Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
1-81.docx
Скачиваний:
6
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
141.21 Кб
Скачать

1 sorag.“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň”kabul edilmegi we onuñ ähmiỳeti

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sosial syýasatynyň ýene-de bir aýratynlygy, onuň sebitler boýunça gyradeň ösüşi üpjün etmeklige gönükdirilendigi bilen baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň tebigy we ykdysady kuwwatlyklaryny rejeli ulanmak, sosial ösüşiň ýurduň ähli künjeklerini, hat-da çarwa obalaryny öz içine almak maksatlary ýurduň Prezidentiniň ykdysady strategiýasynyň mazmunyny düzýär. 2007-nji ýylyň dekabr aýynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” kabul edilmegi hem munuň aýdyň mysaly bolup durýar.2008ỳ başynda bu Maksatnama hereket edip başlady.

Maksatnama üç tapgyrda ỳerine ỳetirilmeli.

I tapgyr-2008-2010ỳỳ

II tapgyr-2011-2015ỳỳ

III tapgyr-2016-2020ỳỳ

Ruhubelent etraby-Daşoguzda. Altyn Sähra-Mary wel.Döwletli etraby-Lebapda. hemde Garlyk şäherçesiniñ düỳbi tutuldy. Üçajy şäherçesiniñ durkuny täzelemek barada Perman we ş.m

2020 Ýyla çenli Milli Maksatnamanyň wezipeleri:

  1. Agrosenagat önümçiligi b.n meşgul.ýan ilatyň REAL girdajelerini yzygiderli ýokarlandyrmak we sosial pudaklarda täze iş ýerini döretmek/

  2. Oba/ň, şäh.ň, etr.ky şäh.ň we etrap merkez.ň ilatyna edilýän hyzmatlaryň möçberini we hilini yokary derejä götermek/

  3. Mekdebe çenli ýaşly edar-ň, mekdep.ň jaý we maddy üpjünçiligini düýpli berkitmek we döwrebaplaşdyrmak

  4. Suw elektrik togy, tebigy gaz b.n üpjünçiligini serenjamlaşdyrmak we düýpli abatlaşdyrmak.

  5. Içerki ýollarynyň durkyny täzelemek

  6. Telefon aragatnaşyk we beýleki hyzmatlaryň giň gerimini döretmekden ybaratdyr.

Kabul edilen çäreleriň ýerine ýetirilmegi oba-hojalyk toplumyny dolandyrmagy gaýtadan gurmagyň binýadynda onuň pudaklarynyň netijelliligini artdyrýar we berkidýär

3 Sorag. Türkmenistanyň taryhynyň döwürlere bölünişi: Paleolit, mezolit, neolit, eneolit, bürünç asyry we demir asyry.

Türkmenistanyň çäkleri hem adamzat jemgyýetiniň iň gadymy ojaklarynyň biri hasaplanýar. Günbatar Türkmenistanda häzirki Balkan welaýatynyň dürli ýerlerinde gadymy adamlaryň mekanlary tapyldy. Olardan Krasnowodsk ýarym adasynda ýerleşen Ýangyja, Kesgirbulak, Begarslan we başga-da birnäçe gowaklary mysal getirmek bolar. Taryhçylar gadymyýetde ýaşan adamlaryň ilki daşdan, soňra misden we bürünçden ýasan zähmet gurallaryny nazara almak bilen iň gadymy döwri daş asyry diýip bölýärler.Çaklamalara görä, Türkmenistanyň çäklerinde iň gadymy adamlar irki paleolit döwri günortadan, ýagny Aziýanyň öňdäki daglyklaryndan gelipdir. Olar Horasan daglaryndan geçip Türkmenistana gelipdirler.Paleolit – grekçe iki sözden: paleýos gadymy we litos – daş sözünden ybarat bolup 2,5 mln. ýyl mundan öň, b.e. öňki XI müňýyllygyna çenli döwri öz içine alypdyr.Ol döwüre degişli ýadygärlikleri Ýangyja we Garateňňir demir ýol menziliniň ýanynda ýüze çykaryldy. Ondan başga-da Çüli çaýynyň ýokary akymynda ýerleşýän Damjasuw diýen ýerden birnäçe zähmet gurallary (nukleus, gazawlar) tapyldy. Şeýle gurallar Sumbar we Çendir derýalarynyň jülgeleriniň birnäçe ýerinden tapyldy.Şeýle-de,Garabogazyň günorta – gündogar kenarlarynda ýerleşýän Janagyň II Goýmat diýen ýerinde ussahana galyndysynyň üsti açyldy. Ol ýerde-de gazawlar, nukleuslar, ujy ýiti iki tarapy ýiteldilen gurallar tapyldy.

