Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Turkmen edebiyaty - Türkmen dilinde okadylýan m...doc
Скачиваний:
28
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
572.42 Кб
Скачать

XIX asyr türkmen edebiýaty – 22 sagat.

Giriş. Gysgaça syn – 1 sagat.

Bu döwürde Türkmenistanda jemgyýetçilik-syýasy ýagdaý.

Türkmen ruhunyň we edebiýatynyň ruhy eýýamlarynda esasy goýlan watançylyk, mertlik, ahlaklylyk meseleleriniň bu döwrüň edebiýatynda dowan etdirilişi. XVIII asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleri Azadynyň, Magtymgulynyň, Şabendäniň, Şeýdaýynyň, Gaýybynyň, Magrupynyň eserlerinde türkmen agzybirligi, türkmen döwleti, döwletliligi baradaky arzuwlar, ol arzuwlaryň amala aşmagyna belli bir derejede ýol açan (Sarahs, Garrygala, Mary söweşleri), şeýle-de bu arzuwlaryň köküne palta uran (Gökdepe söweşi, Gazawat söweşi we beýlekiler) ýagdaýlar.

Kemine, Seýdi, Zelili, Mollanepes, Mätäji ýaly klassyk şahyrlarynyň Magtymgulynyň edebi mekdebini dowam etdirmekleri, Magtymgulyny özleriniň halypasy hasaplamaklary. Magtymgulyny söz meýdanynyň oragyny orup giden, özlerine onuň hoşasyny çöplemek wezipesi galan (Kemine) hökmünde ykrar etmekleri.

Talyby, Zynhary, Kätibi, Dosmämmet, Aşyky, Misgingylyç, Baýly şahyr.

Magtymguly Pyragy ruhy eýýamynyň türkmen edebiýaty we goňşy halklaryň edebiýaty.

Bu döwrüň türkmen edebiýatynyň öwrenilişi, ähmiýeti.

Mämmetweli Kemine. Goşgular – 3 sagat.

Keminäniň ömri we döredijiligi. Keminäniň adyna aýdylýan şorta sözler.

Durmuş temasy. «Garyp», «Garyplyk», «Janyň barynda», «Içmek», «Gezen ýagşydyr», «Galar», «Dünýäniň». Bu goşgularda durmuş, zähmet adamsynyň hal-ýagdaýy.

Ynsanperwerlik, söýgi-dostluk temasy. «Gelinler», «Zülpüň», «Bile gel!», «Örtär meni», «Ogulmeňli», «Aýa garşy», «Arzym aýdaýyn». Bu goşgularda duýguçyllyk, çeper dil serişdeleriniň ussatlyk bilen ulanylyşy.

Kemine we bagşylar. Keminäniň öwrenilişi. Keminäniň türkmen edebiýatynyň taryhynda tutýan orny.

Seýitnazar Seýdi. Goşgular – 3 sagat.

Seýdiniň ömri we döredijiligi. Seýitnazar Seýdi – serkerde şahyr.

Watançylyk, harby-gahrymançylyk temasy. «Dönmenem, begler!», «Geliň, ýigitler!», «Görülsin indi!», «Baraýlyň!», «Ärsarynyň ýigitleri», «Goçaklar», «Çykyp gideýliň!», «Lebap, hoş indi!». Bu goşgularda ýanyp duran ýakymly watançylyk hyjuwy, raýatlyk äheňi. Watany söýmek, ony jan-dilden goramak, batyrlyk, edermenlik, mertlik.

Yşk-söýgi temasy. «Gördüm owadan», «Gel, Arzygül, görüşeli!», «Şemşat», «Soltan Hatyja», «Ablaksaýat», «Merku-alyna». «Gümany».

Seýdiniň öwrenilişi. Seýdiniň edebiýat taryhyndaky orny.

Gurbandurdy Zelili. Goşgular – 3 sagat.

Zeliliniň ömri, döredijiligi, Zelili – watançy şahyr.

Watançylyk temasy. «Watanym, seni!», «Jandan doýan ýaly boldum», «Gürgene gideli!», «Aldady meni». Goşgularda watana, ýurda, ile söýgi. Olarda şahyranalyk, çeperçilik.

Mertlik, batyrlyk, ahlak temasy. «Ýaraşmaz», «Diýmek biläni», «Özge dem bolmaz», «Bigäne ýagşy», «Başda bellidir». Goşgularda ynsanperwerlik, öwredijilik, şahyranalyk.

Durmuş temasy. «Elli ýaşyň içinde», «Käre döndi», «Ýagşydyr», «Gidersen!». Goşgularda durmuş nogsanlyklarynyň, betnebislik, husytlyk ýaly ýaramaz häsiýetleriň dogruçyl, çeper beýany.

