Добавил:
Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Standartlary işläp düzmek / Ýeňiş tikin fabriginiň önüminiň döwlet standart taslamasyny TDS 1.5-2016 standartyň talaplaryna laýyklygyny anyklamak.docx
Скачиваний:
74
Добавлен:
05.05.2023
Размер:
4.37 Mб
Скачать
    1. Standartlaşdyrmagyň kanunalaýyklygy we ähmiýeti

Standartlary döretmek, olary durmuşa, önümçilige ornaşdyrmak we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek ýaly işleriň jemine standartlaşdyrmak diýilip at berilýär.

Adamlaryň standartlaşdyryş bilen bagly düşünjeleri ylmyň tehnikanyň ösmegi önümçiligiň kämilleşmegi bilen emele gelýär. Standartlaşdyrmak belli bir ugurda kadalygy gazanmakly ugurdyr. Standartlary ylalaşyk esasynda iki taraplaýyn işlenip taýýarlanýan resminamadyr. Ol standartlaryň döwlet uguryny düzýär.

Standart – gyzyklanýan taraplary köpçüligiň arasynda ýüze çykan meseleler boýunça garşylyklaryň ýok ýagdaýynda, ylalaşyk (konsensus) esasynda işlenip taýýarlanylýan resminama.

Standartlar önümleriň iň gowy häsiýetleriniň gazanylmagyny üpjün edýär we adamlaryň sarp edýän önümleriniň we olara edilýän hyzmatlaryň hiliniň peselmegine mümkinçilik bermeýär, sarp edijileriň ömrüniň we saglygynyň howpsuzlygyny hem-de daşky gurşawyň durkunyň saklanylmagyny üpjün edýär.

Önüm öndürilende we hyzmat edilende standart materiallary, çig-mallary, maddalary we beÿleki komplektleÿji önümleri we harytlary satyn alynanda we ulanylanda olaryň bäsleşige ukyplylygyny ÿokarlandyrmaga we olaryň özüne düşÿän gymmatyny peseltmäge mümkinçilik berÿär.

Daşary ýurtlaryň tejribesi milli standartlary ulanmagy ykdysady taýdan uly ähmiýetiniň bardygyny görkezÿär. Meselem: Beýik Britaniýanyň senagat we söwda departamentiniň hasaplamalaryna görä standartlaşdyrmagyň hasabyna zähmet öndürijiliginiň 13 %-e çenli ýokarlanmagyny üpjün edýär. Ol Germaniýada, Awstriýada we Şweýsariýada ilatyň adam başyna düşýän önümiň gymmaty boýunça ösüşiň 1 %-ini düzýär.

Standartlaşdyrmak önümlere, proseslere we hyzmatlara köp gezek gaÿtalanÿan ählumumy talaplary, düzgünleri we häsiÿetnamalary, şolar ÿaly-da, olaryň laÿyklygy tassyklanylanda ulanylan ölçeg, synag we barlag usullaryny kesgitleÿär.

Standartlaşdyrmak boýunça geçirilýän işler biziň ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de “Standartlaşdyrmak hakynda”, “Ölçegleriň bitewini üpjün etmek hakynda”, “Sertifikatlaşdyrmak hakynda”, “Sarp edijileriň hukugyny goramak hakyndaky” kanunlara esaslanýar. Bu kanunlar standartlaşdyrmak, metrologiýa, sertifikatlaşdyrmak ugrunda gatnaşyklary sazlaýar we hukuk esaslaryny belleýär hem-de kanun boýunça sarp edijileriň we döwletiň bähbidini goramak çärelerini kesgitleýär, talap edilýän kadalaryň düzgünleriň üsti bilen standartlaryň işläp düzülişine, olaryň mazmunyna hökmany talaplaryň ýerine ýetirilmegine, ulanylmagyna, berjaý edilişine döwlet gözegçiligi amala aşyrýarlar. Kanun boýunça önümiň, işleriň, hyzmatlaryň hilini üpjün etmek ylmyň we tehnologiýanyň täze gazananlaryna esaslanmagy talap edýär.

Milli standartlar konstruktor we tehnologik resminamalary, önümçilikde önümleriň öndürilmegini ÿola goÿmak, önümleriň, prosesleriň we hyzmatlaryň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmek boÿunça resminamalary işläp düzmäge mümkinçilik berÿär. Standartlar islendik kärhanada zähmet howpsuzlygyny üpjün etmek, önümçilikde işler geçirilende we alyjylara hyzmat edilende daşky gurşawy goramak boÿunça talaplary we beÿleki berjaÿ edilmeli umumy-tehniki we guramaçylyk-metodiki düzgünleri kesgitleÿär.