Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Turkmen edebiyaty - Türkmen dilinde okadylýan m...doc
Скачиваний:
307
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
572.42 Кб
Скачать

IV synp – 102 sagat

Giriş – 1 sagat.

Edebiýat okuw dersiniň maksady, onuň ähmiýeti.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeniýet we edebiýat baradaky pähim-paýhaslary.

Türkmen halk döredijiligi – 19 sagat

Türkmen halk döredijiligi barada düşünje – 1 sagat.

Türkmen halk döredijiliginiň ertekiler, nakyllar, matallar we beýleki görnüşleri boýunça başlangyç synplarda öwrenilenleri umumylaşdyrmak.

Türkmen halk ertekileri – 8 sagat.

«Dört dost». Ertekide dostlugyň güýji. Ynsanlary dostlaşdyrýan gowy gylyk-häsiýetler hakynda gürrüň.

«Akylly Ahmet». Ertekiniň durmuş esasy. Halal zähmetiň höziri. Ahmediň zähmetsöýerligi, ugurtapyjylygy.

«Ýüz tylla». Ertekide dogruçyllyk, bilime, sowatlylyga, sungata goýulýan sarpa.

«Akpamyk». Ertekide halkylyk. Akpamygyň işeňňirligi, doganlaryny eý görmegi, edermenligi, ynsan bilen haýwanyň dostlugy, ene süýdüniň gudraty, adalatyň dabaralanmagy.

«Hudaýberdi gorkak we tilki». Ertekiniň durmuş esasy. Ertekide sada, ynsanperwer, zähmetsöýer ynsanyň keşbiniň üsti bilen ynsan akylynyň - hakykatyň üstün çykmagy.

Hüwdüler – 2 sagat.

Hüwdüler barada düşünje. Olarda enäniň çaga bolan söýgüsi we çaganyň geljegi baradaky arzuwlary.

Nakyllar – 2 sagat.

Nakyllar barada düşünje. Nakyllarda Watan, dostluk, agzybirlik, ahlaklylyk, zähmetsöýerlik hem bilim, terbiýe barada aýdylýan parasatly pikirler. Nakyllaryň asyl hem-de göçme manylary, terbiýeçilik ähmiýeti.

Ýaňyltmaçlar – 1 sagat.

Ýaňyltmaçlar barada düşünje. Ýaňyltmaçlaryň ýatkeşligi, dilewarlygy ösdürmekdäki ähmiýeti.

Matallar – 2 sagat.

Matallar barada düşünje. Ýaşlaryň pikirleniş, akyl ýetiriş ukybyny ösdürmekde matallaryň ähmiýeti.

Tapmaçalar – 1 sagat.

Tapmaçalar barada düşünje. Tapmaça bilen matalyň aýratynlygy. Tapmaçanyň akyl-paýhasy, pikirlenişi ösdürmekdäki ähmiýeti.

Ýaremezanlar – 1 sagat.

Ýaremezanlar barada düşünje. Olaryň ýerine ýetirilýän wagty.

Ýaremezanlaryň durmuş bilen baglanyşygy.

Sanawaçlar – 1 sagat.

Sanawaçlar barada düşünje. Sanawaçlaryň aýdylyşy, ähmiýeti.

Ýazyjy-şahyrlar tarapyndan türkmen halk döredijiligi eserleriniň

Işlenilişi – 7 sagat.

Berdi Kerbabaýew. «Japbaklar» - 2 sagat.

Berdi Kerbabaýewiň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.

«Japbaklar» eseri. Eseriň halk ertekisi esasy. Doganlar – Japbak, Ýapbak, Mapbak, Topbak. Olaryň keşpleriniň watansöýüjilik, il-günüň bähbidini goramak ýaly häsiýetleriniň üsti bilen berlişi. Eserlerde gülküli wakalar, degişmeler.

Aman Kekilow. «Küýze we tilki» ertekisi – 2 sagat.

Aman Kekilowyň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.

«Küýze we tilki» ertekisi. Tilkiniň men-menligi we mekirligi. Möjegiň ynanjaňlygy. Eseriň çeperçiligi.

Ata Salyh. Basnýalar – 2 sagat.

Ata Salyhyň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.

«Ýolbars we tilki». Eserde mekirlik, aldawçylyk, göterimlik, öwünjeňlik ýaly häsiýetleriň tilkiniň keşbiniň üsti bilen ýazgarylyşy.

«Şagal bilen horaz». Eserde şagal bilen horazyň keşbi. Hilegärligiň akyl-paýhas bilen göreşi.

Edebiýat teoriýasy. Basnýa barada düşünje. Onuň ertekä çalymdaşlygy.

Türkmen halk döredijiligi boýunça öwrenilenleri jemlemek we

umumylaşdyrmak – 1 sagat.