Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
mane baba hekayatlar (elip).doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1.93 Mб
Скачать

Bir ýüz on altynjy hekaýat

Hoja ymam Aly Farmedi (Alla onuň ruhuny eziz tutsun!) şeýle gürrüň berdi. «Men ýetginjek ýyllarym ylym öwrenmäge höwesekdim we Nyşapurdaky Sarajan medresesinde ylym öw­ren­ýärdim. Bir gün şähere «Mäneden şyh Abu Seýit Abylhaýyr gelýärmiş, halkyň arasynda mejlis gurap, öz keramatyny adamlara äşgär edýärmiş» diýen habar ýaýrady. Nyşapuryň ähli ilaty, ähli mezhepleriň ymamlary hem şyhy görmek isleýär­diler. Men hem ony görmek üçin gitdim. Men onuň mübärek ýüzüni görenimde, janu-dil bilen oňa bendiwan boldum. Bu adamlara bolan ygtykat ýüregimde gün-günden güýjeýärdi. Men her gün şyhyň hüjresinden çykyp, mejlis guramagyna ga­raşýardym, çünki bar küýüm-köçäm ony görmekdi. Men şyhyň hyzmatynda durup, sopulyk lybasyny geýsem-de, şyh meni ta­na­ýandyr öýtmeýärdim. Bir gün medresede öz hüjrämde otyr­dym. Mende birden şyhy görmek höwesi döredi, şonuň üçin şy­hyň hüjresinden çykýan wagtyna garaşyp oturdym, ýöne bir­den sabyr-takadym paýawlap başlady we ýerimden turup, daş çykdym. Şyhyň ýolda bir topar adam bilen gidip barýanyny gördüm-de, olaryň yzlaryna düşüp gidiberdim. Şyh bir ýere çagyrylyp, şoňa barýardy. Şyh çagyrylan öýüne baryp, içeri girende, beýlekiler hem onuň yzyndan girdiler. Men hem olara goşulyşyp girdim-de, bir gyrada oturdym. Şyh meni görme­ýär­di. Olar sema meşgul bolup başlanlarynda, keýpi göterilip, wej­de1 düşdi, hyrkalaryny bölek-bölek ýyrtdylar. Şyh öňünde üý­şüp ýatan hyrka böleklerinden bir ýeňi bile ýyrtylan bölek matany aýry goýup: «Eý, Abu Aly Tusy, nirdesiň?» diýip gy­gyr­dy. Men öz içimden «Şyh meni tananogam, görenogam» diýip pikir etdim-de, sesimi çykarman oturdym, çünki şyhyň müritleriniň arasynda hem «Abu Aly atlysynyň bolaýmagy müm­kindi. Şyh ikinji gezek hem adymy tutup gygyrdy, ýöne men jogap bermedim. Ol üçünji gezek çagyranda, adamlar: «Şyh seniň adyňy tutup gygyrýar» diýdiler. Men ýerimden tu­rup, şyhyň ýanyna bardym. Ol ýolunan ýeňi şol mata bölegi bilen alyp, maňa berdi-de şeýle diýdi. «Sen biziň üçin gap­da­lyna mata tikilen ýeň ýalysyň!» diýdi. Men mata bölekli ýeňi aldym-da, iň gymmatly, eziz zatlarymy saklaýan ýerimde goý­dum we öňküden-de gowy hyzmat edip başladym. Men hemişe şyhyň ýanyna barýardym we şondan soň kalbymda röwşenlik peýda boldy, halatlara duş gelip başladym.

