Добавил:
Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Standartlary işläp düzmek / 13._Standartlary we kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzmegiň tehnologiýasy.umumy_ A.Sopyýewa.pptx
Скачиваний:
206
Добавлен:
05.05.2023
Размер:
5.08 Mб
Скачать

Etalon – kopiýalar döwlet etalonlaryň ornuna alnyp birlikleri gaýtadan almak we işçi etalonlara geçirmek üçin ulanylýar. Deňeşdirme etalonlary belli bir sebäplere görä

özara deňeşdirip bolmaýan etalonlary deňeşdirmek üçin ulanylýar. Işçi etalonlary birlikleri aýap saklamak we olary ýokary derejeli nusgalyk ýa-da ýokary takykly işçi ölçeg serişdelerine geçirmek üçin ulanylýar.

Döwlet etalonlary ölçeg serişdeleriniň we kömekçi gurallaryň toplumyndan ybarat; ikilenji etalonlar bolsa ölçeg serişdeleriniň, toplumyndan, aýratyn etalonlardan,

etalonlar toparyndan we etalonlar ýygyndysyndan ybarat bolýar. SSSR döwründe ilkinji ýörite etalonlar döwlet etalonlary hökmünde şol etalony

döreden metrologiýa institutynyň teklibi boýunça Döwlet standartizasiýa guramasy tarapyndan ykrar edilýärdi. Ikilenji etalonlary bolsa şol etalony aýap saklaýan metrologiýa institutynyň ýolbaşçysy tarapyndan ykrar edilýärdi.

Döwlet etalonlarynyň pasportynda birligi gaýtadan almakda ýüze çyýan tötänleýin nätakyklygyň orta inedördül gyşarmasy görnüşindäki bahasy, şu prosesde aýyrylmadyk

gaýtalanýan nätakyklygyň bahasy görkezilýär.

Hemme etalonlar Döwlet etalonlar reýestrinde bellenýär, onda etalonyň ady, sanaw ýa-da belligi, ölçenilýän ululygyň ölçeginiň çägi ýa-da nominal bahasy, metrologik

parametrleri, deňeşdirilen we aýap saklanýan ýeri we saklaýan adamyň ady görkezilýär. Döwlet etalonlary ykrar edilende aktda görkezilen metrologik institutlarda, ikilenji

etalonlary bolsa öz ugurlaryna baglylykda beýleki institutlarda aýap saklanylýar we ulanylýar.

Işçi etalonlaryň saklanylmagy we ulanylmagy rugsat edilen ýagdaýynda beýleki döwlet metrologiýa edaralaryna ýa-da pudaklaýyn metrologiýa gulluklarynda hem

ynanylmagy mümkin.

Häzirki döwürde Russiýa Federasiýasynda birlikleriň 17 etalonynyň arasynda Halkara ulgamynyň alty sany ilkinji etalony aýratyn orun tutýar. Olara metr, kilogram,

sekund, amper, kelwin we kandela girýär. Esasy birlik bolan molyň bolsa etalony bolmaýar.

Metriň etalony kripton-86 bilen doldurylan lampaly interferensiýa guralyndan, fotoelektrik mikroskopy bolan interferometrden, howanyň döwülme görkezijisini

ölçemek üçin refraktometrden, howanyň we ölçegiň takyk temperaturasyny ölçemek üçin ulanylýan termometrik apparaturadan durýar. Bu etalon Russiýa Federasiýasynyň ylmy-barlag metrologiýa institutynda saklanýar; bu etalondan deňeşdirme etalonyna, etalon-kopiýa, şaýat etalona, işçi etalona uzynlyk birligini gönüden-göni ölçemek ýa-da deňeşdirmek ýoly bilen geçirilýär.

Termodinamiki temperaturanyň birligi ýagny kelwini etalon bolup hyzmat edýän N3 gaz termometriniň üsti bilen alynýar.

Massanyň birligi kilogram platina-irididen ýasalan N12 etalonyň üsti bilen gaýtadan alynýar. Ony her 50 ýylda bir gezek Halkara ölçegler we agramlyklar býurosynda kilogramyň halkara prototipi bilen deňeşdirilip durulýar. N12 etalon Russiýada 1883-nji ýylda döredilýär; bu etalonyň massasy 1948-1950-nji ýyllarda

prototip bilen deňeşdirilme boýunça 1 kg+0,085 mg+0,002 mg deň boldy. Bu etalon hem ýokarda agzalan metrologiýa institutynda saklanýar.

