Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
mane baba hekayatlar (elip).doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1.93 Mб
Скачать

Bir ýüz on sekizinji hekaýat

Biziň şyhymyz Abu Seýit Nyşapurda bolýan wagtlary so­pu­lary bilen myhmançylyklara çagyrylar eken. Olar çagyryşlara gidip, sema eder ekenler we şyh sopulary bilen dürli tagamlar iýer eken. Olara bişirilen ýagly towuklar, luzine we şekerli hal­wa ýaly naharlar hödür eder ekenler. Muňa betgüman bolan ka­ry­lardan biri şyhyň ýanyna gelip, şeýle diýen: «Eý, şyh, meniň seniň bile çillä oturasym gelýär». Ol biçäre şyhyň halatly­dy­gyndan we kyrk ýyllap çillä oturandan bihabar eken. Ol «Şyh bütin ömrüne dürli näz-nygmatlardan gerk-gäbe doýup ýören­dir» diýip pikir edipdir we «Şyhy açlyk bilen surnukdyryp, hal­kyň arasynda abraýyny gaçyryp, özüm üstün çykaryn» diýip, göwün ýüwürdipdir. Ol betgüman şu sözleri aýdandan şyh: «Mübärek bolsun» diýip, öňüne namazlygyny ýazyp, onuň üstüne geçip oturypdyr. Betgüman kişi hem piriň gapdalynda na­maz­lygyny ýazyp, üstüne geçip oturypdyr we çillä otur­ýan­laryň iýýän naharyny iýipdir. Şyh azu-köp hiç zat iýmändir we agzynam açmandyr. Gün-günden şyh has kuwwatlanyp, sem­räp, ýüzüniň reňki durlanypdyr. Onuň sopularyny hemişeki ýaly myhmançylyga çagyryp, dürli tagamlary hödür edipdirler, iýip-içip sema edipdirler. Şyh hem agzy bekli bolsa-da, olara goşulyp, raks edipdir, onuň häsiýetinde hiç bir üýtgeşiklik du­ýul­man, bir durkuny saklapdyr. Beýleki kary bolsa gün-günden horlanyp, ejizläp, ýüzi sap-sary bolup, lagar düşüpdir. Her ge­zek şyh sopular üçin saçak ýazmagy buýranda, ol betgümanyň lezzetli tagamlara gözi düşenden, agzy suwarypdyr. Bu ýagdaý kyrk günläp, çille gutarýança dowam edipdir. Ol çillä oturany we lagar düşeni sebäpli, bäş wagt namazyny hem zordan okap­dyr hem betgüman bolandygyna puşman edip, şyhy hiç bir jähtden tanamandygyna gözi ýetipdir. Kyrk günden soň şyh oňa şeýle diýen: «Biz seniň diýen zadyňy ýerine ýetirdik, indi sen hem biz näme diýsek, amal etmeli bolarsyň». Ol adam näme diýiljek bolýanyny aňlaman: «Şyh näme buýrsa, şol bo­lar» diýipdir. Şyh onuň etmeli işini aýdanda ol öz içinden: «Bu mümkin zat däl, muny hiç bir adam ogly başarmaz» diýip oý­lanypdyr. Şyhyň görkezmesi boýunça dürli naharlary getir­ýär­ler, şyh hem nahar iýmäge başlaýar. Ol müňkür adam hem kyrk günüň ajy bolansoň, nahara işdämen topulýar we mazaly doý­ýan­ça iýýär. Bir sagat geçenden soň, içi towlap başlaýar, ýöne eýdip-beýdip bir sagat çemesi çydam edýär. Şyha seretse, ol nahardan çekilip, arkaýyn otyr. Ol çydap bilmän, şyhyň aýa­gyna ýykyldy we betgümanlygyna, beýleki eden nämynasyp işlerine toba etdi. Şyh oňa «Bismilla, hajathana baryber» diýdi. Ol gaýdyp gelenden soň, şyh: «Indi sen biziň bilen otur-da, is­läniňçe ýaşa, ýöne diýen zadymyzy amal edeli» diýen. Ol bet­gü­man kişi hem şyhyň ýanynda oturypdyr, şyh öň aýdyşy ýaly, kyrk gije-gündiz onuň bilen we beýlekiler bilen oturyp, iýip-içipdir, sema edipdirler, raks oýnapdyrlar. Ol şol döwrüň içinde betgüman kişi aýdyşy ýaly ýaşapdyr we bir gezegem hajathana gitmändir. Ol bu zatlary gözi bilen görenden soň, bolup geçýän zatlaryň adamzadyň mümkinçiliginden ýokardadygyny bildi we öňki eden işlerine toba edip, şyhyň sadyk müritleriniň birine öwrülip, hemişe şyhyň hyzmatynda boldy.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]