Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
mane baba hekayatlar (elip).doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1.93 Mб
Скачать

Sekizinji hekaýat

Şyhyň sylagly müridi we hyzmatkäri Hasan Mueddepden şeýle rowaýaty aýdýarlar: Şyh ilki gezek Nyşapura gelende, adam­lary ýygnap, wagyz-nesihat edipdir. Mejlise gaty köp adam ýygnanypdyr we gaty köp adam şyha mürit bolupdyr. Sadaka berlen zadyň aňyrsy-bärsi ýokmuş. Şol döwürde ussat Abubekr kerramylaryň öňdebaryjysy we kazy Sagyt Abu Ha­nyp anyň şägirtleriniň iň ökdesi we ýolbaşçysy hasaplanýardy. Olaryň ikisem şyha müňkürlik edipdirler, çünki şyh hemişe münbere çykyp, beýt aýdar eken, soran zatlaryna goşgy bilen jogap beripdir. Ol ikisine bu boluş ýaramandyr we soltan Mah­myda: «Bir sopy şyh döräpdir, ol adamlary daşyna üýşürip ne Gur­hany Kerimiň tefsirini aýdýar, ne-de Allanyň resulyndan eşidilen hadyslary. Ol hemme zada goşgy bilen jogap berýär, mü­ritleri bilen gowrulan towuk bilen luzine1 iýýär, bu hiç bir ýola-ýörelgä gabat gelmeýär, adamlaryň bolsa barysynyň ýüzi şoňa tarap. Bu gidişine gitse, ol köp adamy ýoldan çykarar» diýip, nama ýazyp, çapardan iberýärler. Soltan Mahmyt (goý, Alla oňa rehmet etsin!) olara şeýle mazmunly jogap gaýtarýar. «Siz onuň ýagdaýyndan habardar bolup duruň, oňa şerigat bo­ýunça näme çäre görmeli bolsa görersiňiz». Bu jogap Sogap­güni ikindi namazy wagty gelip ýetişdi. Kerramylar we hana­pylar şeýle hatyň gelmegine uçursyz begendiler, ýöne sopular agyr alada-da galdylar, çünki bu wakany baryp şyha aýtmaga hiç kim ýürek edip bilmeýärdi. Olar: «Ertir juma güni, adam­lary ýygnarys we şyhy ähli müritleri bilen ýoluň çatrygynda dar agajyndan asarys» diýýärdiler. Olar agzybirlikde şu karara geldiler we bu habar şobada bütin şähere doldy. Şyhyň sopu­lary gynandylar, tarapdarlary hem agyr gaýga batdylar. Şyha bu zatlary aýtmagyň geregi-de ýokdy, çünki ol keramaty bilen ähli zatdan habarlydy.

Hasan Mueddep şeýle diýen: «Biz şol gün namazymyzy okanymyzdan soň, şyh meni çagyryp: «Eý, Hasan, näçe sopy­myz bar?» diýip sorady. Men: «Ýüz ýigrimi adam, olardan seg­senisi derwüşler we kyrkysy ýerli adamlar» diýip jogap ber­dim. Ol: «Ertir olara ertirlik näme hödürlemekçi?» diýende men: «Şyh näme buýursa şony hödürläris» diýdim. Ol maňa: «Ertir her biriniň öňünde bir ratl1 guzynyň kellebaşaýagy, ýülügine seper ýaly owradylan gant bolsun. Ondan başga-da her kimiň öňünde bir ratl halypa halwasy şeker bilen dursun, gülap we ud2 köp bolsun, ud ýakyň we gülap suwuny olara se­piň, täze dokalan düşekleri ýazyň, saçaklary metjidiň içinde ýazyň, goý, hiç kim biziň daşymyzdan gürrüňimizi etmesin we Allatagalanyň öz halan adamlaryna ylahy suprasyndan nämeler eçilýändigini gözleri bilen görsünler».

