Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Turkmen edebiyaty - Türkmen dilinde okadylýan m...doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
572.42 Кб
Скачать

Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Türkmenistanyň Milli bilim instituty

EDEBIÝAT DERSI BOÝUNÇA

OKUW MAKSATNAMASY

Aşgabat – 2013 ý.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Türkmenistanyň Milli bilim instituty

EDEBIÝAT DERSI BOÝUNÇA

OKUW MAKSATNAMASY

Türkmen dilinde okadylýan mekdepleriň

IV – XI synplary üçin

Düzüjiler:

T.Sadykow

A.Saryýew

R.Mustakow

Ý.Garaýew

G.Sähatowa

Aşgabat – 2013 ý.

I. Düşündiriş haty

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2013-nji ýylyň 1-nji martynda “Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” Permana gol çekdi. Bu resminama laýyklykda 2013-2014-nji okuw ýylyndan başlap, Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde on iki ýyllyk orta bilime geçildi.

Orta mekdepleriň 4-9-njy synplarynda edebiýat dersine hepdede 3 sagat, 10-11-nji synplarda hepdede 2 sagat berilýär.

Maksatnamadaky materiallara berlen sagatlar umumy häsiýete eýe bolup, ol sapagyň netijeli bolmagy üçin mugallym tarapyndan üýtgedilip bilner. Munuň özi okuwçylaryň edebiýat dersinden ele almaly bilimlerine, başarnyklaryna hem-de ahlak terbiýesine gönükdirilmelidir.

Edebiýaty okatmagyň maksatlary we wezipeleri

Edebiýat okuwçylarda ahlaklylygy, ynsaplylygy, milli we dünýä gymmatlyklaryna söýgini terbiýeleýär, estetik endikleri kemala getirýär.

Edebiýat sapagynyň üsti bilen okuwçylaryň ruhy dünýäsi kemala getirilýär, döredijilik ukyby ýüze çykarylýar, şeýle hem olaryň sözleýiş endikleri ösdürilýär.

Edebiýat okuw dersiniň wezipeleri:

  1. okuwçylarda edebiýatyň sungatyň bir görnüşi hökmündäki düşünjelerini kemala getirmek, edebiýatyň kanunlaýyklyklaryna düşünmegi öwretmek;

  2. çeper eseri derňemegi öwretmek;

  3. dünýä edebiýatyna we dünýäniň edebi akymyna düşünmegi kemala getirmek;

  4. milli edebiýatyň aýratynlyklaryny ýüze çykarmak we edebiýatyň bütindünýä ähmiýetini açyp görkezmek;

  5. edebiýatyň sungatyň beýleki görnüşleri bilen arabaglanyşygynyň häsiýetli aýratynlyklaryny we ýörelgelerini kesgitlemek.

Edebiýaty öwrenmek çeper eserleri yzygiderli baglanyşykda okamak arkaly amala aşyrylýar. Çünki ýazyjydyr şahyr durmuşyň dürli meselelerini çeper eseriň üsti bilen açyp görkezýär. Şonuň üçin okuwçylara eseriň many-mazmunyny hem täsirini giňişleýin açyp bermek işini dogry guramak esasy wezipeleriň biridir.

Edebiýaty öwretmek bilen, okuwçylara edebiýat we ýaşaýyş barada giňişleýin bilim berilýär. Edebiýatyň üsti bilen ýaşlaryň durmuşda özüni alyp barmagy hem duş geljek wakalary boýunça dogry netije çykarmagy üçin edebi düşünjeler berilýär, başarnyklar ösdürilýär.

Edebiýaty okatmagyň esasy döwri

(IV – ХI synplar)

Okatmagyň esasy döwri okuwça çeper sözüň manysyna, hyzmatyna we awtoryň öz garaýşyny beýan ediş usulyna, formasyna düşünmegi öwretmegi hem-de okuwçylaryň döredijiligini kemala getirimegi, ösdürmegi öz içine alýar.

