Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň IX, X, XI syn...docx
Скачиваний:
37
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
62 Кб
Скачать
☆

Jemgyýeti öwreniş dersi boýunça IX, X, XI synplaryň okuwçylarynyň bilimlerine, endiklerine we başarnyklaryna (kompetensiýa) esasy talaplar

Jemgyýeti öwreniş dersi okuwçylarda aşakdaky bilimleri we ukyplary kemala getirmeli:

  • jemgyýet we sosial gurluşy, jemgyýetiň daşky gurşaw bilen arabaglanyşygy milli däp-dessurlar; jemgyýetde gender meselesi, bilim ylym sungat we olaryň orny baradaky ylmy garaýyşlary;

  • şahsyýetiň sosial orny we derejesi; häzirkizaman jemgyýetinde ýaşlaryň öz ornuna düşünmekligi;

  • jemgyýetiň we şahsyýetiň ösmeginde zähmetiň orny, häzirkizaman köpçülikleýin kommunikasion serişdeleri we onuň jemgyýetiň durmuşyndaky ähmiýeti baradaky bilimleri;

  • Esasy jemgyýetçilik düşünjeleri we adalgalary (jemgyýet, indiwid, şahsyýet, ukyplylyk, işjeňlik, ahlak, gumanizm, etika, sosial (gurluş, dereje), maddy we ruhy medeniýet, estetika; syýasat, döwlet, häkimiýet (kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet), raýat jemgyýeti: demokratik, dünýewi we hukuk döwleti; hukuk, kanun, hukuk aňy, hukuk medeniýeti; zähmete hak tölemek, zähmet girdejisi, maşgala gaznasy, telekeçilik, hususyýetçilik, haryt, zähmet haky, pul we onuň wezipeleri, millet, ekologik medeniýet, global meseleler) baradaky düşünjeleri.

Okuwçy aşakdaky endikleri we ukyplary başarmaly:

- dünýäniň sosial, ahlak, estetiki gymmatlyklaryndan ugur almaklygy: anyk maglumatlary, subutnamalary kesgitlenen ulgamy boýunça tapawutlandyrmaklygy, öz şahsy garaýşlaryny esaslandyrmaklygy başarmaklygy;

- zerur sosial maglumatlary almak üçin we prezentasiýa (tanyşdyrylyş) taýýarlamakda häzirkizaman we kommunikasion serişdelerini peýdalanmklygy;

- sosial prosesleriň sebäp-netije arabaglanyşygyny beýan etmekligi; medeniýetiň görnüşlerini we olaryň bilim, ylym we din bilen baglanyşygyny seljermekligi;

-dürli çeşmelerden sosial maglumatlary almaklygy, olary seljermekligi, ýüze çykýan meseleleri integrirläp bir topluma getirmekligiň ýollaryny tapmaklygy;

- anyk durmuş ýagdaýlarynda ýüze çykýan jemgyýet gatnaşyklaryny alnan bilimler esasynda seljermeklik ukyplaryny ýüze çykarmaklygy;

- dürli medeniýetlere we milli we umumadamzat gymmatlyklaryna hormat goýmaklygy;

- adamyň üstüne ýüklenýän käbir jemgyýetçilik wezipeleriň (saýlawçy, sarp ediji, ýaşaýjy, jemgyýetçilik birleşikleriň agzalary) ýerine ýetirilmegi bilen bagly meseleleri çözmekligi başarmaklygy.

Jemgyýeti öwreniş

IX synp Bir ýylda 34 sagat, hepdede 1 sagat

Giriş. 1 sagat

“Jemgyýeti öwreniş” dersi, onuň maksady, many-mazmuny we wezipeleri.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 1-nji martynda “Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” kabul eden Permanynyň ähmiýeti.

1-nji bap. Adam - 7 sagat

Adamyň biologik we sosial tebigaty. 1 sagat

Adamyň gelip çykyşy baradaky taglymatlar.

Adam biologik we sosial ewolýusiýanyň önümi hökmünde.

Adamyň biologiki we sosial tebigatynyň mazmuny.

Adamyň barlygy we onuň görnüşleri. 1 sagat

Adam we onuň tebigaty. Adamyň barlygy (ruhy we sosial).

Adam, indiwid we şahsyýet. Indiwidual aýratynlyk.

Adam we onuň iş hereketleri. 1 sagat

Iş düşünjesi. Işiň düzümi. Işiň görnüşleri we köpdürliligi. Aňly we aňsyz iş (oýun, zähmet, fiziki we akyl zähmeti).