Şyh Nyşapurdan gidenden soň, ussat ymam Abylkasym Kuşeýriniň ýanynda galdym we bolup geçen zatlary oňa gürrüň berdim. Şonda ol maňa: «Eý, ogul, git-de ylym öwren» diýdi. Kalbymdaky ol ýagtylyk bolsa, gün geçdigiçe nurlanýardy. Şondan soň iki-üç ýyl okuwymy dowam etdirdim, ýöne bir gün galamymy syýadana batyranymda gury çykdy, iki-üç gezek galamymy syýadana batyrdym welin her gezek gury çykdy. Men ýerimden turup, ussat ymamyň ýanyna bardym we bolup geçen zatlary birin-birin gürrüň berdim. Ol şonda «Ylym sen­den el göteripdir, sen indi ylym öwrenmäňi goý-da, işe başla» diýdi. Men baryp, ýorgan-düşeklerimi we kitaplarymy medre­se­den hanaka getirip, ussada hyzmat edip başladym. Günlerde bir gün ussadyň ýeke özi hammama giden eken. Men baryp, birnäçe gowa suwy hammama guýdum. Ussat hammamdan çy­kandan soň namazyny okady-da «Hammama suw guýan kim­di?» diýip sorady. Men: «Bir bolmasyz işi edäýdimmikäm?» diýip, sesimi çykarman durdum. Ol ikinji gezek soranda-da, jogap bermedim, ýöne üçünji gezek soranda: «Mendim» diýip jogap berdim. Ussat şonda şeýle diýdi: «Eý, Abu Aly, Abyl­ka­sy­myň ýetmiş ýylda gazanan zadyna, sen birnäçe gowa suw bilen eýe bolduň!». Şondan soň hem birnäçe wagt ussat ymamyň ýanynda bolup, elimde baryny aýaman, oňa hyzmat etdim. Bir gün men halata düşdüm-de öz-özümi unutdym. Er­tesi bolup geçen zady ussat Ymama gürrüň berdim. Ol şonda «Eý, Abu Aly, biziň ylymda çägimiz şu ýerde gutarýar, ondan aňryk hetdimiz ýok» diýdi. Meniň bolsa ylmymy artdyrasym, bu ýolda has aňyrrak gidesim gelýärdi. Men bu ugurdan şyh Abylkasym Kurrakanynyň adyny eşidipdim, ýerimden turdum-da, Tusa tarap ýola düşdüm. Men onuň bolýan ýerini bilme­ýär­dim, şonuň üçin şähere gelenimden soraşdyryp başladym. Olar: «Şyh Kunabat mähellesinde öz müritleri bilen metjitde bolýar» diýdiler. Men aýdylan ýere baryp, metjide girdim. Şyh Abylka­sym ýerinde otyrdy. Men metjitde iki rekagat şükranalyk namazyny okap, şyh Abylkasymyň ýanyna bardym. Ol başyny aşak salyp, ýere bakyp otyrdy, soňra dikeldi-de: «Gel, eý, Abu Aly, nähili möhümiň ýüze çykdy?» diýip sorady. Men salam berip oturdym we bolup geçen ýagdaýy birin-birin gürrüň ber­dim. Şyh Abylkasym diňledi-de: «Başlangyjy mübärek bolsun, ýöne heniz derejä ýetmänsiň, ýöne biziň terbiýämize eýerseň, belent mertebä ýetersiň» diýdi. Men öz ýanymdan: «Ine, bu me­niň pirim» diýip pikir etdim. Men onuň ýanynda köp wagt boldum. Onuň ýanynda bolan uzyn müddetimde pir çillä oturmagyň, Allanyň ýolunda hyzmat etmegiň dürli ýollaryny öwretdi, soňra toý tutup, öz gyzyny maňa nikalap berdi, meniň işim has-da ilerläp gitdi».

Hoja Abu Aly Farmedi gürrüňini dowam edip, şeýle diýdi: «Meniň şyh Abylkasymyň ýanynda bolup, çillä oturmagyň, Alla gulluk etmegiň ýollaryny öwrenýän döwrüm şyh Abyl­ka­sym maňa mejlis geçirmäge ygtyýar bermeýärdi. Bir gün Abu Seýit Mäneden Tusa geldi we men onuň hyzmatyna bardym. Şyhyň ýanyna baryp salam berenimden soň, ol meniň salamy­my aldy-da: «Eý, Abu Aly, çalt bol, totujygyň saýramaly wagty ýetdi» diýip, pata berdi. Soňra şyh Abylkasym maňa mejlis guramagy tabşyrdy. Halkyň arasynda belli bolup galyşy ýaly, birnäçe wagt totujyk saýramaly boldy».

