Добавил:
Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Standartlary işläp düzmek / 13._Standartlary we kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzmegiň tehnologiýasy.umumy_ A.Sopyýewa.pptx
Скачиваний:
207
Добавлен:
05.05.2023
Размер:
5.08 Mб
Скачать

-harytlaryň dürli görnüşleri gaplananda we satylanda gaplara salynayn harytlaryň mukdarynyň resminamalarynyň talaplaryna laýyk gelmezligi;

-söwda amallary geçirilende, maddy gymmatlyklar we energetik serişdeler hasaba alynanda önümleriň, işleriň we hyzmatlaryň hiline täsir edýän esasy tehnologik tapgyrlaryň Türkmenistanyň kadalaşdyryjy resminamalarynda bellenilen tertipde ölçeg serişdeleri bilen üpjün edilmezligi – fiziki şahyslara duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň ikisine

çenli, wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň bäşisine çenli möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

2. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ygtyýarnama almazdan ölçegleriň bitewiligini üpjün etmek, şeýle hem senagat howupsyzlygyny, howuply desgalary taslamak we gurmak hem-de howuply ýükleri daşamak babatdaky işleriň amala aşyrylmagy

– fiziki şahyslara binýatlyk mukdaryň ikisine çenli, wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde gö öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylanda soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi

– fiziki şahyslara binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine, wezipeli adamlara – bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Sarp edijileriň hukuklsrynyň bozulmagy.

1. Taýýarlaýjy (ýerine ýetiriji, satyjy) tarapyndan harydyň kemçiliklerini aradan aýyrmak, hyzmatlary we işleri ýerine ýetirmek barada möhletleriň bozulmagy – fiziki

şahyslara binýatlyk mukdaryň dördüsine, möçberde jerime salynmagyna eltýär. 2. Sarp edijileriň ýerlenilýän harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň), olaryň hili, görnüşi,

olary taýýarlaýjy, ýerine ýetiriji we satyjy barada zerur hem-de anyk maglumatlary almaga bolan hukuklarynyň bozulmagy, şonuň ýalyda alyjylaryň satyn alan harytlarynyň hilini, üpjünçiligini, agramyny we nyrhyny barlamaga bolan hukuklarynyň çäklendirilmegi, söwda işgärleriniň olary howupsyz we dogry ulanmagyň kadalaryny düşündirmekden boýun gaçyrmagy - fiziki şahyslara binýatlyk mukdaryň ikisne, wezipeli adamlara – dördüsini,ýuridiki şahyslara – onusyns çenli

möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Satyjy, öndüriji, ýerine ýetiriji, ygtyýarly şahs sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy çygrynda döwlet gözegçiligini amala aşyrýan edaralaryň talaby boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen öz ygtyýarlyklaryny amala aşyrmak üçin zerur bolan ygtybarly maglumatlary, resminamalary, ýazmaça görnüşde ýa-da dilden

düşündirişleri we beýleki maglumatlary bellenen möhletde bermäge borçludyrlar. Sarp edijileriň aýry-aýry toparlaryna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde söwda, durmuş hyzmatynda we sarp edijilere hyzmat etmegiň başga

görnüşlerinde ýeňillikler we artykmaçlyklar berlip bilner. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi (mundan beýläk – ygtyýarly edara), sarp edijileriň hukuklaryny goraýan beýleki döwlet edaralary (mundan beýläk – beýleki döwlet

edaralary), ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy çygrynda döwlet gözegçiligini amala aşyrýan edaralar bolup durýarlar.

Sarp edijiniň satyjy, öndüriji (ýerine ýetiriji) hakynda, haryt (iş, hyzmat) hakynda doly we ygtybarly maglumat almaga hukugy bardyr. Görkezilen maglumat

sarp edijileriň dykgatyna harydy bölekleýin satyn almak-satmak şertnamasy, işi ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek hakynda şertnama baglaşylanda sarp edijilere hyzmat etmegiň aýry-aýry ulgamlarynda kabul edilen usullar bilen aýdyň we elýeterli görnüşde ýetirilýär.

2.Satyjy (ýerine ýetiriji) hakynda maglumatda şu aşakdakylar bolmalydyr:

1)satyjynyň (ýerine ýetirijiniň) doly ady;

2)satyjynyň (ýerine ýetirijiniň) iş düzgüni, şu Kanunyň 1-nji maddasynyň 12- nji bendinde görkezilen fiziki şahs muňa degişli däldir;

3)ýuridik şahs ýa-da ýuridik şahsy döretmezden hususy telekeçi hökmünde döwlet tarapyndan bellige alnandygy (eger amala aşyrylýan işiň görnüşi

ygtyýarlylandyrylmaga degişli bolsa), ygtyýarnamasynyň bardygy hakynda maglumatlar.

Peýdalanylan edebiýatlar

1.Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. Saýlanan eserler. I-XII tom. – A.: TDNG, 2008-2019.

2.Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: halka daýanyp, halkyň hatyrasyna. – A.: TDNG, 2010.

3.Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy. – A.: TDNG, 2010. I-II tom.

4.Gurbanguly Berdimuhamedow. Watan goragy mukaddesdir. – A.: TDNG, 2015.

5.Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2010.

6.Организация, планирование и управление промышленным предприятии. М.: Экономика, 1982, -375с.

7.Лукманов Б.Л. Стандарты системы качество, „Standart hil we howpsuzlyk” N 3 2017, с 8-11.

8.TDS 1.0-2016 “Türkmenistanyň standartlaşdyrmak boýunça Döwlet ulgamy”. Esasy düzgünler.

9.Arkadagyň ajap eýýamy. – A.: TDNG. 2017.

10.A.O. Sopyýewa. Standartlary we kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzmegiň tehnologiýasy, 2010ý.

Diňläniňiz üçin sagboluň!

27-nji umumy sapagyň temasy: “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň standartlary we kadalaşdyryjy resminamalary saklaýan gaznasy.

Soraglar:

1.Kadalaşdyryjy resminamalaryň gaznasy.

2.Kadalaşdyryjy resminamalaryň çap edilmegi we

ýaýradylmagy.

3. Kadalaşdyryjy resminamalaryň hukuknamalary.

Kadalaşdyryjy resminamalaryň gaznasy

1. Peýdalanyjylary maglumat taýdan üpjün etmek maksady bilen ygtyýarly edara kadalaşdyryjy resminamalryň gaznasyny döredär we ol şu aşakdakylary

amala aşyrýar:

1. döwlet tarapyndan belluge alynmakdan geçen döwlet standartlaryny, tehniki şertleri, şeýle hem pudaklaýyn standartlary we kärhanalaeryň standartlaryny

saklamagy;

2. halkara we döwletara (sebit) standartlaryny, düzgünleri, düzgünnamalary, gollanmalary, usulýet görkezmelerini, ölçegleri we maslahatlary, daşary ýurt

döwletleriniň standartlaryny edinmegi we saklamagy.

2. Öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde kadalaşdyryjy resminamalry tassyklan (kabul eden) ýuridik şahslar we hususy telekeçiler bu resminamalyň maglumatlar

gaznakaryny döredýärler we alyp barýarlar, şeýle hem peýdalanyjylary olar hakyndaky maglumat bilen üpjün edýärler.