Adamyň jemgyýetdäki orny. Sosial statuslar we rollar.

Islegler we bähbitler.

Adamyň hünär saýlap almaklyk erkinligi. Döredijilik we adamyň jemgyýetdäki işi.

Adamyň dünýä we özüne akyl ýetirmegi. 1 sagat

Adam aňy we onuň çäksiz mümkinçilikleri. Pikir we dil akyl ýetirme.

Öz-özüňi aňmak we özüňe akyl ýetirmek. Tebigy zehin, talantlylyk we geniallyk.

Akyl ýetirişiň görnüşleri. 2 sagat

Rasional (paýhas esasynda) we duýgulaýyn akyl ýetiriş. Galat we hakykat. Adamyň aň-biliminiň görnüşleriniň köpdürliligi. Hakykat we onuň ölçegi. Ylmy we ylmy däl akyl ýetiriş. Ylmy däl akyl ýetirişiň görnüşleri: rowaýatlar. Tejribe we halk paýhasy. Dini nukdaýnazardan akyl ýetiriş.

Ylmy akyl ýetirişiň aýratynlyklary. Ylmy akyl ýetirişiň obýekti we subýekti. Ylmy akyl ýetirişiň usullary (synlamak, deňeşdirmek, ölçemek, analiz, sintez, modelleşdirmek, eksperiment).

Filosofiki pikirlenme.

Şahsyýet. 1 sagat

Şahsyýet: düşünje we sypatlary. Adamyň sosiallaşmagy.

Adamyň erkinligi we jogapkärçiligi.

2-nji bap. Jemgyýet we onuň ösüşi – 14 sagat

Jemgyýet düşünjesi. 2 sagat

Jemgyýet adamlaryň bilelikde ýaşaýyş hereketiniň görnüşi hökmünde. Jemgyýetçilik gatnaşyklary. Jemgyýetçilik gatnaşyklaryň düzümi.

Jemgyýetçilik gatnaşyklaryny sazlaşdyryjy kadalar. Adat. Däp-dessurlar. Hukuk kadalar. Ahlak ýörelgeler.

Jemgyýetçilik ulgamy. 3 sagat

Jemgyýetçilik ulgamynyň alamatlary. Jemgyýetiň wezipeleri we onuň edaralary. “Sosial edara” düşünjesi. Sosial ulgam. Jemgyýetiň esasy sosial edaralary (döwlet, önümçilik, maşgala, medeniýet, bilim, din). Olaryň özara baglanyşygy.

Häzirki zaman türkmen jemgyýeti we onuň aýratynlyklary.

Jemgyýetiň gurluşy. 2 sagat

Jemgyýetçilik durmuşynyň esasy ulgamlary (ykdysadyýet, syýasat, medeniýet).

Jemgyýet we adam.

Jemgyýetiň özara ulgamlarynyň özara baglanyşygy.

Jemgyýetiň görnüşleri. 3 sagat

Jemgyýetiň taryhy görnüşleri.

Gadymy jemgyýetler. Siwilizasiýalar we olaryň köpdürliligi. Adaty, industrial we postindustrial jemgyýet.

Garaşsyz Türkmenistanda jemgyýetçilik özgerişlikler. Täze Galkynyş eýýamy. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri.

Türkmenistanyň agrar ýurtdan senagat taýdan ösen döwlete we geljekde postindustrial jemgyýete öwürmeklige gönükdirilen ýol.

Jemgyýetçilik ösüşiniň köpdürliligi. 2 sagat

Jemgyýetçilik ösüşi (ewolýusion we rewolýusion). Jemgyýetçilik ösüşiniň ugurlary we mümkinçilikleri. Progres we regres.

Geografiki gurşawyň, ykdysadyýetiň, ylmyň we tehnikanyň jemgyýetçilik ösüşine ýetirýän täsiri.

Halk köpçüliginiň we şahsyýetiň taryhy ösüşdäki orny.

Häzirki zaman dünýäsi we gapma-garşylyklary. 1 sagat

Häzirki dünýäniň bitewiligi we gapma-garşylygy. Adamzadyň XXI asyrda global meseleleri çözmeginiň ýollary.

Bitarap Türkmenistanyň sebitleýin meseleleri çözmekdäki hyzmatdaşlygy.

