Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
mane baba hekayatlar (elip).doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1.93 Mб
Скачать

Dokuzynjy hekaýat

Biziň şyhymyz (Alla oňa rehmet nuruny eçilsin!) çillä otu­ryp1, ony tamamlandan soň, Mänä gaýdyp geldi. Şol döwür­de onuň halatlylygy we keramaty kämillik derejesine ýetipdi. Ol Nyşapura tarap ýola düşdi. Ol Tusdan Boz obasyna bardy. Ol oba Tabaran obasyndan iki parsah uzaklykda ýerleşýärdi. Ol oba öňünden bir derwüşi iberip, şeýle diýdi: «Sen şähere gire­niňden, Magşugyň ýanyna baryp, oňa şeýle diýmeli: «Seniň mül­küňe girmäge rugsat barmydyr?» Biziň şyhymyz hiç wagt hiç kime: «Eýt, beýt» diýmän: «Şeýle edilmeli ýa-da şeýle edilmeli däl» diýerdi.

Magşuk diýilýän dana mejnunlaryň biri bolup, kämil ha­latlylaryň biri hökmünde örän hormatlanýan adamlardan biridi. Ol Tus şäherinde ýaşaýardy we onuň gubry hem şol ýerdedir. Der­wüş giden badyna şyh atlary eýerlemegi buýurdy, sopular hem oňa goşulyşyp gitdiler. Şähere iki parsah galanda: «Du be­raderan» (iki dogan) diýen ýere ýetdiler. Bu ýer belentlikde ýerleşýärdi we ol ýerden şäher görünýärdi. Şyh ol ýerde sak­landy, galan sopular hem olaryň gapdalynda saklandylar. Şyh atly depäniň üstünde seredip durdy. Derwüş Magşugyň ýanyna baryp, şyh bilen bolup geçen zatlary birin-birin beýan etdi. Mag­şuk ýylgyryp: «Bar, goý, ol gelsin» diýdi.

Şäherde Magşuk bu sözi aýdandan, şyh atyň jylawyny ýazdyrdy we sopular hem onuň yzyndan eňdiler. Ýolda derwüş bular bilen duşuşdy we Magşugyň aýdanlaryny oňa ýetirdi. Şyh hiç ýere sowulman, göni Magşugyň ýanyna barýar. Ol bi­ziň şyhymyzy gujak açyp garşy alýar we şeýle diýýär: «Sen bu ýerde arkaýyn bol, sen ömrüň galan bölegini ol ýerde we şu ýerde geçirmeli bolarsyň. Adamlar saňa hyzmat eder ýaly, sen birnäçe wagtlap bu ýerde gal».

Şyh ol ýerden gelenden, ussat Abu Ahmediň hanakasynda düşledi. Ol şyh Abu Nasr Sarrajyň gatnaw ýolundady. Abu Ah­met biziň şyhymyzy birnäçe gün Tusda saklady we öz hana­kasynda mejlis gurnady. Tusuň adamlary şyhyň sözlerini eşi­den­den, onuň keramatyna göz ýetirdiler we jan-dil bilen oňa mürit boldular. Şeýlelikde, onuň müritleriniň sany has-da artdy.

Onunjy hekaýat

Emir Yzzeddin Mahmyt bin Ilbaşydan eşiden bir gür­rü­ňini ýatlap, şeýle diýen: «Ol muny Seýit Abu Aly Arzydan eşit­dim» diýen. «Biziň şyhymyz Abu Seýit (Alla onuň ruhuny eziz­le­sin!) Tusa geldi we ussat Abu Ahmediň hanakasynda mej­lis gur­nady. Men heniz ýaşdym we oglanrakdym, şonuň üçin mejlise kakam bilen gidipdim. Mejlise şeýle bir köp adam ýygnanypdyr welin, jaýyň üçeginde-de oturmaga ýer ýokdy. Olaryň hemmesi şyhyň hikmetli söhbetleriniň aşyklarydy. Söh­beti diňläp oturan adamlar aglaşýardylar. Şol wagt birdenkä tamyň üstünde oturan bir aýalyň gujagyndaky çagajygy aşak gaçdy. Şyhymyzyň oňa gözi düşenden: «Ony tutuň» diýip gy­gyrdy. Şol wagt iki gol howada peýda bolup, çagany tutup, emaý bilen ýerde goýdular. Çaga çigit ýaly-da zeper ýetmän eken. Bu wakany gözi bilen gören halaýyk uly gopgun bilen perýat etdiler. Seýit Abu Aly bu wakany öz gözi bilen gören­digini tassyklap kasam etdi we: «Bu wakany öz gözlerim bilen görmedik bolsam, goşa garagymdan bolaýyn» diýdi.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]