Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň IX, X, XI syn...docx
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
61.99 Кб
Скачать

Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Türkmenistanyň Milli bilim instituty

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň

IX, X, XI synplar üçin

Jemgyýeti öwreniş dersi boýunça

okuw maksatnamasy

Düzüjiler:

Sosiologiýa ylymlarynyň doktory, professor

Muhammetberdiýew Öwezdurdy Berdiýewiç

taryh ylymlarynyň kandidaty, dosent

Nurýagdy Suwhanow

taryh ylymlarynyň kandidaty, dosent

Süleýman Suleýmanow

Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň hünärmenleri

Ýewgeniýa Nikolaýewna Antonowa

Nuryýewa Gurbanjemal Ataýewna

Aşgabat – 2013

IX, X, XI synplar üçin

Jemgyýeti öwreniş dersi boýunça

Okuw maksatnamasy

Düşündiriş haty

Jemgyýetiň öňe gitmeginiň ruhy, ýaşaýyş-durmuş, ykdysady we medeni esaslary hökmünde bilim ulgamyny kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, “Milli bilim ulgamymyzyň dünýä ylym-bilim ulgamy bilen sazlaşýan we ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda sünnälän ruhy-ahlak, dünýägaraýyş we pelsepe gymmatlyklaryny özünde jemleýän aýdyň ýörelgesi bolmalydyr”.1

2013-nji ýylyň 1-nji martynda “Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” Permany kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ... çuňňur bilimli, giň gözýetimli, zehinli, Watana, halka wepaly, ruhubelent, maksada okgunly, zähmetsöýer şahsyýetleri kemala getirmek, häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanmagyň”2 möhümdigini belleýär.

Jemgyýeti öwreniş dersi ösüp gelýän ýaş nesillerimize raýatlyk terbiýesini bermekde möhüm orun tutýar. Jemgyýeti öwreniş dersi orta mekdepleriň IX, X, XI synplarynda bir okuw ýylynyň dowamynda her synpa 34 sagat, hepdede 1 sagat möçberinde öwrenilýär.

Jemgyýeti öwreniş dersi bazar ykdysadyýeti we hukuk döwleti şertlerinde türkmen halkynyň demokratik däp-dessury esasynda we adamzadyň ählumumy ýörelgelerine laýyklykda jemgyýeti kämilleşdirmek baradaky döwlet meselelerinden ugur alnyp, ýaş nesillerimizde ynsanperwerlik, erkin pikirlenişi kemala getirmäge, oňat şahsyýet sypatlaryny terbiýelemäge, olaryň jemgyýetde öz ornuny tapmaga, jemgyeýtçilik durmuşynda ukyplaryny döredijilikli amala aşyrmaga we işjeň gatnaşmaga gönükdirilendir.

Jemgyýeti öwreniş dersi jemgyýetiň bütewi ösýän ulgamdygy, adamyň ruhy we maddy gymmatlyklary döredijidigi, sarp edijidigi, sosial häsiýetleri özünde jemleýjidigi; jemgyýetiň ösüşiniň esasy taraplary: ykdysadyýetde, syýasatda, durmuşy gatnaşyklarda, şahsyýetiň özüni alyp barşynda we ruhy gurşawda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrmakda hukuklary peýdalanyp bilmek ukyplary baradaky bilimleri we düşünjeleri kemala getirýär.

Jemgyýeti öwreniş dersiniň wezipeleri şu aşakdakylardyr:

- adamlaryň işiniň dürli görnüşlerini, jemgyýetde jemgyýetçilik hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrmakda we ýerine ýetirmekde adamyň we raýatyň orny baradaky bilimler ulgamyny özleşdirmeklik;

- şahsyýetiň, onuň ruhy-ahlak garaýyşlaryny we hukuk aňyny, syýasy we ekologik medeniýetini; durmuşyň dürli ýagdaýlarynda (maşgala, zähmet we professional) öz-özüňi kesgitlemek ukyplaryny, ykdysady garaýyşly pikirlenişini ösdürmeklik;

- dürli çeşmelerden (sosial, ykdysady we hukuk) maglumatlary almaklygy, durmuş ýagdaýlaryna seljerme bermekligi, kommunikasion işjeňligini we ukyplaryny ösdürmeklik;

- ýaşlarda milli we umumadamzat gymmatlyklaryna; jemgyýetiň medeniýetine we däp-dessurlaryna hormaty; ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşiniň gazananlaryna bolan buýsanjy terbiýelemeklik;

- jemgyýetçiilik durmuşyň dürli ugurlarynda: maşgala durmuşynda, şahsara gatnaşyklarynda alnan bilimleri we başarnyklary peýdalanmagy öwretmeklik.

Jemgyýeti öwreniş dersi ynsanperwerlik, tebigy we gözellik bilimleri dersleri bilen dersara baglanyşdyryp okatmaklygy; dürli çeşmelerden (internet) maglumatlary gözläp üstünde işlemekligi, durmuş meselelerini çözmek üçin zerur bolan endikleri kemala getirmegi göz öňünde tutýandyr.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]