Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
mane baba hekayatlar (elip).doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1.93 Mб
Скачать

On birinji hekaýat

Kakamyň erkek dogany şeýle gürrüň bererdi. «Kakam hoja Abu Sagt we atam hoja Abu Tahyr bilen Saragta geldik we Nyzamylmülküň ýanyna salama bardyk. Şonda ol şeýle gürrüň berdi: «Şyh Abu Seýit Tusa gelen döwründe men og­landym we birnäçe özüm ýalylar bilen Tersaýan köçesinde dur­dum. Şyh bir topar adam bilen golaýymyza gelende, bize tarap ýüzlenip şeýle diýdi: «Geljekde jahanyň eýesini görmek isle­ýän ol durana seretsin» diýip, bize tarap yşarat etdi. Biz geň gal­mak bilen biri-birimize seredişdik. Biz oglantak bolanymyz üçin, hiç zada düşünmeýärdik. Biz ol wakanyň üstünden kyrk ýyl geçenden soň şyhyň meni görkezendigine indi-indi düşünip ýörüs».

On ikinji hekaýat

Hoja Abylkasym Haşymy şeýle gürrüň bererdi: Men on ýedi ýaşymdakam, şyh Abu Seýit Tusa gelipdi. Kakam şol dö­wür Tusuň häkimidi. Şyh Abu Seýidiň müridi her gün ussat Abu Ahmediň hanakasyna gelýärdi we şyhyň mejlisdäki söh­betini diňleýärdi. Kakam meni hem özi bilen alyp gidýärdi, ýöne men kakamyň ýanynda oturman, özüm ýalylar bilen otu­rýardym. Beýleki ýaş-ýeleňlerde bolşy ýaly, çadra bürenip oturandan [bir zenandan] gözümi aýryp bilmän seredýärdim. Bir gije ol zenan maňa şeýle diýdi: «Men bir toýa barmaly, sen tä men gelýänçäm, pugta diňläp oturgyn». Men üçekde otyr­dym, gije bolsa örän uzaga çekýärdi. Meni uky basmarlap baş­lady. Men uklamazlyk üçin aşakdaky setirleri gaýtalaýardym.

Didelemde uky ornun ýaş aldy,

Kalbyma görmegiň höwesi doldy,

Diýýärler: «Ukla-da, düýşde görersiň»,

Biakyllar, bu söz nireden geldi.

Men bu setirleri gaýtalap, uka gidipdirin, ertesi daňdan azan sesine oýansam, töweregimde hiç kim ýok, men uklap galan ekenim.

Ertesi gün men ýene-de şyhyň mejlisine geldim we kakamdan pesräkde durdum. Adamlar şyhdan Haka barýan ýol we oňa bolan söýgi hakynda sorag berdiler. Ol bu barada gür­rüň edip, şeýle diýdi: «Bir adamy gözläp, oňa duşýançaň, yn­san nähili külpetlere sezewar bolýar, adam şol arzyly maksada ýetermikäm ýa-da ýetip bilmezmikäm diýip ne hyýallara mün­ýär. Maksadyna ýetmek üçin hereket etmeýän, çalyşmaýan adam hiç wagt maksadyna ýetmez. Meselem, düýn şu ýigit bi­rine wada berse-de, ýary gije uka gitdi. Özi bolsa, «Didelemde uky ornuny ýaş aldy» diýýär. Men aljyrap gobsundym. Şyh: «Eý, ýigit, sen näme diýmekçi bolýaň?» diýdi. Men hiç zat diý­medim. Şyh: «Hoja Abylkasym» diýenden, neden janym çy­kypdy. Şyh ýene gaýtalady. Meniň janym bokurdagyma ge­lip­di. Men ýykylyp özümden gidipdirin. Haçan-da, özüme ge­lemde: «Şyh maksadyňa ýetmän ukladyň?» diýdi-de, goşgyny dolulygyna aýtdy. Men özümi bilmän perýat edip gygy­ryp­dyryn-da, huşdan gidipdirin. Özüme gelenimde şyh: «Saňa hä­zir­likçe şu-da ýeterlik» diýdi. Soňra ýene heýjana düşdi we hyrkalar orta oklandy. Kakam täzeden metjide barylýan hyrka alyp berdi.

Soňra kakam şyhdan biziň öýümize gelende, eger suw içesi gelse Abylkasymyň elinden içmegini haýyş etdi. Men şyhyň ýanynda elim suw küýzeli durdum. Şyh iki gezek meniň elimden suw içdi we: «Ýagşy adam bolup ýetişersiň» diýdi. Men segsen bir ýaşymda onuň aýdanlarynyň hatyrasyna ha­ram­dan saklandym, humarly içgi içmedim, bendäniň bendesi bol­madym, adam ogluna ýamanlyk etmedim. Şol sebäpli men iki keramatyň eýesi boldum.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]