Добавил:
Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Standartlary işläp düzmek / 13._Standartlary we kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzmegiň tehnologiýasy.umumy_ A.Sopyýewa.pptx
Скачиваний:
207
Добавлен:
05.05.2023
Размер:
5.08 Mб
Скачать

7. Ölçeg hatary diýlip, esasynda uzynlyk ölçegi ýa-da burç ölçegleri bolan san hataryna aýdylýar.Mysal üçin ГОСТ 6636-69 standartda önümleri normal boý ölçegleri getirilýär. 8. Önümiň tip ölçegi diýlip konstruksiýasy biirmeňzeş bolup beýlekileinden iň olmanda bir

parametri bilen tapawutlanýan görnüşine aýdylýar.

9. Tipleşdirmek diýlip, şol bir önümiň köplügini azaldyp, köp görnüşli toparyndan häsiýetleri boýunça aýratyn nusga bolup biljek görnüşiniň saşlanyp alynmagyna aýdylýar.

10. Unifikasiýa (bir nusga getimek) diýlip, şol bir işi ýerine ýetirýän (funksional taýdan birmeňzeş) önümleriň köplügini azaldyp, arasyndan resional sanynyň saşlanyp alynmagyna aýdylýar. Unufikasiýa iş öndürijiligini, inžener-tehniki we dolandyryş işleriniň derejesini artdyrmak

maksady bilen amala aşyrylýar.

Peýdalanylan edebiýatlar

1.Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. Saýlanan eserler. I-XII tom. – A.: TDNG, 2008-2019.

2.Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: halka daýanyp, halkyň hatyrasyna. – A.: TDNG, 2010.

3.Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy. – A.: TDNG, 2010. I-II tom.

4.Gurbanguly Berdimuhamedow. Watan goragy mukaddesdir. – A.: TDNG, 2015.

5.Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2010.

6. Организация, планирование и управление промышленным предприятии. М.: Экономика, 1982, -375с. 7. Лукманов Б.Л. Стандарты системы качество, „Standart hil we howpsuzlyk” N 3 2017, с 8-11.

8. TDS 1.0-2016 “Türkmenistanyň standartlaşdyrmak boýunça Döwlet ulgamy”. Esasy düzgünler.

9.Arkadagyň ajap eýýamy. – A.: TDNG. 2017.

10.A.O. Sopyýewa. Standartlary we kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzmegiň tehnologiýasy, 2010ý.

Diňläniňiz üçin sagboluň!

19-njy umumy sapagyň temasy:

Milli standartlarynyň önümçilikde ornaşdyrylmagy.

Soraglar:

1.Milli standartlaşdyryş guramalary.

2.Türkmenistanyň milli standartlaşdyryş guramasy.

3.ABŞ-nyň standartlaşdyryş guramalary. Amerikanyň milli standartlar

instituty (ANSI).

Milli standartlaşdyryş guramasy.

Milli standartlaşdyryş guramasy - her bir döwletde bolup, şol döwletiň milli we ykdysady aýratynlygyna degisli bolan önümleriň standartlaryny işläp düzmek we olara edilỳan talaplaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek işini alyp barýar. Ilkinji

milli standartizasiỳa guramasy Angliýanyň Britan inženerçilik guramasydyr. Ol 1901-nji ýylda döredilýär. Soňra bolsa Daniýanyň standartizasiỳa býurosy (1916- njy ý), Germaniýanyň standartizasiỳa komiteti (1918 ý), Amerikanyň standartizasiýa komiteti (1918ý) döredilýär.

Türkiýänyň milli standartizasiya guramasy Türk standartlar instituty diýlip atlandyrylyp, ol 1954-nji ýylda döredilýär.

Türkmenistanyň milli standartlaşdyryş guramasy

Türkmenistanyň milli standartlaşdyryş guramasynyň gysgaça taryhy şu aşakdakylardan ybarat. Sowet hökümeti döwründe standartizasiỳa işlerini alyp barmak üçin geçen asyryň 20-nji ýyllarynda Zähmet we Goranyş Sowetiniň Standartlaşdyryş baradaky komiteti döredildi we ol gurama SSSR-iň Standartlaşdyryş baradaky komiteti diýlip atlandyryldy. Soňra bolsa bu komitet Sowet Soýuzynyň standartlaşdyryş boyunça

soweti ady bilen hereket etdi.

