Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
mane baba hekayatlar (elip).doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1.93 Mб
Скачать

Dördünji hekaýat

Şondan soň şyh Abu Apbas Gassabyň ýanyna Amula git­dim we bir ýyl onuň ýanynda bolup, tälim aldym. Şondan soň ol maňa: «Sen Mänä dolan, ol ýerde seniň ylmyňa mätäç köp» diýdi. Men onuň nesihaty boýunça gaýdyp geldim we ilatyň ýadyma-oýuma düşmeýän sylag-hormatyna mynasyp boldum, köňlümi gussa gaplanda Abylfazl Hasan piriň gubruna zyýarat edip, rahatlyk tapýardym.

Bäşinji hekaýat

Hoja Abu Tahyr şeýle diýen (Alla oňa rehmet nuruny eçilsin!): Bir gün şyh mejlis gurap, wagyz edip durka, hapa bo­lup, aglamaga durdy, töweregindäkiler hem onuň bilen aglaş­ýar­dylar. Şonda pir: «Biz näwagt şeýle aljyraňňy ýagdaýa düş­sek, Abylfazl piriň gubruna zyýarat etsek, rahatlyk taparys, tiz atlary eýerläň» diýdi. Ol töweregindäkiler bilen atlanyp, Sa­ragta geldi we piriň gubruna düýnäp aşakdaky setirleri aýtdy:

Bu şatlyk, sahawat, kerem çeşmesi,

Il kyblasy Käbe, sen bize kybla.

Şyhyň elinden tutup, Abylfazlyň gubrunyň daşyndan aýla­dylar, ol nagra çekýärdi, derwüşler bolsa aýak ýalaňaç aýlan­ýar­dylar. Haçan-da olaryň janlary aram tapanda, şyh şeýle diý­di: «Bu gün taryhy gün boldy, bu gün gaýdyp gaýtalanmaz».

Şondan soň müritleriň biri haja gitmek islese, şyh ony Abylfazl piriň gubruna ýollap şeýle diýýärdi: «Ol gubra zy­ýarat edip, daşyndan ýedi gezek aýlanyp, togap etseň, mak­sa­dyň hasyl bolar».

Altynjy hekaýat

Biz ilkibaşda on sekiz zady özümize wajyp bildik we şol on sekiz bilen on sekiz müň älemiň waspyny özümizden uzak­laşdyrdyk, hemişe agzymyz orazaly boldy we haram lukmadan saklandyk, Allanyň adyna zikru-sena aýdýardyk, uzyn gijäni gapdala ýaplanman, uklaman geçirýärdik, eger uklaýjak bolsa­gam, dik oturan ýerimizde uklaýardyk, kybla bakyp, zada ýap­lan­man oturýardyk, kanagatly we salyhatlydyk, hemişe metjide barýardyk, ýöne bazara barmaýardyk, çünki Allanyň resuly şeý­le diýipdir: «Iň hapa ýer bazar, iň päkize ýer metjitdir». Her näme etsek, Allanyň resulynyň görkezişi ýaly berjaý edýärdik, her gije-gündiz bir gezek Gurhany Kerimi hatm edýärdik. Biz gözli kör, gulakly kerdik, dilimiz saýrap dursa-da, laldyk.

Ýedinji hekaýat

Aýtmaklaryna görä, şyh şeýle diýenmiş: «Haçan-da kal­bymy gam-gussa we howsala gaplap alsa, çöl-beýewanlara gidýärdim, eger şol ýerde hem ýagdaýym gowulanmasa, kyn­çy­lyk ýüze çyksa, şyh Abylfazl Hasan ýanyma gelýärdi we müşgilimi asan edýärdi». Şyhyň şeýle sözlerini hem aýdýar­dy­lar: «Abylfazl Saragty dirikä hem kynçylyk ýüze çyksa, şonuň ýanyna barýardyk we islän meselämize jogap tapýardyk».

Onuň ýanyna şeýle bir köp adam gelýärdi welin, çekip-çydar ýaly däldi, şol sebäpli çöl-beýewana çykýardy, ol ýeke ge­zerdi we kakasy çagyrsa, adamlar ony tapyp elterdiler. Ol birnäçe gün öýde bolup, ýene sähra çykardy we aç-suwsuz ge­zer­di, meýdan ot-çöplerini iýip mydar ederdi. Haçan-da adam­lar üýşüberse,

Haweranyň topragynda haar olmaz,

Kişi meň derdime giriftar olmaz

– diýip gaýtalardy. Adamlaryň aýtmaklaryna görä, ony çölde görenlerinde, onuň ýanynda göreniňden elheder etdirýän ak lybasly ýagşyzada bolar eken. şyhdan: «Ol goja kim?» diýip soranlarynda: «Ol Hydyr alaýhyssalamdy» diýen.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]