Добавил:
Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Standartlary işläp düzmek / Ýeňiş tikin fabriginiň önüminiň döwlet standart taslamasyny TDS 1.5-2016 standartyň talaplaryna laýyklygyny anyklamak.docx
Скачиваний:
74
Добавлен:
05.05.2023
Размер:
4.37 Mб
Скачать

3.1.2 Erkek adam üçin köýneklere tehniki talaplar

Tikin önümler TDS 555-2012 standartynyň talaplaryna, TDS-15.007 boýunça tassyklanan nusga-etalona, konfeksion karta ýa-da ýelmenýän ülňi karta we bellenen tertipde tassyklanan modeliň tehniki beýanyna laýyklykda öndürilmelidir.

Önümleri ministrleriň, wedomstwolaýyn buýurmalar boýunça bellenen tertipde tassyklanan nusga-etalona laýyklykda öndürilmeklige rugsat berilýär.

Häsiýetleri

Köýnekler öndürilende ulanylýan esasy, bezeg, içlik üçin materiallaryň we furnituranyň assortimentini modeliň tehniki beýanynda görkezýärler.

Bezeg kontrast detallar bilen öndürilen köýneklerde esasy materialyň we bezeg materialynyň ýuwga durnukly reňki bolmalydyr.

Ulanylýan materiallaryň hili şol materiallaryň kadalaşdyryjy resminamalaryna laýyk gelmelidir.

Önümleriň detallarynda goýberilýän urnamalaryň işläp bejerme usullaryny, ölçeglerini, ýerleşişini tikinçilik senagatynda hereket edýän tehniki resminamalaryň talaplaryna laýyklykda belleýärler.

Önümleri öndürmegiň aýratynlyklaryny modeliň tehniki beýanynda göz öňünde tutulýar.

Taýyn önümleriň detallaryndaky goýberilýän urnamalar olaryň estetiki we ulanyş häsiýetlerini peseltmeli däldirler.

Maşyn we el tikinleriniň ýygylygyny, setirlerde sapaklaryň uçlarynyň berkidiliş usullary, sapaklaryň görnüşi we nomeri, tikinleriň görnüşleri we ölçegleri, furniturany berkitmegiň usullary TDS-12807 talaplaryna laýyk gelmelidir.

Erkek adamlar we mekdep ýaşly çagalar üçin köýnekleriň dik we serpme ýakalarynda, dik bolmadyk ýakada, manžetlerde içlikler üçin niýetlenen materiallardan içlik bolmalydyr.

Ulanylýan meteriallara baglylykda köýnekleriň aýry modelleri ýokary döş plankasynda we bortlarynda içlik bilen öndürilip biliner we ol modeliň tehniki beýanynda göz öňünde tutulmalydyr.

Ýakasy gabşyrylyp tikilen köýnekler ätiýaç ýakaly we manžetli öndürilip bilnerler.

Köýnekleriň we ýeňleriň eteginiň epilmesiniň ululygyny modeliň tehniki beýanynda göz öňünde tutýarlar.

Ýakanyň aşagynyň içki gyrasyny goşmaça işläp bejermeýärler.

Ürgün bolmadyk materiallaryň açyk kesiklerinden başga açyk kesikler depjelen, jäheklenen we tikilen bolmalydyr.

Açyk bildirýän dimmetrik gönüburç öýjükli ýa-da zolakly materiallardan köýnekler öndürilende aşakdaky şertleri berjaý edýärler:

  • Erşiň sapaklaryna burç bilen biçilen plankalardan başga ýokarky plankanyň kese suratyň öňdäki surat bilen deň gelmeli;

  • Bortly köýneklerdäki çep we sag polkajyklaryň kese suratyň ildirgijiň setiri boýunça gabat gelmegi;

  • Modeliň tehniki beýany tarapyndan suratlaryň gabat gelmezligi göz öňünde tutulan önümlerden başga öň polkajyklarynyň suraty bilen jübütleriň we klapanlaryň suratlarynyň gabat gelmegi;

  • Erşiň sapaklaryna burç bilen biçilen jübüt detallarda materiallaryň suratlarynyň ugurlarynyň simmetrikligi;

  • Gysga ýeňleriň aşagyndaky kese suratlaryň simmetrikligi.

Suratlaryň simmetrikligi we gabat gelmegi boýunça goşmaça talaplar modeliň tehniki beýanynda bellenýärler.

3.1.3 Tikin önümiň synag usullary

TDS-4103 standarty eşikleriň ähli görnüşlerine degişlidir we taýýar önümleriň hiline gözegçilik usullaryny kesgitleýär. Önümleriň hili gorizontal üstli stoluň üstünde dolandyrylýar. Önümleriň hiline gözegçilik etmek üçin ulanylýan manekenler kadalaşdyryjy we tehniki resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmelidir. Önümleriň çyzykly ölçeglerine, tikişleriň ýygylygyna we materiallaryň daşky görnüşindäki kemçilikleriň ululygyna gözegçilik etmek üçin, eplenmeýän ölçeýji, lenta ölçegi, halka ölçeýji, 1 mm ululykdaky üçburçluk, dokma ulaldyjy aýna we protektor ulnylýar.

Önümleriň esasy we kömekçi çyzykly ölçeglerini ölçemegiň usullary 2 – nji tablisada görkezilenlere laýyk gelmelidir.