Sowetler ýurdunyň ilkinji standartlary 1926-njy ýylda bugdaýyň görnüşleri we metal önümleri üçin işlenip düzüldi. 1936-njy ýylda Zähmet we Goranyş Sowetine degişli bolan Bütinsoýuz standartlaşdyryş komiteti hereketini bes etdi. Soňra 1948-nji ýylda SSSR-iň Ministrler Sowetine degişli standartlaşdyryş baradaky döwlet komiteti

(Gosstandart) döredildi. SSSR dargandan soň bu gurama Russiýanyň Döwlet standartlaşdyryş edarasyna öwrüldi.

SSSR döwründe onuň düzümine degişli milli respublikalarynda standartizasiỳa we metrologiýa merkezleri açyldy. Türkmenistanda standartizasiỳa we metrologiýa

baradaky edaranyň döredilmegi we onuň hereket etmegi tä 1991-nji ýyla çenli SSSR-iň standartizasiỳa we metrologiýa işlerini alyp barýan edaralaryň taryhy bilen utgaşykly.

Ilkinji milli standartlaşdyryş we metrologiýa guramasy ölçegler we agramlyklar boýunça Türkmenistanyň barlag palatasy ady bilen 1929-njy ýylyň iýun aýynyň 20-sinde döredilýärdi. 1935-1936-njy ýyllarda ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde, Balkanabat we Atamyrat (öňki Nebitdag we Kerki) şaherlerinde standartlaryň we ölçeg tehnikalarynyň talaplaryny berjaý etmek boýunça döwlet gözegçilik laboratoriýalary guruldy. 1971-nji ýylda bolsa Türkmenistanda Gosstandartyň dolandyryjy edarasy döredildi.

1993-nji ýylda bu edara ˝Döwletdagtehnikagözegçilik˝ komiteti bilen birleşdirilip, Standartizasiỳa, metrologiýa, magdanlary goramak we halk hojalygynda işleri howpsuz alyp barmak boýunça Türkmenistanyň Baş döwlet inspeksiýasy esaslandyryldy. Soňky

iki ýylyň içinde Türkmenistanyň çäginde standartlaşdyryş edarasynyň 12 sany etrap bölümleri işe başlady.

1993-nji ýylyň ýanwar aýynyň 7-sine Türkmenistanyň Prezidentiniň permany bilen ýurdumyzda önümleriň hiline gözegçilik edýän, ölçeg serişdeleriniň bitewiliginiň we

takyklygynyň üpjün edilişine, ýerasty baýlyklary goramak hem-de zähmet howpsuzlygyna gözegçilik etmek üçin döwlet guramasy - Türkmenistanyň Baş döwlet inspeksiýasy döredildi. Bu gurama 2000-nji ýylyň sentýabr aýynyň 8-inde “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy diýip atlandyryldy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda bu gurama önümçilikde işgärleriň we sarp edijileriň hukuklarynyň we bähbitleriniň sosial taýdan goralmagyny üpjün edýan işleriň hukuk

taýdan esaslandyrylan kanuny binýadyny goýdy. Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetine integrirlenmegi üçin ýurdumyzyň

standartlaşdyryş guramasy - “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy Halkara standartlaşdyryş guramasyna (ISO, Ženewa, 1993 ý), Ýewro-Aziýanyň Standartizasiỳa, metrologiýa we sertifikasiýa boýunça Döwletara guramasyna (DAG, Minsk, 1992 ý) we Standartlaşdyrmak boýunça Döwletara Assosiasiýasyna (Ankara, 1991 ý) agzalyga kabul edildi. Bu bolsa ýurdumyzyň kärhanalarynda halkara we döwletara standartlarynyň alynmagyna we ulanylmagyna mümkinçilik berdi.