Добавил:
Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Standartlary işläp düzmek / 13._Standartlary we kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzmegiň tehnologiýasy.umumy_ A.Sopyýewa.pptx
Скачиваний:
206
Добавлен:
05.05.2023
Размер:
5.08 Mб
Скачать

Türkmenistanyň döwlet standartyny girizmek zerurlygy sebäpli Türkmenistanyň çäginde döwletara standartyň hereketini ýatyrmak barada ministrligiň, pudagy dolandyryşedranyň haýyşnamasy.

“Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy standaryň taslamasyny alan wagtyndan başlap bir aýdan köp däl möhletde şulary üpjün edýär:

-GR 16162325-34 laýyklykda standartyň taslamasyna we oňa goşulýan resminamalara seretmegi we seljermesini geçirmegi;

-çözülmedik garşylykly pikirler boýunça gutarnykly çözgüdi kabul etmegi;

-standartyň taslamasyny tassyklanylyşa taýýarlamagy ýa-da standartyň taslamasyny täzeden işlemek üçin gaýtarmak çözgüdi kabul etmegi.

Standarty tassyklamak ähli degişli taraplary ylalaşyga gelmegi netijesinde amala aşyrylýar.

Standarty “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň buýrugy bilen tassyklanýar we güýje girizilýär.

Adatça, önüm (hyzmat) üçin standartlardan başga standartlaryň hereket ediş möhleti kesgitlenmeýär. Önüm (hyzmta) üçin standartlara bäş ýyldan köp bolmadyk möhlet bellenýär.

Standart tassyklananda onuň güýje girizilýän senesi bellenýär. Standartyň güýje girizilen senesi, standarty ornaşdyrmak üçin zerur bolan çärelerini göz astyna almak bilen, her bir anyk ýagdaýa görä bellenilýär.

Döwlet tarapyndan hasaba alnyşy GR 16162325-34 boýunça amala aşyrylýar.

Peýdalanylan edebiýatlar

1.Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. Saýlanan eserler. I-XII tom. – A.: TDNG, 2008-2019.

2.Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: halka daýanyp, halkyň hatyrasyna. – A.: TDNG, 2010.

3.Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy. – A.: TDNG, 2010. I-II tom.

4.Gurbanguly Berdimuhamedow. Watan goragy mukaddesdir. – A.: TDNG, 2015.

5.Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2010.

6. Организация, планирование и управление промышленным предприятии. М.: Экономика, 1982, -375с. 7. Лукманов Б.Л. Стандарты системы качество, „Standart hil we howpsuzlyk” N 3 2017, с 8-11.

8. TDS 1.0-2016 “Türkmenistanyň standartlaşdyrmak boýunça Döwlet ulgamy”. Esasy düzgünler.

9.Arkadagyň ajap eýýamy. – A.: TDNG. 2017.

10.A.O. Sopyýewa. Standartlary we kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzmegiň tehnologiýasy, 2010ý.

Diňläniňiz üçin sag boluň!

3-nji umumy sapagyň temasy: Tehniki beýanlaryň, tehnologiki gözükdirmeleriň we taýýarlanyş ussularyň işläp düzülmeginiň tehnologiýasy.

Soraglar:

1.Tehniki beýanlaryň, taýýarlanyş usullaryň işläp düzülmeginiň tehnologiýasy.

2.Tehnologiki gözükdirmeleriň we taýýarlanyş usullaryň işläp düzülmeginiň tehnologiýasy.

3.Tehnologiki resminamalaryň belgilenmesi.

Şu standart önüm (hyzmatlar) üçin tehniki beýanlary, tehnologiki we taýýarlanyş usullary işläp düzmegiň, ylalaşmagyň, rasdsyklamagyň we alara üýtgetmeleri

girizmegiň tertibini belleýär.

Şu standartyň düzgünleri Türkmenistanyň çäginde ýerleşen görnüşine we tabynlygyna garamazdan, daşary ýurt maýa goýumly edaralar, guramalr, edara

görnüşli taraby döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan raýatlar, Türkmenistanyň ministrlikler, edaralary we beýleki dolandyrş edaralary tarapyndan ulanmaga degişlidirler.

Şu standartda şu aşakdaky adalgalar degişli kesgitlemeleri bilen ulanylýar. Tehniki beýan: Öndürilýän önümiň (birmeňzeş önümleriň topary) işlenip

taýýarlanmagy standartda ýa-da halkyň sarp edýän iň ýönekeý harytlaryň önümçiligini ýola goýmagyň tertibini kesgitleýän standartda göz öňünde tutlan, şol önümiň hikline anyk talaplary belleýän kadalaşdyryjy resminama.

Tehnologiki gözükdirme: Degişli önüm öndürilende tehnologiki düzgüni, tehnologiki prosessleri geçirmegiň tertibini, ( zerur bolanda) taýýarlanyş usulyny

belleýän, şeýle-de önümiň şol görnüşini öndürmek üçin ulanylýan çig maldan edilýän kadalaşdyryjy tehnologiki resminama.

Taýýarlanyş usuly: Önüm birligini öndürmek üçin ulanylýan çig malyň, ýarym taýýar önümleriň we serişdeleriň kadaly harç edilişiniň düzgünlerini özünde

jemleýän kadalaşdyryjy tehnologik resminama. Etalon-nusga: TDS 1.5-2015 boýunça.

Birmeňzeş önümleriň toparyna umumy talaplary belleýän standartlaryň we tehniki şertleriň bar ýöagdaýynda, tehniki beýän, tehnologiki gözükdirme, taýýarlanyş usuly goşmaça, önümiň özboluşly häsiýetnamalaryny anyklaşduyrýan resminamalar

hökmünde işlenip düzülýär.

Halkyň sarp edýän iň ýönekeý azyk däl önmleri üçin tehniki beýanlar şol önüme standartlarynyň ýa-da tehniki şertleriň ýök ýagdaýynda özbaşdak kadalaşdyryjy resminamalar hökmünde işlenip düzülip bilner. Bu ýagdaýda, belliklemede tehniki

beýanlaryň belligi görkezilýär.