Добавил:
Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Standartlary işläp düzmek / Ýeňiş tikin fabriginiň önüminiň döwlet standart taslamasyny TDS 1.5-2016 standartyň talaplaryna laýyklygyny anyklamak.docx
Скачиваний:
74
Добавлен:
05.05.2023
Размер:
4.37 Mб
Скачать
    1. Döwlet standartyň taslamasynyň gutarnykly redaksiýasynyň işlenip taýýarlanylyşy

Türkmenistanyň döwlet standartlaşdyryş meýilnamasyny taýýarlamak we işläp düzmek GR 16162325-57 esasynda amala aşyrylýar.

Standartyň taslamalary iş meýilnamalarynda we tehniki tabşyrykda görkezilen möhletlerde işläp düzülýär.

Işläp düzüji gerek bolanda standarty işläp düzmäge gatnaşýan beýleki ýerine ýetirijileri kesgitleýär we standarty işläp düzmegi buýrujysyna tassyklamak üçin hödürleýär.

Işläp düzüji standartyň taslamasyny tassyklanan tehniki tabşyryga laýyklykda işlap düzýär.

Standartyň taslamasyny işläp düzmek bilen birlikde düşündiriş haty taýýarlanylýar.

Işläp düzüji standartyň taslamasyny düşündiriş haty bilen bilelikde iki nusgada buýruja (sarp edijä) we tehniki tabşyrykda görkezilen beýleki guramalara ugradýar.

Guramalar standartyň taslamasyna öz seslenmäni işläp düzüjä taslamany alan günüňden bir aýyň dowanynda bermelidir.

Standartyň taslamasy boýunça bellikler we teklipler esaslandyrylan bolmaly we şu yzygiderlilikde beýan edilmeli:

  • tutuşlykda taslama boýunça ;

  • standartda beýan edilen yzygiderlilikde: bölümler, kiçi bölümler, nokatlar, kiçi nokatlar we goşundylar boýunça seredilýär we seslenmeleriň sanawyna girizilýär.

Işläp düzüji gelen seslenmeleriň esasynda seslenmeleriň sanawyny düzýär, standartyň taslamasynyň gutarnykly redaksiýasyny işläp düzýär we düşündiriş hatyny täzeden anyklaýar.

Standartyň taslamasy boýunça garşylykly pikirler ýüze çykanda işläp düzüji şol garşylyklara seretmek boýunça ylalaşyjy maslahaty geçirýär. Maslahata, hökmany tertipde bellikleri beren guramalaryň wekilleri çagyrylýar.

Maslahatyň çözgüdi maslahata gatnaşanlar tarapyndan gol çekilen beýannama bilen resmileşdirilýär. Maslahata gatnaşyjylaryň aýratyn pikirleri (bar bolanda) beýannamanyň ýanyna goşulýar.

Işläp düzüji standartyň taslamasynyň gutarnykly redaksiýasyny düşündiriş haty bilen buýruja (sarp edijä), döwlet gözegçilik edaralaryna we tehniki tabşyrykda görkezilen beýleki edaralara (ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralara we ş.m.) ylalaşmaga ugradylýar.

Standartyň taslamasy ähli edaralara şol bir wagtda iberilýär.

Standartyň taslamasy alnan gününden başlap bir aýyň dowamynda ylalaşylmaly.

Standartyň taslamasy boýunça bellikler bolanda, olar işläp düzüjä şolar yaly möhletde esaslandyrmasy bilen ugradylmaly.

Standartyň taslamasy bilen ylalaşylandygy baradaky tassyklanma ylalaşýan guramanyň ýolbaşçysy (orunbasary) tarapyndan gol çekilen aýratyn hat bilen ýa-da “Ylalaşyldy” grifiniň aşagynda ylalaşýan edaranyň ýolbaşçysynyň (orunbasarynyň) goly bilen resmileşdirilýär. Ylalaşylan gol möhür bilen tassyklanmaly.

“Bellikler bilen ylalaşyldy” ýazga ygtyýar berilmeýär.

      1. Standart taslamasynyň tassyklanylmagy, resmileşdirilmegi

Standarty işläp düzüji standartyň taslamasynyň gutarnykly rejegärligini üç nusgada, iki dilde (türkmen we rus dillerinde) taýýarlap, Gulluga tassyklamaga hödürleýär. Standartyň taslamasynyň ýany bilen işläp düzüjiniň ýolbaşçysy tarapyndan gol çeken ugradyş haty we bir nusgada şu aşakdaky resminamalar iberilmelidir:

- standarty işläp düzmäge esas bolan teklip, tabşyrygyň nusgasy;

- standartyň taslamasynyň gutarnykly rejegärligine düşündiriş haty;

- seslenmeleriň sanawy;

- seslenmeleriň asyl nusgalary;

- standartyň taslamasynyň gutarnykly rejegärliginiň ylalaşylandygyny tassyklaýan asyl nusgadaky resminamalary;

- ylalaşyjy maslahatyň teswirnamasy (bar bolanda);

- Türkmenistanyň döwlet standartyny girizmek bilen baglanyşykly, öň hereket edýän degişli kadalaşdyryjy resminamany ýatyrmak barada ýuridiki şahslaryň haýyşnamasy.

Gulluk standartyň taslamasyny alan wagtyndan başlap bir aýyň dowamynda şu işleri ýerine ýetirýär:

- hereket edýän kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda standartyň taslamasynyň we oňa goşulýan resminamalaryň seljermesini geçirmek;

- garşylykly seslenmeler bolan ýagdaýynda gutarnykly çözgüdi kabul etmek;

- standartyň taslamasyny tassyklamaga taýýarlamak ýa-da işläp düzüji tarapyndan standartyň taslamasyny gaýtadan işlemek üçin çözgüdi kabul etmek.

Halkara, sebitara standarty ýa-da beýleki ýurtlaryň milli standarty gönüden-göni kabul edilende, onuň resmi neşiri, tassyklanan göçürmesi (standartlaşdyrmak boýunça edarasy ýa-da asyl nusgasyny saklaýjysy ýa-da buýrujy tarapyndan) we onuň terjimesi talap edilýär.

Standarty tassyklamak işläp düzüji we degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ylalaşygy esasynda amala aşyrylýar.

Standart Gullugyň buýrugy bilen tassyklanýar we güýje girizilýär.

Önümiň we hyzmatyň tehniki talaplaryny kesgitleýän standartlara bäş ýyldan köp bolmadyk möhlet bellenýär. Beýleki standartlar möhletsiz güýje girizilýär.

Standart tassyklananda onuň güýje girizilýän senesi bellenilýär. Standartyň güýje girizilen senesi, zerur bolan çärelerini göz öňüne tutmak bilen her bir anyk ýagdaýa göra bellenilýär.

Standarty Döwlet sanawynda hasaba almaklyk hereket edýän kadalaşdyryjy resminamalarynyň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

Standartlar hereket edýän kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklykda çap edilýär we ýaýradylýar.