Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:

ykrar etmek barada gerekli resminamalar

.docx
Скачиваний:
241
Добавлен:
06.03.2016
Размер:
18 Кб
Скачать

Türkmenistanyň Bilim ministri

G.S.Mämmedowa

Daşoguz welaýatynyň S. A. Nyýazow etrabynyň

Nowbahar daýhan birleşiginiň Rozumboý

obasynyň Nawaiý köçesiniň 28-nji öýüniň ýaşaýjysy

Rustamow Serdarbek Rustamowiç

Tarapyndan (tel: 348 3 51 70)

Arza

Men Rustamow Serdarbek Rustamowiç 2011-2015-nji ýyllar aralygynda Gazagystan Döwlet uniwersitetini okuwyň doly gündüzki görnüşinde tamamlap “Nebit we Gaz” hünäri boýunça ýokary hünär bilimi aldym. Okuwy okap tamamlanymdan soňra maňa şol okuw mekdebi tarapyndan _______________ belgili diplom berildi.

Daşary ýurt döwletiniň ýokary hünär okuw mekdebi tarapyndan maňa berlen ýokary hünär bilimi hakynda resminamany Türkmenistanyň çäklerinde ykrak etmeklige garamagyňyzy Sizden haýyş edýärin.

Türmenistanyň Bilim ministrligine tabşyran ähli resminamalarymyň hakykylygy üçin şahsy jogapkärçilik çekýänligim maňa duýduryldy. Men tabşyran ähli resminamalarymyň galp däldigine güwä geçýärin.

Gerekli resminamalary arza goşýaryn.

Goly senesi

YKRAR ETMEK IŞINI GEÇIRMEK ÜÇIN ZERUR RESMINAMALARYŇ SANAWY

  1. Ykrar etmek baradaky arza – (daşary ýurt döwletine okuwa iberen Türkmenistanyň ministrliginiň,

pudak edarasynyň ykrar etmek barada haty: hususy tertipde okan Türkmenistanyň raýatynyň ykrar

etmek barada arzasy) 2 sany

  1. Bellenen nusga boýunça özi barada maglumat – 2 sany

  2. Aşakdaky maglumatlar görkezilen güwänama (справка)

  • Okuwa kabul edilendigi we okuwy tamamlandygy barada okuw mekdebi boýunça çykarylan buýruklar

  • Okan döwründe okuwyň gündizki görnüşde amala aşyrylandygy

  • Okan hünäri boýunça gündizki görnüşiniň kadalyk ölçeg möhleti

  • Diplomyň (şahadatnamanyň) san belgisi

  • GDA agza ýurtlarda okuw mekdebiniň döwlet okuw mekdebine degişlidigi, beýleki döwletlerde abraýly okuw mekdebine girýändigi

  • Güwänama okuw mekdebiň blankynda ýazykan, ýolbaşçynyň goly bilen tassyklanan (GDA agza ýurtlar üçin döwlet tugraly möhür basylan) bolmaly

  • Güwänamanyň türkmen diline resmi terjimesi – 2 sany

  1. Diplomyň göçürmesiniň (копя) döwlet kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanylan türkmen diline resmi terjimesi – 2 sany

  2. Okuw dersleri , okuw sagatlarynyň möçberi we her bir okuw dersi boýunça bahalar görkezilen diplomyň goşundysynyň göçürmesiniň (копя) döwlet kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan nusgasy we resmi tarjimesi – 2 sany

  3. Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň (daşary ýurt pasportynyň hem) göçürmesi (ähli sahypalary) – 2 sany

  4. Papka (20 sahypaly-faýlly).

Resminamalar tabşyrylanda diplomyň (şahadatnamanyň) we diplomyň goşundysynyň asyl

nusgalaryny görkezmeli.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň iş topary zerur bolan ýagdaýynda Türkmenistanyň raýatyndan onuň daşary ýurtda okandygy barada anyklaýjy maglumatlary sorap biler.

Goly senesi

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]