Добавил:
Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Standartlary işläp düzmek / Ýeňiş tikin fabriginiň önüminiň döwlet standart taslamasyny TDS 1.5-2016 standartyň talaplaryna laýyklygyny anyklamak.docx
Скачиваний:
74
Добавлен:
05.05.2023
Размер:
4.37 Mб
Скачать

3.2 Kadalaşdyryjy resminamanyň mazmunyň talaplara laýyklygyny anyklamak

Umumy tehniki şertleriň standartyny, eger birmeňzeş önümiň ähli toplumyna umumy tehniki şertleriň standartyny işläp düzmek mümkin ýa-da maksada laýyk bolmasa we şol bir wagtda anyk önüme ýa-da birmeňzeş önümiň berlen toplumyna degişli ähli önüme öz içine almaýan anyk önümiň toplumyna giňişleýin talaplary düzgünleşdirmek gerek bolanda işläp düzýärler.

Umumy tehniki şertleriň standartynyň bölümleriniň nomenklaturasyny (atlaryny), düzümini (gurluşyny) we mazmunyny umumy tehniki şertleriň standartlarynyňky ýaly, ýöne standartlaşdyrylýan önümiň aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen belleýärler. Şonda tehniki şertleriň standarty, düzgün bolşy ýaly, “Toparlama” bölümi girizmeýärler.

Umumy tehniki şertleriň standartyna, düzgün bolşy ýaly, aşakdaky bölümleri girizýärler:

- tehniki talaplar;

- howpsuzlyk talaplar;

- töwerekdäki gurşawy goramagyň talaplary;

- kabul ediş düzgünleri;

- barlag (synag) usullary;

- daşamak we saklamak;

- ulanylyşy (peýdalanmak, taýýarlamak usuly, tehniki hyzmat etmek, abatlamak, gaýtadan peýdalanmak) boýunça talaplar;

- taýýarlaýjynyň kepillikleri.

3.3 Derňewiň netijesini jemlemek we teklipleri goşmak

Işläp düzen standart taslamamyzyň mazmunyndan görnüşi ýaly bellenilen önüme tehniki howpsuzlyk talaplary, kabul ediş düzgünlerini, synag usullary, daşamak we saklamak talaplary we taýýarlaýjynyň kepillikleri bölümleri belläp geçdik. TDS 1.5-2016 standartynyň talaplaryna laýyklykda degişli önümi has kämil derejede işläp taýýarlamak üçin ýokardaky talaplar getirilýär.

Taýýarlanylýan önümiň daşky gurşawa howpsuzlyk talaplaryny kesgitlemek üçin işlenilýän standartda ,, Töwerekdäki gurşawy goramagyň talaplary’’ bölümi girizilýär. Bu bölümde taýýarlanylýan, gaplanylýan erkek adamlar üçin köýnekleriň gaplanyşyna, ýaramlylyk möhletine we beýleki howpsuzlyk talaplary kesgitlenilýär.

Netijede tikin önümi üçin standartlary derňemek we işläp düzmek üçin talaplary TDS 1.5-2016 standarty möhüm bolup durýar. Bu standart taslamasyna goşmaça teklipleri girizmeklik hökmançylygy we hökman dälligi önümiň görnüşine baglydyr. Hazirki wagtda işlenip düzülen standart taslamsy degişli kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk diýip makul bilindi. Bu standart taslamasyna girizilip bilinjek teklipler:

  • standartyň düzümine ,,ekologiki howpsuzlyklygy’’ girizmeklik;

  • Ulanyş düzgünlerini girizmeklik;

  • Howpsuzlyk talaplaryny girizmeklik.

Degişli teklipler esasynda standartyň öňki talaplaryň has-da berk we kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplarynyň berjaý edilişini has-da güýçlendirip biler.

Netije we teklipler

Standartlaşdyrmak biziň döwrümizde durmuş-ýaşaýyş şertlerinde sosial, ykdysady sferasynda durnuklylyk faktory hökmünde çykyş edip, dünýä derejesinde söwda gatnaşyklaryň ugurlarynyň tehniki päsgelçiliklerini aradan aýyrmak, hem-de milli ykdysadyýetimiziň bäsleşige ukyplylygyny artdyrmagyň esasy serişdesi bolup hyzmat edýär.

Önümiň standartyny işläp düzmek, şeýle hem sarp ediji üçin çäksiz peýdalydyr, sebäbi ol söwdanyň ösmegine ýardam edýär we gatnaşýan taraplaryň arasyndaky jedelleri aradan aýyrýar. Öndürijiniň we sarp edijiniň özara gatnaşyklarynyň nukdaýnazaryndan standartlaşdyrmagyň maksady öndürijiniň öndürýän önüminiň hiliniň ýokarlanmagyny, ulanylýan standartlaryň talaplaryna laýyk gelmegini gazanmak, sarp edijini bolsa standartyň talaplaryna laýyk gelmeýän önüm bilen üpjün edilmeginden goramak bolup durýar.

Standartlary işläp düzmegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylyk namalaryna esaslanýar. Şeýle hem, ,,Standartlaşdyrmak’’ hakyndaky kanun standartlar üçin esasy ýörelgedir. Standartlary işläp düzmeklik ,,Türkmenstandartlary’’ baş döwlet gullugy tarapyndan tassyklanylan we güýje girizilen esas bolujy standartlar tarapyndan düzülýär.

“Standartlary we kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzmek” dersi boýunça “"Ýeňiş" tikin fabriginiň önüminiň döwlet standart taslamasyny TDS 1.5-2016 standartyň talaplaryna laýyklygyny anyklamak” temada ýerine ýetirilen bu ýyllyk işinde şu meselelere seredildi:

  • Türkmen döwlet standartlarynyň işläp düzülişiniň tehnologiýasy

  • Standart taslamasynyň tassyklanylmagy, resmileşdirilmegi

  • Tikin önümiň hil häsiýetlerini TDS 1.5-2016 standartynyň talaplaryna laýyklygyny anyklamak

  • Erkek adam üçin köýneklere edilýän tehniki talaplar

  • Kadalaşdyryjy resminamanyň mazmunyň talaplara laýyklygyny anyklamak

  • Derňewiň netijesini jemlemek we teklipleri goşmak