Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
1-81.docx
Скачиваний:
28
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
141.21 Кб
Скачать

6. Altyndepe-gadymy şäher döwletdir.

Bürünç asyry gadymy ekerançylyk medeniýetiniň iň ýokary ösen döwri bolup, onda gündogarda maddy medeniýetli ösen şäherler döräpdir. Bürünç asyrynda adamlar gowy eýlenen palçykdan düzümi bir meňzeş gaplary, hili boýunça ýukajyk çeper görnüşli nagyşly we bezegli gap – gaçlary öndürüpdirler.

Ol ikinji metal asyry bolup, T/da b.e. öňki III-II müň ýyl-ry öz içine alýar. Bürünç mis bilen galayynyň birleşmeginden emele gelen metaldyr. Daşdan ýasalan zähmet gurallaryny, ýaraglary we bezeg,şaý–esbaplaryny bürünç önümçilikden gysyp çykarypdyr. Öňümçiligiň ýöriteleşdirilen görnüşleri çuňlaşyp başlayar. Magdan gözlegi, ony gazyp almak, metal işläp bejermek, çig mal we onüm alyş-çalyşy artyp başlaýar. Bu döwürde enelik urugyndan atalyk urugyna doly geçilýär. Bürünç döwrüniň ýene-de bir häsiýetli aýratynlygy şol zamanda ozalkylara garanyňda has ýokary tertipli taýpa birleşikleri döräp, olaryň dolandyryş merkezleri, goranyş berkitmesi bolan şäherlerde ýerleşipdirler.

Şol döwürde dörän şäherlerden biri Altyndepe bolup, ol Kaka etrabynyň Mäne we Çäçe obalarynyň 3 km gündogarynda ýerleşýär. Altyndepeden goranyş berkitmesi, Mesopotamiýa ybadathanasyna meňzeş düýpli desgalar, ýaşaýyş jaýlary, Hindistandan getirilen pil süňklerini öz içine alýan hazynalar, toýundan ýasalan aýal-heýkejikleri tapyldy.jemgyýetiň synpy bölünişigini äşgär edýär. Esasy öndürülýän önüm, ýalaňaç däneli arpa; ýumşak we gysga boýly bugdaý ekilipdir. Űzümçilik üstünlikli alnyp barylypdyr, ondan çakyr ýasalypdyr. Altyndepede üzüm sykylýan meýdançanyň üsti açyldy. Maldarçylygyň esasy görnüşi dowarçylyk bolupdyr. Namazga IV döwründen tapawutlylykda, gara mallar azlyk edipdir.Şäherde senetçilik we hünärmentçilik aýratyn ösüpdir. Metaldan, gymmat bahaly daşlardan, şirmaýy-pil süňkden ýasalan hususy möhürler, şaý-sepler şäher senetçiligi üçin häsiýetli zatdyr. Tapylan möhürler, hususy eýeçiligiň has aýdyň mysalydyr. Altyndepe we Namazgadepe ýaly gadymy ýadygärliklerden tapylan köp sanly heýkeljiklerde esasan, aýal şekilleri suratlandyrylypdyr. B.e. öňki II müň ýyllygyň ortalarynda dünýäniň gadymy siwilizasiýasy bolan Altyndepede ýaşaýyş tebigy geografik şertler sebäpli kesilipdir. Şäher öz ugruna taşlanypdyr, ybadathana boşap galypdyr, senetçilik we sungat pese düşüpdir. Şol döwürde Günorta Türkmenistanyň medeniýetinde yz galdyran ýene bir ýadygärlik Namazgadepe-de hem şonuň ýaly ýagdaý bolup geçipdir.

7. Türkmenistanda ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçilmegi we telekeçiligi osdürmek barada döwlet syýasaty

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bazar ykdysadyýetini we netijeli işleýän Garaşsyz döwleti hemmetaraplaýyn esaslandyrmak we pugtalandyrmak wezipesi möhüm wezipedir.

Türkmenistany ösdürmegiň maksady: ilaty jan başyna düşýän, hasap b/ça, jemgyýetçilik önüminiň öndürilişini artdyrmakdan, hakyky önümi köpeltmekden ybarat, bu halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga, maddy bolçulygyň artmagyna getirer, täze islegi kanagatlandyrmaga ýardam eder, halkara derejesindede durmuş-ykdysady meseleleri göwnejaý çözer. Ýurdumyzyň bazar ykdysadyýetiniň öňünde goýlan maksady çözmek üçin şu wezipeleri: kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak; durnuklylyk we bazar ykdysadyýetine geçiş wezipesini çözmek; düzgünleşdiriji ulgamy döretmek we ony netijeli peydalanmak; ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmegiň anyk ulgamyny işläp taýýarlamak; biržalary, firmalary, habar beriş täjirçilik merkezlerini we beýleki gulluklary guramak üçin şertleri döretmek; käbir yzagalaklygy ýeňip geçmek, zähmetiň medeniýetini we düzgün-nyzamyny ýokarlandyrmakdan; önüm öndürmegi we ýerleşdirmegi guramagyň ýokary derejesini üpjün etmek, zähmetiň pudaklaýyn bölünişiniň deňagramlylygyny göwnejaý ýola goýmakdan ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda hususy telekeçilige döwlet goldawyny bermek boýunça bir näçe düýpli çäreler amala aşyryldy:

-Türkmenistanyň Prezidentiniň goldawy bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döredildi;

-“Türkmenistanda hususy telekeçilik işini maliýeleşdirmegiň meseleleri hakynda” - Türkmenistanyň Prezidentiniň karary kabul edildi;

-“Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda”- Kanuny kabul edildi;

Türkmenistanyň 22.08.2009 ý güýje giren “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” kanuny telekeçilik işi bilen meşgullanmak üçin berilýän ygtyýarnamalary düzgünleşdirmegiň we ýönekeýleşdirmegiň hukuk binýadyny düýpgöter kämilleşdirdi. T/da telekeçiligi ösdürmegiň Döwlet gaznasyny döretmek meselesi hem bu kanunda göz öňünde tutulan.

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň geljekki ösüşinde telekeçiler örän uly orun tutýarlar. Eger 2010-njy ýurtda jemi içeri önümde döwlete degişli däl eýeçiligiň paýy 47% möçberde meýilleşdirilen bolsa 2015-nji ýylda bu görkeziji – 65% deň bolar .