Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Turkmen edebiyaty - Türkmen dilinde okadylýan m...doc
Скачиваний:
307
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
572.42 Кб
Скачать

8 Sagat.

Sözleýiş dilini ösdürme sapaklary – 8 sagat.

Ýatdan öwrenmek üçin hödürlenýän eserler:

Magtymguly. «Ýeli Gürgeniň», «Durasyň geler», «Il ýagşy», «Bolarsen»,

«Paş eder seni», «Ajap eýýam gelmedi», «Gözel sen», «Gülzardan

aýryldym».

Şabende. «Dört gözel», «Tylla, seniň yşkyňda!».

Şeýdaýy. «Gözel ýigrimi bäş», «Saýran tillerim».

Magrupy. «Watanym galdy».

Gaýyby. «Gelende bardyr».

Mämmetweli Kemine. «Janyň barynda», «Gelinler».

Seýitnazar Seýdi. «Dönmenem, begler!», «Görülsin imdi!»

Gurbandurdy Zelili. «Watanym, seni!», «Ýagşydyr».

Mollanepes. «Haýrana galar», «Nazar kylsa dişleriňe».

Annagylyç Mätäji. «Onda bar», «Elden gider».

Sapakdan daşary okamak üçin hödürlenýän eserler:

Gurbanguly Berdimuhamedow. «Älem içre at gezer». – Aşgabat, 2011.

Döwletmämmet Azady. Wagzy-azat. – Aşgabat, 1982.

Magtymguly. Şygyrlar. Üç tomluk. I tom. – Aşgabat, 1992.

Magtymguly. Şygyrlar. Üç tomluk. II tom. – Aşgabat, 1994.

Şabende. Gül – Bilbil. – Aşgabat, 1963.

Şeýdaýy. Goşgular. – Aşgabat, 1978.

Şeýdaýy. Türkmeniň ahwaly. – Aşgabat, 1993.

Magrupy. Dessanlar. – Aşgabat, 1982.

Magrupy. Döwletýar. – Aşgabat, 1984.

Magrupy. Ýusup – Ahmet. – Aşgabat, 1985.

Seýdi. Goşgular. – Aşgabat, 1975.

Kemine. Goşgular. – Aşgabat, 1975.

Zelili. Goşgular. – Aşgabat, 1982.

Mollanepes. Eserleriniň bir tomlugy. – Aşgabat, 1961.

Annagylyç Mätäji. Goşgular. – Aşgabat, 1978.

R. Tagor. Heläkçilik. – Aşgabat, 1958.

M.Ý.Lermontow. Biziň zamanamyzyň gahrymany. – Aşgabat, 1953.

W.Gogol. eserler toplumy. IV tom. – Aşgabat, 1956.

Onore de Balzak. Husyt Gobsek. – Aşgabat, 1978.

G. Geýne. Goşgular we poemalar. – Aşgabat, 1958.

J.G.Baýron. «Korinf gabawy».// «Edebiýat we sungat» gazeti, 23.01.1963.

J.London. Meksikaly. Hekaýalar. – Aşgabat, 1957.

X synp – 68 sagat.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow edebiýat

we edebiýat ylmyny ösdürmek barada – 1 sagat.

XX asyr türkmen edebiýaty (1991-nji ýyla çenli) -48 sagat.

XX asyryň başyndaky (20-30-njy ýyllary) türkmen edebiýaty – 1 sagat.

Döwletmämmet Balgyzyl, Molladurdy, Baýram şahyr, Körmolla (Suhan Öwezberdi), Durdy Gylyç. Bu şahyrlaryň eserlerinde gozgalýan meseleleriň esasan öz döwrüniň gündelik wakalary, hadysalary bilen baglanyşykly bolmagy. Goşgularda gündelik durmuşdaky ýaramaz hadysalaryň satiriki we ýumoristik äheňde beýan edilmegi.

B. Kerbabaýew, G. Burunow, A. Gulmuhammedow, A. Alamyşow, Ý. Nasyrly, A. Durdyýew. Bu ýazyjy-şahyrlaryň edebiýata getiren täzelikleri.

Täze edebi žanrlar, çeper terjime, goşgy düzüliş formalary.

Garaja Burunow, Bazar Amanow. «Keýmir kör» pýesasy – 2 sagat.

Eseriň many-mazmuny. Keýmir körüň gahrymançylykly, pähim-parasatly keşbi.

Edebiýet teoriýasy. Drama barada düşünje.

Agahan Durdyýew. Ömri we döredijiligi – 2 sagat.

«Bally molla» hekaýasy. Eseriň temasy we ideýasy, mazmuny we çeperçiligi. Eserde maşgala, ahlak meselesiniň goýluşy. Ynsan häsiýetimdäki nogsanlyklaryň ýiti satiriki gülki arkaly paş edilişi.

Nurmyrat Saryhanow. Ömri we döredijiligi – 2 sagat.

N. Saryhanow – ynsanperwerlik pikirleri öňe süren ýazyjy.

«Şükür bagşy» powesti. Eseriň baş pikiri we temasy. Eserde türkmen saz sungatynyň waspy. Türkmen halkynyň saza, öz sungat wekillerine – ussatlaryna sarpasy, olaryň üstünligini il-ýurt abraýy, mertebesi bilen baglanyşdyrmagy.

Şükür bagşy – halkyň halan ussady. Onuň kyn günde ruhlandyryjysy, armaçysy. «Şükür bagşy» kinoda.

Edebiýat teoriýasy. Ýazyjynyň we gahrymanyň dili.

Türkmen edebiýaty Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda we uruşdan

soňky döwürde

Gysgaça syn – 1 sagat.

Kemal Işanow, Ata Nyýazow, Hoja Şükürow. Bu ýazyjylaryň şygyr, kyssa, drama eserleri.

Bu döwüdre öz döredijilik ýüzüni görkezip başlan ýazyjylar, şahyrlar: M. Seýidow, K. Gurbannepesow, B. Hudaýnazarow, G. Gurbansähedow, A. Atajanow, N. Jumaýew, Ş. Borjakow. Bu ýazyjylaryň şygyr, kyssa, drama eserleri.

Bu döwürde çeper döredijilikdäki nogsanlyklar.

Şaly Kekilow. «Kareliýa jeňňelinde» goşgusy – 2 sagat.

Goşguda aldym berdimli söweş pursatlarynyň şahyrana beýany. Şahyryň duýgulary, urşuň ýowuzlygyny bermekde daş-töweregiň, tebigatyň görnüşleriniň peýdalanylmagy. Eserde joşgunly watançylyk, urşuň näletlenilişi.

Edebiýat teoriýasy. Janlandyrma hakynda düşünje.

Bu döwürde çeper döredijilikdäki nogsanlyklar.