Yşk-söýgi temasy. «Leýli gerekdir», «Ýanan ýok», «Dilberim seni», «Ýardan aýryldym», «Ýar, senden!», «Islemen seni», «Janymyň jananasy», «Köz biläni», «Haraýym döndi», «Seýle gideli!». Goşgularda çuňňur duýguçyllyk hem çeperçilik, belent hem elýetmez ussatlyk bilan beýan edilişi.

Zeliliniň döredijiliginiň öwrenilişi. Zelili – Magtymguly Pyragynyň watançylyk, ynsanperwerlik pikirlerini dowan etdiriji. Zeliliniň edebiýat meýdanyndaky orny.

Mollanepes. Goşgular. «Zöhre - Tahyr» dessany – 8 sagat.

Mollanepesiň ömri we döredijiligi. Mollanepes – yşk mülküniň şasy.

Söýgi, ahlak temasyndaky goşgular: «Bäri gel!», «Haýrana galar», «Pyrakyňdan», «Nazar kylsa dişleriňe», «Söwdügim», «Gitdim», «Owadan gelin», «Istäp ki gözel ýary», «Gülden uýalar», «Haýrana galar», «Rehm etmezmiň halyma?», «Ýadyma düşdi». Goşgularda ynsan gözelliginiň belent waspy, çuňňur duýguçyllyk, suratkeşlik.

«Zöhre – Tahyr» dessany. Dessanyň mazmuny, onuň köp görnüşliligi. Dessanda päk söýgi. Adalatsyzlyga närazylyk we garşylyk.

Dessanyň gahrymanlar ulgamy. Tahyryň obrazy. Onuň hasratly ykbaly. Tahyr hem Garyp. Zöhre – söýgüsine wepaly gyz. Onuň maksada okgunlylyk, ugur tapyjylyk, ynsanperwerlik häsiýtleri. Zöhre. Şasenem, Leýli.

Mahym, Adylşa we Mollanepes. Bularda adamkärçilik.

Babahan we Garabatyr (Garaçomak). Bularyň rehimsizlik, ahlaksyzlyk ýaly häsiýetleri. Babahan hem Şaapbas.

Moýsepit we Kamarylzaman. Bularda zuluma, süteme garşy pikirler.

Dessanyň gurluşy, dili we çeperçiligi, ähmiýeti. Dessançylyk däbi we Mollanepes tarapyndan girizilen täzeçillik.

Mollanepesiň öwrenilişi. Onuň edebiýat meýdanyndaky orny.

Edebiýat teoriýasy. Eseriň sýužeti we kompozisiýasy.

Annagylyç Mätäji. Goşgular – 3 sagat.

Mätäjiniň ömri we döredijiligi. Mätäji – Magtymgulynyň edebi mekdebinden gözbaş alan klassyky edebiýaty jemleýji, onuň durmuşy pikirlerini dowam etdiriji şahyr.

Durmuş temasy. «Getirer», «Är biläni», «Har bolsa», «Bähm eder», «Bugdaý», «Ýol biläni», «Bedew». Bu goşgularda pelsepe, öwüt-nesihat, ynsan edim-gylymyna, girim-çykymyna ýiti synçylyk.

Watançylyk, ahlak temasy. «Onda bar», «Gerekdir», «Är dörär», «Ýigitler», «Ir bile», «Aýdyşyk». Goşgularda watanyň hem watan goraýan är ýigitleriň waspy.

Yşk-söýgi, dostluk temasy. «Dişleriňe», «Saçyň», «Zülpüň seniň», «Mährim alan ýar», «Meňzär bagyň gülüne», «Yrakda durma!», «Gyzyň», «Aýperi», «Dilber», «Elden gider», «Menek-menek hallara». Goşgularda näzik söýgi duýgularynyň şirin dilde beýan edilişi, söýülýän gözeliň duýgular dünýäsiniň çür başyna çykarylyp, oňa dünýäniň ähli genji-hazynasyny bagyşlamaga taýýar bolunmagy. Söýülýän gözeliň şol dünýäniň şasy hökmünde tagta çykarylyp, ýigidiň onuň hyzmatynda goýulmagy.

Mätäji – watançy şahyr, ýigitleri ýurt goragyna, mertlige, batyrlyga ruhlandyryjy.

Mätäji – gözelligiň aýdymçysy. Mätäji, Hally bagşy.

Mätäjiniň öwrenilişi. Mätäjiniň türkmen edebiýatynyň taryhynda tutýan orny.