Hoja Ymam Abu Nasr Aýýazy Saragty şeýle gürrüň be­rer­di: «Men Nyşapurda hoja Ymam Abu Muhammet Jüweýniniň ýanyn­da (Alla oňa rehmet etsin!) şerigat kanunlaryny öwren­ýärdim. Onuň ýanynda görgi baryny görüp, hilaf1 we mezheb-i taglik2 ylymlary baradaky aýdylýan zatlara ezberleýärdim. Bir gün: «Şyh Abu Seýit Abylhaýyr Mäneden gelipmiş, ýagşy pen­di-nesihatlary aýdyp, öz keramatyny halka äşgär edýärmiş» diýen habar ýaýrady. Ony görmek we diňlemek üçin mejlise tarap ýola düşdüm. Şyhyň mübärek ýüzüne gözüm düşenden, onuň garaýşyndan, päkize hyrkasyndan meniň ýüregimde oňa bolan aýratyn bir hormat döredi. Haçanda ol sözläp başlanda, onuň sözleri meniň kalbyma şeýle bir ornaşdy welin, öz-özüme şeýle diýdim: «Hudaýtagalanyň goldawy bilen ylymda ýokary derejä ýetdim, ýöne Allatagalanyň ýoly şu adamyň aýdýan ýoly eken, men hem şu ýola düşmeli we şyhyň söhbetlerini diň­läp, onuň hyzmatynda bolmaly». Şol wagt şyh münberden: «Şol ýola düşmeli» diýdi. Men: «Şyh içimden pikir eden zadymy nädip bildikä?» diýdim, ýöne tötänlikdir diýip, betgü­man boldum. Şyh söhbetini dowam edýärdi we ýene şol gür­rüňe gaýdyp geldi, ýöne men ýene-de iňkise gitdim. Şyh üçünji gezek: «Bu meseläni gijikdirip bolmaz» diýip gaýtalandan soň mendäki ähli betgümanlyk kalbymdan zym-zyýat boldy. Men şolbada ýerimden turup, ýorgan-düşegimi şyhyň ýanyna getir­mek üçin medresä bardym. Kimdir biri meniň ýorgan-düşek­lerimi ýygnaşdyryp ýörenimi hoja Ymam Abu Muhammet al-Jüweýnä ýetiripdir. Ol derhal meniň ýanyma gelip: «Nirä git­mek­çi bolýarsyň?» diýip sorady. Men ýagdaýy oňa düşün­dir­dim. Ol şonda şeýle diýdi: «Men seni şyhyň hyzmatyndan we söhbetinden saklap bilmen, derwüşler bilen gurnaýan mejlis­le­rine hem barma diýmeýän. Sen şyhyň mejlislerini diňleseň, onuň nähili beýikdigine, suhangöý we keramatly adamdygyna göz ýetirersiň. Häzir hem onuň keramatlary seniň ýüregiňe uly täsir edipdir, ol seniň ylmyň kämilleşmegine-de kömek eder, ýö­ne eger «Şyh Abu Seýidiň derejesine ýeterin» diýip pikir edýän bolsaň, ýalňyşýarsyň. Onuň din ýolunda çeken jepala­ryn­dan seniň habaryň ýokdur. Biz onuň şu derejä nähili ýeten­digini bilýäris. Eger ýüz adam onuň gören görgülerini görüp, çeken jepalaryny çeken bolsa-da, ol derejäni Haktagala hiç bi­ri­ne bermezdi, sen şeýle pikir edýän bolsaň ylymda-da, ta­saw­wufda-da alan galaň bolmaz». Men durkum bilen gulaga öw­rülip, onuň aýdýan sözlerini diňledim. Dogrudan-da, hemme zat onuň aýdyşy ýalydy, ýöne meniň şyh baradaky pikirim üýt­gemeýärdi, ylym okasam-da, hemişe şyhyň ýanyna barýardym, ondan örän köp peýdaly zatlary öwrenýärdim we onuň maňa edýän ýagşylyklaryny duýýardym, oňa näçe hyzmat etsem-de, bärden gaýdýan ýalydym».

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]