Hasan aýtdy: «Şyh şeýle diýende hanakanyň hazynasynda ýekeje döwüm çöregem ýokdy, ýeke dirhem diläp alar ýaly bütin Nyşapurda ýekeje-de tanaýan adamymyz hem ýokdy. Biziň hemmämiz şyhyň aýdanlaryny eşitdik, ýöne hiç birimiz: «Bu zatlary almak üçin puly nireden tapalyň?» diýip bilmedik. Şyhyň ýanyndan çykanymyzda, Gün eňegini ýere beripdi. Ada­na Kuýan köçesiniň başlanýan ýerinde näme etjegimi bilmän, haýran galyp durdum. Garaňky gatlyşmanka, dükandar­lar dü­kan­laryny ýapyp başladylar, her kim agşam namazyna ýetiş­mek üçin öýüne howlugýardy. Agşam namazy wagty boldy. Şol wagt bazardan öýüne ylgaşlap barýan bir adam meni gö­ren­den aýak çekip: «Eý, Hasan, agşam düşensoň, bu ýerde nä­me beýle aljyraňňy dursuň» diýip sorady. Men oňa bolup geçen zatlary birin-birin gürrüň berdim, ýöne şyhyň aýdan zatlaryny almaga hiç zadymyň ýokdugyny, daňdana çenli durmaly bolsa-da durjakdygymy, ýöne yza gaýtmaga ýüzümiň ýokdugyny aý­danymdan, ol ýaş ýigit ýeňini ýokary galdyryp: «Ýeňime eliňi sok-da, şyha gerek puluňy al» diýdi. Men onuň ýeňine elimi sokdum we bir teňňe aldym, görsem, ol altyn teňňe ekeni. Men göwnühoş dolanyp geldim we şyhyň diýen zatlaryny buýruşy ýaly berjaý etdim. Ertesi irden, şyhyň aýdyşy ýaly metjitde agardylan boryýa1 düşekleri we saçagy ýazdym. Şyh öz sopu­lary bilen gelende nämäniň-nämedigini bilmek üçin adam bary ýygnanypdy. Olar bolup geçýän zatlary üns bilen synlaýar­dy­lar. Bu habar kazy Seýidiň we ussat Abubekr Yshak Kerramy­nyň gulagyna ýetdi, olara juma namazynda şyhyň sopularyny nähili kabul edýändigini aýtdylar. Şonda kazy Seýit: «Goý, olar bu gün şatlansynlar we kellebaşaýak symyşlasynlar, ýöne ertir olaryň kellesini gargalar çokarlar» diýen. Abu Yshak bolsa: «Goý, olar bu gün garynlaryny ýagjartsynlar, ertir olar dar aga­jynyň sütünini ýagjardarlar» diýen. Bu habar sopularyň hem gulaklaryna ýetende, olar gam laýyna batypdyrlar.

Haçan-da olar nahardan çekilip, ellerini ýuwanlaryndan soň, şyh: «Eý, Hasan, sen namazlyklary mähraba elt-de, sopu­la­ryň namazlyklaryny kazy Seýidiň yzyndan ýaz. Biz şu günki namazy onuň yzynda durup okamakçy» diýen. Seýit hatyp (hut­baçy) bolan. Hasan şeýle diýen: «Namazlyklary diýlen ýeri­ne eltip, Seýidiň yzyndan ýazdym. Men ýüz ýigrimi na­maz­lygy iki hatar edip, başga adama ýer bolmaz ýaly edip ýazdym. Kazy Seýit gelip, münbere çykyp, biziň edýän zatlary­my­zyň barysyny inkär etmek bilen hutba okap, aşak düşüp na­maz okady. Ol iki egnine salam berenden soň, şyh turdy, ýöne ol gitmek bilen boldy. Haçan-da ol gitmekçi bolanda şyh oňa gözüniň gyýtagy bilen seretdi. Şonda ol birden başyny egdi. Şyh çykyp gidende, sopulary hem şyh bilen gitdiler. Haçan-da olar hanaka baranlarynda, şyh maňa ýüzlenip şeýle diýdi: «Eý, Hasan, Kerramylar köçesiniň çatrygyna bar, şol ýerde bir dü­kan bardyr we şol dükanda kak, ak künji we pisse maňzy gary­lyp taýýarlanylýan beýleki nogul-nabatlar bardyr, ondan on man al, şol ýerde badam satylýan dükanam bardyr, ondan hem on man al-da, arassalap, iki sany ak halta bölüp sal-da, depäňde göterip, ussat Abubekr Yshagyň öýüne elt. Soňra: «Agzyňyzy şu gün şu zatlar bilen açyň diý». Men turup Kerramylar köçe­si­ne tarap gitdim, şyhyň aýdan zatlarynyň hemmesini tapyp, Abu Yshagyň derwezesiniň agzyna bardym. Men öýe girip salam­laş­dym we şyhyň sargaýşy ýaly: «Şu gün agzyňyzy şular bilen açyň» diýdim. Haltalary görenden, onuň reňki agardy we geň galmak bilen bir sagatlap barmagyny dişläp durdy. Ol meni ýanynda oturdyp: «Hajyp Abylkasymy meniň ýanyma çagy­ryň» diýip buýurdy. Hajyp Abylkasym gelenden oňa: «Sen ka­zy Seýidiň ýanyna bar-da, meniň düýnki gelen netijämizden ýüz öwürýänimi oňa aýt. Biz ertir ony kazylyga çagyryp, şyhyň we onuň sopularynyň göwnüne degip bilmeris. Sen bolsa öz isläni­ňi et. Eger ol şeýle netijä gelmegimiň sebäbini sorasa, şeý­le diý: «Men düýn Kerramylar köçesinden metjide tarap eşekli geçip barýarkam, dükanda emendirip, ymsyndyryp bar­ýan oňat kaklaryň durandygyny gördüm. Meniň olardan alasym geldi we içimden «Metjitden gelenimden soň, agzymy açmak üçin kak satyn almaklaryny buýraýyn» diýip pikir etdim. Soňra aňyrrakda badam satylýanyny gördüm. Bu badamlar hem diý­seň göze ýakymly eken we ondan hem aldyrmak isledim, ýöne öýe gelip hemmesini unudypdyryn. Meniň bu niýetim barada menden başga hiç kim bilmeýärdi, çünki bu barada men hiç kimiň ýanynda agzymy ýarmandym. Häzir görsem, meniň agyz açmak üçin islän zatlarymyň ikisinem iberipdir. Diýmek, ol Allanyň bendeleriniň pikirini okap bilýär, şeýle ýagdaýda onuň bilen jedelleşmäge hiç kimiň het edip bilmejekdigi düşnükli zat». Hajy Abylkasym bu sözleri oňa ýetirýär we öwrülip gelip, şeýle diýýär: «Kazy Seýit şeýle diýdi: «Men hem adam iberip, saňa şu zatlary aýtmakçydym, haçan-da şu gün ol meniň yzym­da namaz okap durka, ol eginlerine salam berenden soň sünneti okamady. Meniň yzyma öwrülip, juma namazynda sünnet okamazlyk pire-de, müride-de gelişýän zat däl» diýip göwnüne degmekçidim, ýöne şyh maňa gözüniň gyýtagy bilen sereden­den, gorkudan ýaňa neden janym çykypdy. Ol maňa bürgüt bolup göründi welin, men serçe bolup galdym we derhal meni tüýt-müýt eder diýip howatyrlandym. Meniň oňa bir zatlar diýe­sim geldi, ýöne hiç hili jogap berip bilmedim. Ol maňa bu gün öz hikmetini görkezdi. Meniň oňa hiç bir diýip biljek sözüm ýok. Soltana hem namany sen ýazdyň, biz diňe seniň tarapdaryňdyk». Hajyp Abylkasym bu sözleri diýen badyna, Abu­bekr Yshak maňa tarap öwrüldi-de: «Sen bar-da, şyhyňa: «Şyh Abubekr Yshak Kerramy ýigrimi müň tarapdary bilen, sol­tan ýüz müň adamlyk goşuny we ýetmiş bäş müň söweş pili bilen seniň garşyňa sap gurady, ýöne seni dyza çökerip bil­me­di. Sen bolsaň on man kak we on man kişmiş bilen goşunyň sag ganatynam, çep ganatynam, ortasynam derbi-dagyn etdiň. Indi siz öz mezhebiň bilen, biz hem öz mezhebimiz bilen diýgin» diýdi.

