
- •Giriş. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe standartlaşdyrmagyň tutýan orny
- •Edebi syn. Türkmenistanyň standartlaşdyrmak boýunça döwlet ulgamy
- •Türkmenistanyň döwlet standartlarynyň maksady we meseleleri
- •Türkmenistanyň standartlaşdyrmak boýunça döwlet ulgamy
- •Standartlaşdyrmagyň kanunalaýyklygy we ähmiýeti
- •Türkmenistanyň çäginde hereket edýän kadalaşdyryjy resminamalaryň görnüşleri we derejeleri
- •Türkmen döwlet standartlarynyň işläp düzülişiniň tehnologiýasy
- •Standartlaryň işläp düzüliş işlerini gurnamak
- •Döwlet standartlarynyň işläp düzülmeginiň tehnologiýasy
- •Standartlary işläp düzmegiň tapgyrlary
- •Döwlet standartyň taslamasynyň gutarnykly redaksiýasynyň işlenip taýýarlanylyşy
- •Standart taslamasynyň tassyklanylmagy, resmileşdirilmegi
- •Standartyň neşir edilmegi we ýaýradylmagy
- •3. Tikin önümiň hil häsiýetlerini tds 1.5-2016 standartynyň talaplaryna laýyklygyny anyklamak
- •3.1.1 Tikin önümiň düzümi, häsiýetleri, we görnüşleri
- •Erkek köýnekleri üçin matalaryň görnüşleri (köýnek)
- •3.1.2 Erkek adam üçin köýneklere tehniki talaplar
- •3.1.3 Tikin önümiň synag usullary
- •Tikin önümini synag etmegiň tapgyrlary
- •3.1.4 Belgilemek, gaplamak, daşamak we saklamak talaplary Belgilemek
- •Önümde belgilemek işleriniň ýerine ýetiriliş ýerleri
- •Gaplamak
- •Tikin önüminiň mukdary boýunça gaplanyşy
- •3.2 Kadalaşdyryjy resminamanyň mazmunyň talaplara laýyklygyny anyklamak
- •3.3 Derňewiň netijesini jemlemek we teklipleri goşmak
- •Netije we teklipler
- •Ulanylan edebiýatlar
Türkmenistanyň çäginde hereket edýän kadalaşdyryjy resminamalaryň görnüşleri we derejeleri
Kadalaşdyryjy resminama – bu belli bir edilýän anyk işleriň, herekediň görnüşlerine we onuň netijelerine degişli bolan häsiýetnamalaryň umumy prinsiplerini we düzgünlerini öz içine alýan resminamadyr. Kadalaşdyryjy resminamalara standartlar, tehniki şertler, tehniki görkezme, düzgünnama, instruksiýa ýaly düşünjeleri öz içine alýar. Bu düşünjeler TDS 1.0-2016 “Standartlaşdyrmagyň döwlet ulgamy. Esasy düzgünler” esasynda kesgitlenyär.
Standartlaşdyrma boýunça kadalaşdyryjy resminamalar – bu normalary, düzgünleri, talaplary, talaplar toplumlaryny düzýän resminama.
Türkmenistanyň “Standartlaşdyrmak hakyndaky” kanunyna laýyklykda standartlaşdyrmak ugry boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň şu aşakdaky derejeleri hereket edýär.
•halkara standartlary;
•döwletara standartlary;
•döwlet standartlary;
•tehniki şertler;
•pudak standartlary;
•kärhana standartlary;
•düzgünler, düzgünnamalar, gollanmalar, metodik görkezmeleri, kadalar we maslahatlar.
Halkara standartlary halkara standartlaşdyryş guramalary tarapyndan kabul edilýär. Standartlaryň köpüsi bolsa Halkara ISO guramasy (International Organization for Standartization) tarapyndan kabul edilýär. Beýleki kategoriýaly standartlar döredilende käte standartlara salgylanylýar.
Döwletara standartlar dünýäniň haýsy hem bolsa bir regionynda ýerleşen, özara ykdysady gatnaşyklar bilen bagly bolan döwletler tarapyndan kabul edilýär. Muňa standartlaşdyrmak baradaky Afrikanyň sebitara guramasynyň, Standartlaşdyrmak we metrologiýa baradaky Arap döwletleriniň guramasynyň, Ýewropanyň standartlaşdyrmak boýunça komitetiniň standartlary mysal bolup biler.
Döwlet (milli) standartlar standartlaşyrmak boýunça milli gurama “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy tarapyndan kabul edilýär. Ministrlikler, pudak ýolbaşçylary olaryň işini üpjün etmek üçin zerur bolan pudak standartlary we düzgünnamalar toplumlaryny kabul edýär.
