
- •Aşgabat – 2013
- •IX, X, XI synplar üçin
- •Jemgyýeti öwreniş dersi boýunça
- •Okuw maksatnamasy
- •Düşündiriş haty
- •Jemgyýeti öwreniş dersi boýunça IX, X, XI synplaryň okuwçylarynyň bilimlerine, endiklerine we başarnyklaryna (kompetensiýa) esasy talaplar
- •Jemgyýeti öwreniş
- •IX synp Bir ýylda 34 sagat, hepdede 1 sagat
- •X synp Bir ýylda 34 sagat, hepdede 1 sagat (dowamy)
- •Ilaty durmuş taýdan goramak. 2 sagat
- •Ykdysady ulgamlar. 4 sagаt
- •XI synp Bir ýylda 34 sagat, hepdede 1 sagat (dowamy)
- •Jemgyýeti öwreniş dersi boýunça IX, X, XI synplaryň okuwçylarynyň bilimlerini we başarnyklaryny bahalandyrmagyň çelgileri (kriteriýalary) we ölçegleri
- •Edebiýatlar:
X synp Bir ýylda 34 sagat, hepdede 1 sagat (dowamy)
Giriş. 1 sagat
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetiniň ösüşi barada.
4-nji bap. Jemgyýetiň sosial durmuşy – 16 sagat
Jemgyýetiň sosial düzümi we onuň bölekleri. 3 sagat
Jemgyýetiň sosial düzümi düşünjesi. Esasy sosial toparlar. Gatlaklar we synplar. Formal we formal däl toparlar. Adamyň sosial roly we sosial statusy. Sosial hereketlik.
Orta gatlak we onuň Türkmenistanda kemala gelmegi.
Maşgala we jemgyýet. 4 sagat
Nika we maşgala. Maşgalanyň esasy wezipeleri. Maşgala gatnaşyklary.
Maşgala we çagalar.
Türkmen maşgalasynyň mukaddeslikleri we gymmatlyklary.
Ilaty durmuş taýdan goramak. 2 sagat
Sosial adalatlylyk we sosial deňlik meseleleri. Sosial üpjünçilik we hemaýat.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň „Döwlet adam üçin!” diýen ýörelgesi. Adamyň durmuş taýdan goraglylygy. Pensiýalar we pensiýa ulgamy.
Demografik üýtgemeleriň jemgyýetçilik durmuşyna täsiri. 2 sagat
Demografiýa. Ilatyň ösüşi. Demografik toparlar.
Türkmen döwletiniň demografik syýasaty.
Milletler we milletara gatnaşyklar. 2 sagat
Etniki umumylyklar. Etniki gatnaşyklar. Etniki gatnaşyklaryň medeniýeti.
Türkmen milleti we onuň kemala gelşi. Milli aň we milli mentalitet (özboluşlylyk). Taryhy hakyda we onuň milli aňyň ösüşindäki orny.
Ýaşlar häzirki zaman jemgyýetinde. 2 sagat
Ýaşlar we olaryň jemgyýetdäki orny.
Bilim almaklyga we zähmete bolan hukuk. Durmuş ätiýaçlandyrmalary. Ýaşlaryň jemgyýetçilik guramalaryň işine gatnaşmagy. Nesilleriň aragatnaşygy.
Türkmenistanda ösüp gelýän nesli ýetişdirmek barada edilýän aladalar.
Umumylaşdyryjy sapak - 1 sagat
5-njy bap. Jemgyýet we ykdysadyýet – 15 sagat
Ykdysadyýetiň jemgyýetdäki orny. 6 sagat
Ykdysadyýet. Önümçilik. Paýlamak. Alyş-çalyş. Sarp etmek.
Önümçilik serişdeleri. Zähmet. Ýer. Kapital. Telekeçilik.
Öndüriji güýçler. Ykdysadyýetiň subýektleri: öý hojalyklary, kärhanalar, firmalary, döwlet.
Ykdysady ulgamlar. 4 sagаt
Ykdysady ulgamlar we olaryň tapawutly aýratynlyklary. Ykdysadyýetde bazar gatnaşyklary. Bazar we onuň ykdysady durmuşdaky orny. Bazarlaryň köpdürliligi.
Ykdysady bäsdeşlik we onuň görnüşleri. Isleg we teklip. Bazar infrastrukturasy. Sosial goragly bazar ykdysadyýeti. Adamlaryň ýaşaýyş – durmuş derejesi.
Türkmenistanyň ykdysady ösüş nusgasy. Sosial goraglylygy üpjün etmegiň mehanizmleri.
Döwletiň ykdysady syýasaty. 4 sagat
Ykdysadyýetiň ösmeginde döwletiň wezipeleri. Bazar we döwlet. Telekeçiligiň ykdysadyýetdäki orny. Döwlet býujeti. Salgytlar we olaryň görnüşleri.
Türkmenistanda ykdysady syýasatyň özboluşlylygy. Türkmenistan halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamynda.
Umumylaşdyryjy sapak-1 sagat
Jemleýji gaýtalamak -2 sagat