Добавил:
Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Standartlary işläp düzmek / Ýeňiş tikin fabriginiň önüminiň döwlet standart taslamasyny TDS 1.5-2016 standartyň talaplaryna laýyklygyny anyklamak.docx
Скачиваний:
74
Добавлен:
05.05.2023
Размер:
4.37 Mб
Скачать
    1. Türkmenistanyň standartlaşdyrmak boýunça döwlet ulgamy

Türkmenistanyň standartlaşdyrmak boýunça işleri TDS 1.0-2016 “Türkmenistanyň döwlet standartlaşdyryş ulgamy. Esasy düzgünler” standartyna laýyklykda alnyp barylýar. Bu resminamada standartlaşdyrmagyň esasy ýörelgeleri görkezilýär:

  1. Standartlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň işlenip düzülişi, önümi işläp düzýan, taýýarlaýan we sarp edýän ähli bähbidi bolan taraplaryň önümiň görnüşleri, saglygyna we emlägine howp salmazlygy, töwerekdäki gurşawy goramak, özara bähbitli gaýry meseleler boýunça iş alyp barmakda taraplaryň pikirini nazara almak bilen ylalaşyga ymtylmalydyr;

  2. Standartlar we tehniki şertler işlenip düzülende halkara we döwletara standartlary, zerur bolanda daşary ýurt döwletleriň milli standartlary nazara alynmaly;

  3. Standartlar işlenip düzülende aşakdakylary üpjün etmek zerurdyr:

  • standartyň talaplarynyň Türkmenistanyň kanunçylyk namalarynyň talaplaryna laýyklygyny;

  • standartlara girizilýän talaplaryň amatlylygyny.

  1. Ylmyň we tehnikanyň ýurtdymyzyň we daşary ýurt tejribäniň häzirki zamanda gazanan netijelerine laýyk bolmak üpjün etmek maksady bilen standartlar her bäş ýylda bir gezekden az bolmadyk möhletde seljerip olaryň könelişen talaplaryny kämilleşdirmeli.

MILLI STANDARTLAŞDYRYŞ ULGAMY

Hukuk esaslary

Kadalaşdyryjy esaslary

Türkmenistanyň Konstitutsiýasy

Esasdüzüji standartlar

Türkmenistanyň Kanunlary:

  • “Standartlaşdyrmak hakyndaky”

  • “Sertifikatlaşdyrmak hakyndaky”

  • “Sarp edijileriň hukugyny goramak hakynda”

  • “Ýerasty baýlyklar hakynda”

  • Türkmenistanyň Zähmet Kodeksi

  • “Tebigaty goramak hakynda”

Milli standartlaşdyryş ulgamynyň guramaçylyk-usulyýet standatlarynyň toplumy

Standartlaryň umumy tehniki ulgamlary (toplumlary):

-Zähmet howpsuzlygynyň standartlar ulgamy (ZHSU);

-Konstruktor resminamalaryň bitewi ulgamy (KRBU);

-Ölçeg serişdeleriň bitewi ulgamy (ÖSBU);

-Tehnologik resminamalaryň bitewi ulgamy (TRBU);

-Önümiň hil görkezijileriniň ulgamy (ÖHGU);

-Programma resminamalarynyň bitewi ulgamy (PRBU)

Türkmenistanyň hökümetiniň kadalaşdyryjy hukuknamalary

Türkmenistanyň döwlet standartlaşdyryş ulgamynyň standartlary

TDS 1.0-2016 we beýlekiler

1-nji surat. Türkmenistanyň döwlet Standartlaşdyryş ulgamynyň hukuk we kadalaşdyryjy esaslary