Maksatnama täze okuw meýilnamasyna laýyklykda:

IV – VII synplarda – edebi okuw görnüşinde;

VIII - IX synplarda edebiýat taryhy görnüşinde;

X - XI synpda edebiýatşynaslyk görnüşinde öwrenilýär.

Şuňa laýyklykda: edebi okuw sagatlarynda mugallym okuwçylaryň başlangyç synplarda alan edebi okamak ukyplaryny we başarnyklaryny ösdürmäge, okan eserinden netije çykarmak, many-mazmunyny özleşdirmek, şygyrlary labyzly okamak başarnygyny kämilleşdirmek, okan ýa-da diňlän eserlerini gürrüň bermek, ýazuwa geçirip bilmek, edebi maglumatlary, tekstleri we goşgulary ýat tutmak ukyplaryny ösdürmek ýaly ugurlara üns bermelidir we şol bir wagtda edebiýat taryhynda şeýle eserleriň, şeýle ýazarlaryň bardygy bilen gysgaça tanyşdyrmalydyr. Munuň üçin mugallym öz döredijilik ukybyna, başarnygyna, tejribesine daýanyp, öz sapaklaryny edebi-çeper okamak, düzme bäsleşigini geçirmek ýaly we usuly taýdan kabul edilen beýleki sapak görnüşlerinden peýdalanyp guramalydyr.

Edebiýat dersi boýunça okuwçylara berilmeli bilim maglumatlary sadadan çylşyrymla diýen usulda ýerleşdirilendir. Şundan ugur alyp, VII synpda berilýän bilim maglumatlary edebi okuw görnüşinde berilmek bilen, şol bir wagtda hem edebiýat taryhy görnüşinde öwrenilmeli bilim maglumatlaryna taýýarlaýar. Şol sebäpli VIII synpda edebi eserler tematiki tertibiň çäginden çykyp, özleriniň döreýiş taryhy boýunça yzygiderlilikde ýerleşdirilýär. Ýöne bu edebi eserleri öwretmek IV, V, VI, VII synplardaky ýaly edebi okuw görnüşinde öwredilmelidir.

Edebiýat taryhy bilen tanyşdyrylýan döwründe (IX, X synplarda) edebiýat taryhyna, şol sanda okuw maksatnamasyna giren ol ýa-da beýleki ýazyjynyň ömri we döredijiligi, ýazary belli ýa-da näbelli eserleriň döreýiş taryhy, her bir döwrüň edebiýatynyň öňünde duran baş mesele, şol meseleleriň ýazyjy ýa-da onuň eseri tarapyndan neneňsi çözülip bilnendigi, eserlerde halkyň durmuşynyň, medeniýetiniň, beýleki gymmatlyklarynyň neneňsi görkezilip bilşi ýaly düýpli meseleler okuwçylara öwredilmelidir. Ýazyjynyň edebi dilimiziň baýlyklaryny, eseriň gahrymanlarynyň dilinde gabat gelýän şiwe (dialekt) sözlerini ulanyp bilşi ýaly meselelere hem okuwçylaryň ünsi çekilýär. Şol sebäpli IX – X synplarda mugallym öz tejribesine daýanyp, çykyş, çekişme, maslahat (seminar) sapaklary we beýleki sapak görnüşlerinden hem ýerlikli peýdalanmalydyr.

Edebiýatşynaslyk döwründe (X – XI synplarda) edebi okuw we edebiýat taryhyny öwreniş döwründe edebiýat ylmy boýunça özleşdirilen başlangyç düşünjeler edebiýaty öwreniş ylmy boýunça berkidilmelidir.

Edebiýat dersinde:

- türkmen halk döredijiligi;

- türkmen klassyky edebiýaty;

- Garaşsyzlyk eýýamynyň türkmen edebiýaty;

- dünýä edebiýatyndan nusgalar;

-edebiýatşynaslyk ugurlary boýunça bilim bermek göz öňünde tutulýar.