Jemleýji gaýtalamak- 1 sagat

3-nji bap. Jemgyýetiň ruhy-medeni durmuşy-10 sagat

Ruhy medeniýet we onuň aýratynlyklary. 1 sagat

Jemgyýetiň ruhy durmuşy: häsiýetnama, düzümi.

Medeniýet düşünjesi. Medeniýetleriň görnüşleriniň köpdürliligi. Milli medeniýetleriň özara täsiri. Globallaşmak we milli medeniýetler.

Milli medeni miras.

Ruhy-ahlak gymmatlyklary. 2 sagat

Ahlak düşünjesi. Häzirki zaman jemgyýetiň ruhy-ahlak gymmatlyklary. Ahlak idealy.

Iş hereketine ahlak nukdaý nazardan baha bermek.

Ahlaklylyk we edeplilik. Jemgyýetde adamyň özüni alyp barmagyň medeniýeti. Edebiýatyň, sungatyň, estetikanyň adamyň we jemgyýetiň durmuşyndaky ähmiýeti. Watançylyk.

Türkmenistanda milli medeni mirasy gorap saklamak baradaky döwlet syýasaty.

Bilim. 2 sagat

Bilim we onuň esasy wezipeleri.

Bilimiň görnüşleri we basgançaklary. Jemgyýetiň ösmeginde bilimiň ähmiýeti. Bilimiň üznüksizligi. Sowatlylyk, bilimlilik we intelligentlik.

Bilimiňi artdyrmak we onuň ähmiýeti.

Ilatyň bilimlilik derejesiniň ýokarlanmagynyň jemgyýetiň ykdysady ösüşine täsiri.

Maglumat jemgyýetiniň şertlerinde bilim we bilimi özüň almak meseleleriniň aýratynlygy.

Türkmenistanda bilim ulgamyny halkara standartlaryna laýyk getirmek döwlet syýasaty. Informasion-kommunikasion tehnologiýalary. Bilim işinde innowasion usullar. Оkatmagyň distansion görnüşi.

Ylym we tehnika. 1 sagat

Ylym we tehnika düşünjesi. Ylymlaryň pudaklary. Ylmyň wezipeleri we onuň jemgyýetdäki ähmiýeti. Ylym adam işiniň görnüşi hökmünde. Häzirki zaman ylmynyň esasy ugurlary we ýeten sepgitleri. Ylym we praktika (durmuş tejribesi). Ylym we maddy önümçilik. Ylmy-tehniki ösüş.

Ylmy açyşlaryň we tehnikanyň ösmeginiň ähmiýeti. Innowasiýa tehnologiýalary. Türkmenistanda ylmyň ösdürilmegi ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasaty we onuň netijeleri. Jemgyýetiň durmuşynda ylmyň orny.

Din we onuň jemgyýetdäki orny. 1 sagat

Din düşünjesi we onuň döremegi Diniň wezipeleri. Dinleriň köpdürliligi. Gadymy dinler. Dünýä dinleri.

Din we umumyadamzat gymmatlyklary. Din ruhy medeniýetiň görnüşi. Başga dinlere hormat goýmak. Türkmenistan – dünýewi döwlet. Wyždan azatlygy. Diniň adamyň durmuşyndaky orny. Türkmen jemgyýetinde musulman we milli däp-dessurlaryň sazlaşygy.

Sungat we onuň adamyň durmuşyndaky orny. 1 sagat Sungat düşünjesi. Adam gözellik dünýäsinde. Sungatda nepislik, döredijilik we gözellik.

Sungatdaky çeperçilik eýýamlar we ugurlar.

Türkmen halkynyň döreden gözellik dünýäsi. Medeniýet we sungat.

Köpçülikleýin habar beriş we maglumatlar serişdeleri. 1 sagat

Gazetler, žurnallar, radio, teleýaýlym we Internet.

Köpçülikleýin habar beriş we maglumatlar serişdeleriniň häzirki zaman jemgyýetine täsiri. Teleýaýlymyň, radionyň adamlaryň ýaşaýyş medeniýetindäki orny. Kompýuter sowatlylygy. Telefon mobil aragatnaşyk serişdeleri.

Adamzat siwilizasiýasy Internet we maglumatlar zamanasynda.

Täze informasion tehnologiýalaryň durmuş ykdysady pudaklarynda ulanylyşy. Elektron hyzmatlar we tölegler.

Umumylaşdyryjy sapak - 1 sagat

Jemleýji gaýtalamak -2 sagat