Tehniki şertler – önümiň belli bir görnüşine, markasyna, artikulyna bolan talaplaryň toplumyny düzýän normatiw-tehniki resminama.
Tehniki şertler kärhanalar, guramalar tarapyndan taýýarlanyp belli bir önüme, prosese ýa-da hyzmatlara talaplary belleýär, ýöne tehniki şertleriň talaplary milli we döwletara standartlaryň talaplaryna ters gelmeli däl.
Kärhanalaryň standartlary diňe şol kärhanada döredilýän ýa-da ulanylýan önümler, hyzmatlar, prosesler üçin işlenip düzülýär we döwlet standartlaryň talaplaryna ters gelmeli däl.
Standartlaşdyryş obýektleriniň aýratynlyklaryna we olara edilýän talaplaryň mazmunyna baglylykda standartlaryň şu görnüşleri bolýar:
Esas düzüji standartlar;
Adalgalaryň we kesgitlemeleriň standartlary;
Önümleriň standartlary;
Prosesleriň standartlary;
Hyzmatlaryň standartlary;
Synag usullarynyň standartlary.
Esasdüzüji standartlara unifisirlenen formaly we mazmunly resminamalaryň (hasaba alyş, hasabat we haryt ugratmak we başgalar) standartlary hem degişli. ISO/IEC guramasy esasdüzüji standartlaryna kesgitlenilen ugry boýunça umumy düzgünleri öz içine alýan we giňden ulanylýan standart diýlip kesgitleme berilýär. Esasdüzüji standartlary köplenç pudagara standartlary diýip atlandyrylýar. Sebäbi olar dürli pudaklarda amala aşyrylýan işleriň görnüşleri üçin umumy guramaçylyk-metodiki düzgünleri, hem-de önümi taýýarlamak we ulanmak proseslerinde ylmyň, tehnikanyň we önümçiligiň dürli ugurlary bilen özara baglanyşykly, tehniki taýdan bitewiligi, özara düşünişmegi üpjün edýän kadalaryň we düzgünleriň umumy talaplaryny, şolar ýaly-da daşky gurşawy goramak, adamyň saglygyna, ömrüne, emlägine täsir edýän önümleriň, prosesleriň we edilýän hyzmatlaryň howpsuzlygyny üpjün edýän talaplary kesgitleýär.
Esasdüzüji guramaçylyk-metodiki standartlary şu aşakdakylary kesgitleýär:
standartlaşdyrylýan dürli obýektleriň maksadyny, meselelerini we klassifikasion strukturasyny;
kesgitlenýän ugurlarda işleri geçirmek boýunça umumy düzgünleri;
kadalaşdyryjy (konstruktor, tehnologik, taslama, programma we başgalar) we tehniki resminamalary işläp düzmegiň, tassyklamagyň we ulanmagyň tertibini (düzgünlerini).
Adalgalar, ýagny standartlarda görkezilen adalgalar önümiň hili boýunça we hili dolandyrmakda ulanylýan esasy düşünjeleri kesgitleýän ýeke-täk toplum.
Türkmenistanyň milli standartlaryny tassyklamazdan öňürti “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy kanunlaryň, hereket edýän halkara we döwletara standartlarynyň, metrologiki düzgünleriň we kadalaryň, ulanylýan adalgalaryň, gurluş düzgünleriniň, standartlaryň beýan edilişiniň we düzülişiniň talaplaryna laýyk gelişiniň barlagyny geçirmeli. “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy tarapyndan berkidilen nomenklaturasy boýunça önümiň, işleriň we hyzmatlaryň milli standartlaryny ministrlikler we edaralar, taslama-konstruktor, ylmy-barlag we beýleki guramalar, tehniki komitetler işläp taýýarlaýar. Milli standartlaryň taýýarlanyş derejesi üçin jogapkärçiligi standartlary taýýarlaýajylar, önümi taýýarlaýan we sargyt edýän kärhanalar, döwlet gözegçilik organlary we olary tassyklan guramalar çekýär.
Halkara we beýleki ýurtlaryň milli standarlarynyň talaplary Türkmenistanyň halk hojalygynyň isleglerini kanagatlandyrýan bolsa, olar bilelikde işleşmek baradaky halkara ylalaşygyň (şertnamanyň) ýa-da standartlaşdyryş boýunça degişli regional guramalar we milli organlar rugsat berenden soň “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynda hasaba alnandan soň ulanylmaly.