IV – ХI synp okuwçylarynyň bilimlerine,

başarnyklaryna bildirilýän talaplar

IV – ХI synp okuwçylary

bilmeli:

  • okamaga we öwrenmäge berlen eserleri;

  • eseriň göwrümine we çylşyrymlylygyna laýyklykda birnäçe (5-7) eseri;

  • çeper eseriň temasynyň we ideýasynyň esasy alamatlaryny;

  • çeper eseriň gahrymanynyň (keşp, sözleýiş, awtoryň häsiýetnamasy) beýan ediliş tärini;

  • diliň täsir ediş serişdesini (sypatlandyrma, deňeşdirme, ulaltma, metafora);

  • okamaga we öwrenmäge berlen awtorlaryň eserleri baradaky maglumatlary;

  • çeper eseriň: çeper keşbini, temasyny, ideýasyny, mazmunyny, gurluşyny;

  • ritm, ölçeg, setir ýaly goşgy serişdelerini;

  • edebiýatyň esasy görnüşleriniň (kyssa, şygyr, drama) alamatyny;

habarly bolmaly:

  • okalan eseriň ýazylan döwründen, şeýle hem eseriň wakalarynyň belli şahsyýetleriň we ýazyjynyň ömri bilen baglanyşygyndan;

  • edebiýatyň taryhyndan: ýazyjynyň terjimehalynyň esasy maglumatlaryndan, döredijiliginiň döwürlere bölünişinden, edebi gözleg işiniň ugurlaryndan;

  • edebiýatyň teoriýasyndan: romantizmiň, realizmiň we ХХ asyryň käbir edebi akymlarynyň esasy aýratynlyklaryndan;

  • keşpleriň, personažlaryň anyk - taryhy we umumadamzat ähmiýetinden;

  • edebiýatyň esasy görnüşlerinden, žanrlaryndan;

başarmaly:

  • gahrymanlaryň we wakalaryň baglanyşygyny düşündirmegi;

  • okalan eseriň gahrymanyny häsiýetlendirmegi;

  • suratlandyrylýan gahrymanyň keşbiniň ähmiýetini häsiýetlendirmegi;

  • çeper tekstden täsirli serişdeleriniň hyzmatyny düşündirmegi;

  • okalan eseriň esasy temasyny we ideýasyny kesgitlemegi;

  • kiçeňräk kyssa eserini yzygiderli gürrüň bermegi;

  • okalan eseriň gahrymanlarynyň özüni alyp barşyna degişli gürrüň bermegi;

  • 200-250 sözli beýannama ýazmagy;

  • nätanyş teksti tiz okamagy (1 minutda 100-110 sözi);

  • okalan kyssa we drama eserlerindäki gahrymanlary häsiýetlendirmegi, deňeşdirmegi;

  • okalan eseriň many-mazmunyny, ruhy taýdan gymmatlylygyny düşündirmegi, sahna eserleriniň esasy wakalaryny derňemegi we ähmiýetli taraplaryny beýan etmegi;

  • suratlandyrylýan zada awtoryň garaýşyny duýmagy;

  • okalan esere we eseriň wakalaryny bahalandyrmagy;

  • özbaşdak okalan eseriň haýsy görnüşe we žanra degişlidigini kesgitläp bilmegi;

  • eseriň ruhy gymmatlygyny we beýleki aýratynlyklaryny dilden we ýazmaça düşündirmegi;

  • edebi ýa publisistik temalara degişli düzme ýazmagy;

  • özbaşdak okalan esere syn ýazmagy;

  • okalan eseriň žanr aýratynlygyna görä labyzly okamagy;

  • okalan goşgularyň çeperçilik aýratynlygyna baha bermegi;

  • okalan çeper eseri, onuň aýratyn bir bölegini derňemegi, bahalandyrmagy;

  • gyzyklandyrýan eserlere syn ýazmagy.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]