Добавил:
Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Standartlary işläp düzmek / 13._Standartlary we kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzmegiň tehnologiýasy.umumy_ A.Sopyýewa.pptx
Скачиваний:
207
Добавлен:
05.05.2023
Размер:
5.08 Mб
Скачать

Diňläniňiz üçin sagboluň!

8-nji umumy sapagyň temasy:

Barlag (synag, derňew), ölçeýiş usularyna degişli standartlary we olaryň mazmunyna edilýän talaplar.

Soraglar:

1.Barlag (synag, derňew), ölçeýiş usullaryna degişli standartlary. 2.Olaryň mazmunyna edilýän talaplar.

3.Barlag synag usullary derňemek.

Barlag (synag, kesgitleýiş, ölçeýiş, derňew) usullaryna talaplaryň bellenilişi we olaryň mazmuny.

Barlag (synag, kesgitleýiş, ölçeýiş, derňew) usullaryny umumy tehniki şertleriň standartynyň we tehniki şertleriň standartlarynyň önümiň şu standartlarynyň hersiniň degişli

bölüminde bellenen ähli tehniki talaplara laýyklygyny hemmetaraplaýyn we obýektiw barlagyny üpjün etmek üçin aýratyn bölüminde belleýärler.

Eger tehniki talaplar birnäçe standartlarda bellenen birmeňzeş önümiň birnäçe toplumlary üçin umumy bolan barlag (synag) usullarynyň toplumyna bellenýän bolsa, onda bu talaplary aýratyn standartda beýan edýärler. Şonda birmeňzeş önümiň ähli görkezilen toplumlaryny öz

içine alýan toparlama toplanmalaryň adyny standartyň adyna girizýärler.

Mysallar:

1 SORUJYLAR DINAMIKI Synag usullary

2 MATALAR ÝÜPEK TEHNIKI Synag usullary

Esaslandyrylan halatlarda aýratyn standartda dürli standartlarda birmeňzeş önümiň birnäçe toplumlaryna ýa-da önümiň has ýokara toparlama toplanmalaryna tehniki talaplary bellemek üçin giňden ulanylýan bir görkezijiniň bir ýa-da birnäçe barlag (kesgitleýiş, derňew ýa-da laýyklyga synag) usullary bellenip bilner.

Mysallar:

1 ÇIG MAL WE AZYK ÖNÜMLERI Sinkiň mukdaryny kesgitlemegiň usuly 2 BETONLAR

Aýaza çydamlylyga barlag usullary

Eger bir standartda bir görkezijiniň iki ýa-da ondan köp barlag usullary bellenýän bolsa, onda bu usullaryň berlen usullar peýdalanylanda alynan synaglaryň (ölçemeleriň, derňewiň, kesgitlemeleriň) netijeleriniň deňeşdirilmegini üpjün edýändigini (kepillendirýändigini) görkezýärler. Eger bir görkezijiniň standartda bellenilen usullary doly biri-birini çalşyrmaýan bolsa, onda olaryň tapawutlarynyň we/ýa-da olaryň her biriniň niýetlenişiniň aýratynlyklaryny getirýärler. Şonda barlagyň usullaryndan haýsynyň araçylyk hökmünde ulanylmalydygyny görkezýärler.

Eger barlagyň dürli usullary üçin aýratyn talaplaryň mazmuny gabat gelýän bolsa, onda ähli talaplaryň doly beýanyny diňe birinji usul üçin getirýärler galan usullar beýan edilişinde bolsa birinji usul üçin bellenen degişli talaplara salgylanmalary getirýärler.

Barlag (synag, kesgitleýiş, ölçeýiş, derňew) usullary obýektiw, takyk bolmalydyrlar we yzygiderli we dikeldilýän netijeleri üpjün etmelidirler. Barlag usullarynyň beýan edilişi takyk we

ýeterlik giňişleýin bolmalydyr.

Her usul üçin ony geçirmegiň aýratynlyklaryna baglylykda usulyň manysyny beýan edýärler, umumy talaplary we howpsuzlyk talaplary getirýärler, ondan soň bolsa aşakdakylary belleýärler:

-barlagyň (synagyň, ölçemegiň, derňewiň) geçirilýän şerlerine talaplary;

-barlag (ölçeg) serişdelerine, enjamlara, materiallara, reaktiwlere we erginlere talaplary. Şeýle hem

kömekçi gurnamalar bilen;

-barlagy geçirmäge taýýarlygyň tertibini;

-barlagy geçirmegiň tertibini;

-barlagyň netijelerini işlemegiň düzgünlerini;

-barlagyň netijelerini resmileşdirmegiň düzgünlerini;

-berlen barlag usulynyň rugsat berilýän ýalňyşlygyny.

Barlag (ölçeg) serişdelerini, enjamlara, materiallara, reaktiwlere, erginlere we kömekçi gurluşlara talaplar bellenende zerur standart* enjamlaryň (synag gurluşlarynyň, esbaplarynyň, abzallaryň, senetleriň, gurallaryň we ş.m.) we standart* materiallaryň (reaktiwleriň, erginleriň)

sanawyny getirýärler.

Standart enjamlar (synag gurluşlaryna, esbaplara, abzalara, senetlere, gurallara we başg.) we/ýa-da standart materiallara (reaktiwlere, erginlere) talaplary anyklaşdyrmak zerur bolanda olaryň kysymlarynyň, görnüşleriniň, ýerine ýetirilişleriniň we ş.m. şertli belgilerini getirýärler,

takyklyk klasyny, ölçegleriň aralygyny ýa-da synaglaryň netijeleriniň talap edilýän takyklygyny we deňeşdirilmegini üpjün etmek üçin berjaý edilmegi zerur bolan parametrleri we birmanyly häsiýetnamalary görkezýärler.

Standart däl** enjamlary (synag gurluşlaryny, esbaplary, abzallary, senetleri, gurallary we ş.m.) we/ýa-da materiallary (reaktiwleri, erginleri) ulanmak zerur bolanda standartyň ýazgysynda

ýa-da onuň goşundysynda bu enjamlaryň (materiallaryň, reaktiwleriň) esasy tehniki häsiýetnamalaryny ölçemeleriň aralygyny, yzygiderli ýalňyşlygynyň we talap edilýän takyklygy üpjün etmek üçin zerur başga häsiýetnamalary, şol sanda dürli gurluş we funksional çyzylary we çyzgylary ýa-da materiallaryň tehniki beýanyny, ýa-da reaktiwleriň taýýarlaýyş usullyny zerur bolanda bolsa enjemlery we materiallary taýýarlamagyň tilsimatyna talaplary ýa-da reaktiwleriň taýýarlanyş usulyny hem getirýärler.

Peýdalanylan edebiýatlar

1.Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. Saýlanan eserler. I-XII tom. – A.: TDNG, 2008-2019.

2.Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: halka daýanyp, halkyň hatyrasyna. – A.: TDNG, 2010.

3.Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy. – A.: TDNG, 2010. I-II tom.

4.Gurbanguly Berdimuhamedow. Watan goragy mukaddesdir. – A.: TDNG, 2015.

5.Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2010.