Hasan şeýle diýen: «Men şyhyň ýanyna gelip, gören-eşi­den zatlarymy birin-birin aýtdym. Şyh pygamberimiz Mu­ham­mediň ummatlaryna ýüzlenip: «Siz düýnden bäri gorkyňyzdan sandyraýardyňyz we başyňyzda taýak bary döwler öýdýärdiňiz. Siz Hasan Mansur Hallaç ýaly sabyrlylykda Magrypdan Maş­ry­ga taýsyz bolmalysyňyz, siz oňa nähili azaplaryň berlendigini bilýärsiňiz. Taýak adalat ugrunda göreşijileriň başynda döwül­ýändir we namartlar aman galýandyrlar.» Soňra ol hapyza tarap ýüzlenip, aşakdaky beýti okamagy buýurdy.

Meýdana gürzüli, galkanly girgin,

Başyň belent tutup, ýazgydy görgün,

Zamana ot bolsun, isle suw bolsun,

Olaň arasynda şadyýan gezgin.

Bu beýt okalanda şyhyň tarapdarlary heýjana geldiler, on sekiz adam yhram geýip, «Lebbeýk»1 diýip, öz lybaslaryny çy­kar­dylar.

Ertesi gün kazy Seýit ähli adamlary bilen şyhyň ýanyna salama geldi, olar ötünç sorap şeýle diýdiler: «Eý, şyh, biz bolup geçen zada ökünýäris». Şol döwürde kazy Seýidi hoşniýetliligi üçin «Nyşapuryň aýy» diýip atlandyrýan ekenler. Şyh aşakdaky beýti aýdan:

«Men Nyşapuryň we köşgüň aýy» diýýärdiň,

Eý, Nyşapur aýy, Nyşapur seňki,

Mende näme bolsa, seniňki bolsun,

Ýöne aradaky duşmanlyk näme?

Şyhyň agzyndan bu sözleri eşidenden kazy Seýit şyhyň aýagyna ýykyldy we ýene-de toba etdi. Şol sebäpli ýüreklerden müňkürlik gidip, ähli adamlary şady-horramlyk gaplap aldy, kalplar päklendi. Şondan soň Nyşapurda sopular barada hiç kim kinaýaly gürrüň etmedi.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]