Wagtyň birligi bolan sekund atomar wodorod generatoryna we kwars sagadyna esaslanan etalonyň kömegi bilen gaýtadan alynýar. Bu etalon fiziki-

tehniki we radiotehniki ölçegler boýunça Bütinrussiýa ylmy-barlag institutynda saklanýar.

Bu etalonyň nätakyklygy orta inedördül gyşarmasy görnüşinde aňladylýar we aýrylmadyk gaýtadan nätakyklyk 1x10-12 deň uly bolmadyk ýagdaýynda 1x10-13-deň ýokary bolmaýar.

Toguň güýjüniň birligi bolan amper tok terezisinden we hereketlendiriji elektrik güýji ölçeglerde ulanylýan apparaturadan ybarat bolan etalonyň kömegi bilen gaýtadan alynýar. Bu ölçegleriň nätakyklygy ortaça gaýtalanýan nätakyklyk

8x10-6-deň uly bolmadyk ýagdaýynda 4x10-6-deň ýokary bolmaýar. Ýagtylygyň birligi kandela platinanyň gataýan temperaturasynda doly

şöhlelenijiniň üsti bilen gaýtadan alynýar. Gaýtadan alynýan ýagtylyk birliginiň orta inedördül gyşarmasy gaýtalanýan nätakyklyk 6x10-3deň ýokary bolmaýar. Bu etalon ýagtylygyň güýjüniň birligini etalon – kopiýa geçirmek üçin ulanylýar.

ölçeg serişdelerine geçirmek

Fiziki ululyklaryň birliginiň ölçegi etalonlardan işçi ölçeg serişdelerine şu aşakdaky shema boýunça geçirilýär.

Shemada görkezilişi ýaly 3-nji derejeli nusgalyk ölçeg serişdesi 2-nji derejeli nusgalyk ölçeg serişdesiniň üsti bilen, 2-nji derejeli nusga ölçeg serişdesi 1-nji derejeli nusgalyk ölçeg serişdesiniň üsti bilen barlanylýar. Ýagny her bir pes

derejeli ölçeg serişdesi derejesi özünden ýokary bolan ýanaşyk ölçeg serişdesiniň üsti bilen barlanylýar. Başgaça aýdanymyzda her bir ölçeg serişdesine birligiň ululygy geçirilende shema boýunça ýanaşyk ýerleşen we özünden derejesi ýokary bolan ölçeg serişdesiniň üsti bilen geçirilýär.

Fiziki ululyklaryň birlikleriniň bahasy etalonlardan belli takyklykly işçi gurallaryna geçirilende işçi etalonyň degişli derejeli nusgalyk ölçeg serişdeleriniň üsti bilen geçirilýär. Mysal üçin, iň ýokary takyklykly işçi ölçeg serişdesine ululyk ikilenji etalonyň üsti bilen, ýokary takyklykly işçi ölçeg serişdesine 1-nji derejeli

ölçeg serişdesiniň üsti bilen (we ş.m.) geçirilýär.

6. Организация, планирование и управление промышленным предприятии. М.: Экономика, 1982, -375с. 7. Лукманов Б.Л. Стандарты системы качество, „Standart hil we howpsuzlyk” N 3 2017, с 8-11.

8. TDS 1.0-2016 “Türkmenistanyň standartlaşdyrmak boýunça Döwlet ulgamy”. Esasy düzgünler.

9.Arkadagyň ajap eýýamy. – A.: TDNG. 2017.

10.A.O. Sopyýewa. Standartlary we kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzmegiň tehnologiýasy, 2010ý.

Diňläniňiz üçin sagboluň!

10-njy umumy sapagyň temasy: Howpsuzlyk standartlary, olaryň mazmuny we edilýän talaplarynyň aýratynlyklary.

Soraglar:

1.Howpsuzlyk talaplaryň bellenişi.

2.Olaryň mazmuny.

3.Önümçilikde ornaşdyrylmagy.