ynsanperwer ýazyjy. «Biçäreler» atly romanyň baş gahrymany Žan Walžanyň Kozetta atly ýetim galan gyzjagaza howandarlyk edişi.

Mark Twen, amerikan ýazyjysy. «Tom Soýeriň başdan geçirenleri» - 3 sagat.

Romanda Tom atly oglanjygyň durmuşy, onuň dostlary we olaryň oýunlarynyň beýany. Tom we Geklberri Finniň dostlugy. Çagalygyň ajaýyp, gaýtalanmajak sahypalarynyň suratlandyrylyşy.

Edebiýat teoriýasy. Edebiýatda durmuş hakykaty we hyýalylyk.

Dünýä edebiýatyndan nusgalar boýunça öwrenilenleri jemlemek we umumylaşdyrmak – 1 sagat.

Eserleri öwrenmek üçin – 76 sagat.

Labyzly okuw we sözleýiş dilini ösdürme sapaklary – 10 sagat.

Beýannama ýazmak – 6 sagat.

Okuwçylaryň özbaşdak okan eserleri boýunça gürrüňdeşlik sapaklary –

10 Sagat.

Ýatdan öwrenmek üçin hödürlenýän eserler:

Gurbanguly Berdimuhamedow. «Älem içre at gezer» romanyndan bölekler.

Matallardan, tapmaçalardan, ýaremezanlardan, sanawaçlardan,

ýaňyltmaçlardan, lälelerden, hüwdülerden, nakyllardan nusgalar.

Magtymguly Pyragy. «Ýeli Gürgeniň».

Kemine. «Içmek».

Seýitnazar Seýdi. «Dönmenem, begler!»

Gurbandurdy Zelili. «Watanym, seni!»

Mollanepes. «Aňsa».

H. Kulyýew. «1946».

I. Nuryýew. «Täjikertikler»

K. Ylýasow. «Daýhan häsiýeti».

Sapakdan daşary okamak üçin hödürlenýän eserler:

Gurbanguly Berdimuhamedow. «Älem içre at gezer» romanyndan bölekler.

Türkmen halk ertekileri. Mekdep kitaphanasy. – Aşgabat, 2011.

Görogly. – Aşgabat, 2002.

Küştdepmeler. – Aşgabat, 1979.

Magtymguly. Goşgular. – Aşgabat, 2011.

Kemine. Goşgular. – Aşgabat, 2011.

Seýitnazar Seýdi. Goşgular. – Aşgabat, 2011.

Gurbandurdy Zelili. Goşgular. – Aşgabat, 2011.

Mollanepes. Goşgular. – Aşgabat, 2011.

H. Kulyýew. «Säher salamy». Goşgular we poemalar. – Aşgabat, 2011.

A. Tagan. „Uruş haçan gutarýar“ hekaýalar, Aşgabat, 1976.

Müň bir gije. Arap ertekileri. – Aşgabat, 1978.

W. Gýugo. Kozetta. – Aşgabat, 1955.

Mark Twen. Tom Soýeriň we Geklberri Finniň başdan geçirenleri. – Aşgabat,

1989.

Dünýä edebiýatyndan nusgalar. – Aşgabat, 2007.