Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
mane baba hekayatlar (elip).doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1.93 Mб
Скачать

Bir ýüz on dördünji hekaýat

Nyşapurda şyh Abulkasym Rubahy diýilýän atly-çawly der­wüşleriň biri ýaşaýardy. Ol on sany belli sopynyň halypasydy. Onuň özi ussat ymam Abulkasym Kuşeýriniň müritlerindendi. Bi­ziň şyhymyz Nyşapura gelende, ol hem şyhyň mejlisine gel­ýär. Şonda onuň sopularynyň onusam şyhyň öňünde gol gow­şu­ryp durýarlar we şyhyň sadyk sopularyna öwrülýärler.

Şyh Abulkasym Rubahy şeýle gürrüň beren: «Men köp wagt bäri Hak Tagala we Subhanadan: «Maňa hem şyhyň de­re­jesi ýaly mertebe eçil» diýip, köp ýalbardym. Men şeýle diýip gijeleri aglap, ýalbaryp geçirýärdim. Bir gije düýşüme Muham­met resulalla girdi. Onuň sag eliniň barmagynda pöwrize gaşly ýüzük bardy. Ol maňa: «Sen Abu Seýidiň derejesini isleýär­siň­mi?» diýdi. Men: «Hawa, eý, resulalla» diýdim. Şonda ol bar­ma­gyny maňa görkezip: «Ol şu ýüzügiň gaşy ýalydyr» diýdi. Men tisginip ukudan oýanypdyryn. Ertesi şyhyň mejlisine ba­ryp, bir çetde oturdym. Şyh söhbetiniň arasynda maňa tarap öw­rüldi-de «Ýüzükli hadysy nähili gördüň?» diýdi. Men birden gygyryp ýykylypdyryn we özümden gidipdirin. Şondan soň köp zatlara akyl ýetirdim».

Bir ýüz on bäşinji hekaýat

Abubekr Muhammet bin Ahmet al-Wagyz as-Saragty şeýle gürrüň bererdi: «Biziň şyhymyz Abu Seýit aradan çykandan soň, onuň ýurduny, gara topragy düýnäp ýatan mukaddes ýerini öwüp, kasyda ýazdym. Onda aşakdaky iki beýt bardy:

Ol diýdi: «Hakyň öz mekany bardyr»,

Saňa mynasyp mekan isleýär.

Hak saňa halk üçin bir mekan berdi,

Halk senden başgany laýyk görmeýär.

Men bu kasydany şyhyň mazarynyň başynda şyhyň per­zent­leriniň we müritleriniň ýanynda okanymda, şyhyň sylagly müritlerinden biri Abdysamat bin Hasan al-Kelanesi as-Saragty hem on sany sopusy bilen şol ýerdedi. Ol şeýle diýdi: «Sen bu iki beýtiň dogrulygy hakyndaky kyssany şyhyň mübärek tür­besiniň (mazarynyň) we ýygnanan adamlaryň arasynda diňle». Soňra ol şeýle gürrüň berdi: «Men Nyşapurda şyhyň hyzma­tyn­da bolýardym. Bir gije düýşümde şyhyň hemişe oturýan ýerin­de oturman, başga ýerde oturanyny gördüm. Men şyhdan: «Eý, şyh, näme üçin hemişe oturýan ýeriňizde oturman, başga ýerde oturýarsyňyz?» diýip soradym. Ol: «Men öz ýerimde otyryn» diýip jogap berdi. Men ikinji gezek şyha ýüzlenip: «Eý, şyh, sen öz ornuňda oturmansyň? Haýyrlysy bolsun-da» diýenimde, ol: «Ne aşakda, ne ýokarda, ne sag-da, ne-de çepde – hiç tarap­da meniň mekanym ýokdur, bu oturan ýerimde-de halka peýda bolsun diýip otyryn, goý, halkyň bizden bitmeli hajatlarynyň hemmesi berjaý bolsun, ýaman ýoldan saklansynlar diýip, şu mekanda otyrys» diýdi. Men ukudan oýandym-da, uzyn gije doga okadym. Säher bilen mejlise gelip oturdym, şyh hem hüjresinden çykyp, adaty oturýan ýerinde oturdy. Ol bir sagat çemesi başyny aşak sallap oturdy, soňra başyny galdyryp şeýle diýdi: «Eý, Abdysamat, gel-de öten agşamky gören düýşüňi bize bolşy-bolşy ýaly aýdyp ber». Men haýranlar galdym, çün­ki ol gören düýşümi heniz janly-jandara, ynsan ogluna aýdan ýerim ýokdy. Men agzymy şyhyň gulagyna golaýladyp, gören düýşümi ýuwaşjadan aýdyp başladym, çünki ony hiç kimiň eşit­mezligini isleýärdim. Men heniz düýşümi aýdyp başla­man­kam, şyh gaty ses bilen: «Belent ses bilen oka, goý, adamlar biziň olaryň hajatlary üçin oturanymyzy we bizden ýokarda me­kanyň ýokdugyny bilsinler» diýdi.

Bu sözi eşidenlerinde, adamlar aglamaga başladylar we hoş­wagt hala düşdüler. Bu aýdan iki beýtiň hem, şyh wepat bolandan soň, seniň diliňe gelmegi diňe onuň keramatyn­dan­dyr».

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]