Daş asyryň 2-nji döwri mezolit (orta daş asyry), b.e. öňki XI – VII müň ýyllyklar.MEZOLIT döwründeadamlaryň gonalgalary Balkan welaýatynda köp duş gelýär. Muňa mysal edip; Krasnowodsk ýarym adasyndaky Jebel gowagy we Kesgirbulak, Garabogaz kölüniň gündogarynda ýerleşýän Hoja suw, Depeçanak, Balkan dagynda ýerleşýän Gaýly hem Damdamçeşmewe ş.m.görkezmek bolar.Mezolit döwrüniň adamlary awlan haýwanlarynyň derisini eýlemegi, agaçdan, süňkden, daşdan dürli görnüşli gurallary ýasamagy başarypdyrlar. Olar süňkden iňňe ýasap geýim – gejim hem tikipdirler. Giçki mezolit döwri adamlar haýwanlary eldekileşdiripdirler. Jebel gowagyndan tapylan daş gurallaryň giçki mezolite, keramik öňumleriň bolsa neolitiň irki we giçki döwürlerine, irki bürünç asyryna degişlidigi subut edildi. Kaspiniň ýakasyndaky Gubaseňňir burnunyň gaýaly belentliliginiň düýbünden irki neolit döwrüne degişli monjuk ýasalýan ussahanasy tapylypdyr.

Täze daş asyry – neolit zamanynda, tebigatyň has amatly ýyly hem-de ygally, iň oňat klimat şertleriniň döwrüne gabat gelýär.XX asyryň 30-njy ýyllarynda G.Çaýld täze daş asyry döwründe ekerançylyga we maldarçylyga geçilişi bilen bagly özgerişlige “neolit rewolýusiýasy” diýipdi. ilkinji oturymly, ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanmagyň alamatlary Aşgabadyň 28 km dg- gb, Jeýtun obasynyň ýanynda ýüze çykaryldy. Ol ýadygärlik Jeýtun medeniýeti ady bilen dünýä belli boldy. Olar palçykdan salnan inedördül görnüşli giň otagdan ybarat jaýlarda ýaşapdyrlar.Gapdallarynda hojalyk jaýlary bolupdyr. Adamlar ilkinji gezek palçykdan gap-çanak ýasamagy öwrenipdirler. Zähmet gurallary has kämilleşipdir. Süňkden we daşdan ýasalan gurallar ýylmanypdyr. Çakmak daşlary dişäp, agaja ýa-da gamyşa geýdirip orak ýasapdyrlar.

Palçykdan-toýundan ýasalan gap-gaçlary reňklemek, nagyşlamak, aýal-adam şekilleri,haýwan şekillerini gap-gaçlaryň ýüzüne gara we gyzyl reňk bilen çekmek eneolit döwri üçin häsiýetli zatdyr. Eneolit döwrüniň keramiki önümlerinde häzirkizaman haly nagyşlary köp duş gelýär. Diýmek, türkmen haly sungatynyň kökleri 5-6 müň ýyllyklara uzalyp gidýär. Eneolit zamanynyň adamlarynda güne ynanmak yrymy has mese-mälim duýulýar. Günüň şekillerini beýan edýän tegelek nyşanlar gap-gaçlaryň nagyşlarynyň arasynda-da duş gelýär. Eneolit döwürde adamlaryň o dünýä hakynda ynançlary bolupdyr. Olar diňe bir diri gezip ýören adamlar hakynda däl-de, eýsem merhumlar barada hem aladalanypdyrlar. Adamlary jaýlamagyň belli bir düzgüni bolup, Olary ýörite gonamçylykda jaýlaman, ýaşalýan ýerlerde, jaýlaryň polunyň aşagynda jaýlapdyr. olarda ölen adamlaryň täzeden dünýä inmek umytlary boupdyr. Merhumlary büküp jaýlamakŞol zamanyň adamlarynyň düşünjesine görä, adam çagalykda enesiniň içinde nähili ýatan bolsa, ölenden soň hem şeýle halda jaýlamaly diýlip pikir edilipdir.

Maşgalada täze bäbegiň – çaganyň bolmagyna ozalky “ölen çaganyň gaýdyp gelmegi” diýip düşünipdirler. Bu döwürde ilkinji metal bolan mis ýüze çykýar. Metaldan ýasalan zatlar diňe bir ýüze çykmak bilen çäklenmän, eýsem has köpelýär. Altyndan we kümüşden ýasalan zatlar metalyň üns berlip işlenendigine güwä geçýär.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]