Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
mane baba hekayatlar (elip).doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1.93 Mб
Скачать

Bir ýüz on birinji hekaýat

Hoja Abubekr Mueddep şeýle diýerdi: «Bir gezek şyh Abu Seýit (goý, Alla onuň ruhuny ezizlesin!) Nyşapurda mejlis gur­napdy we sözüniň arasynda: «Ussat Ymam gijä galýar» diýdi, soň­ra iki gezek «Geň zat, geň zat» diýdi. Bir sagat söhbet edip oturandan soň: «Ussat Ymamyň düýnki gören görgüleri üçin ýü­re­giň awaýar» diýdi. Şyh sözüni gutaran badyna, ussat Ymam içeri girdi. Ol gelenden soň, adamlaryň arasynda hyşy-wyşy köpeldi. Şyh ussada ýüzlenip, şeýle diýdi: «Eý, ussat, düýn hem seniň ýagdaýyňdan bihabar däldik, seniň bu gelşiňi hekaýata baglap, gürrüň bereýin:

Bir gün oba kethudasy otyrka, bir daýhan täze ýetişen hyýa­ryndan dadyrmaga getiripdir. Kethuda öýdäkileri sanap görýär-de, olaryň hersiniň öňünde birini goýýar, birini aýak üstünde du­ran gulamyna berýär we kethudanyň özüne zat ýetmeýär. Gu­lam hyýary alyp iýmäge başlaýar, oňa kethudanyň agzy suwaryp, gulamdan dadyp görmegi haýyş edýär. Gulam hy­ýa­ryň bir bölegini kethuda berýär. Kethuda dişläp görse, hyýar ajy­myş. Ol gulamyna ýüzlenip: «Eý, gulam, şeýle ajy hyýary, nädip şeýle işdämenlik bilen iýip bilýärsiň?» diýende, gulam: «Ençe ýyllap hojaýynyň elinden şirin tagamlar iýeniňden soň, bir gezekki aja döz gelmesem, nähili bolar?» diýen. Eý, ussat! Diňle:

Dostdan az zat üçin öýkeläp bolmaz,

Yşgyň kanuny şu, kä şatlyk, kä gam.

Har düşseňem horlugyňa gam iýme,

Rehim eýlese jebri-jepa ýok bolar.

Ýüz ýagşylygy bir ýaman üçin unutma,

Tiken zährin datman hurma ýetmersiň.

Gahar etse, gaharyna sabyr eýle,

Çünki ondan başga howandar olmaz».

Ussat bu sözleri eşidenden, nagra çekip, gapdala ýykyldy we tä özünden gidýänçä, gygyryp ýatdy. Şyh mejlisi tamamlan­dan soň, adamlar öýli-öýlerine dargaşdylar, şyh hem öz jaýyna girdi. Ussat Ymamyň ýanynda şyhlardan we sopulardan bir­nä­çe adam galyp, ondan düýnki bolup geçen wakany soradylar. Ussat şonda şeýle gürrüň berdi: «Düýn Gurhany Kerimi köp okap ýadapdyryn, şol sebäpli birneme aljyraňňyrakdym. Şonda öz içimden şeýle diýdim: «Juma metjidine baraýyn, howuzda ýuwunaýyn, soňra öwlüýälere aýlanyp, zyýarat edeýin. Ilki Juma metjidine baryp, howza bardym, namazlygymy we eşik­lerimi tekjede goýup, suwa girdim. Şol aralykda biri gelip, eşik­lerimi we köwşümi alyp, gaçyp gitdi. Muňa şeýle bir gy­nan­mak gynandym. Soňra suwdan çykyp, ýalaňaç hanaka baryp, başga eşik geýip, niýet eden zadymy ahyryna çenli do­wam etmegi ýüregime düwdüm. Zyýarata gitmek niýeti bilen Juma metjidiniň gapysyna baranym hem şoldy welin, daşa büdüräp, ýüzin ýykyldym we selläm başymdan gaçyp, zyňlyp gitdi. Şol bada biri gelip, ony-da goltugyna gysyp zuwt gaçdy. Men aňkarylyp galdym-da, asmana garap, şeýle nalyş etdim: «Eý, bary-Hudaýa! Abulkasym saňa näme ýamanlyk etdi?! Ol indi seniň salan ýaralaryňa we çalan şarpygyňa çydap bilenok. Men doga okasam-da, öwlüýälere zyýarat etsem-de, barysyny seniň üçin etdim, olar saňa gerek bolmasa, menem indi oňa­ýa­ryn» diýdim. Bu bolup geçen wakadan dünýäde hiç kimiň ha­bary ýokdy, bu gün bolsa şyh «Düýn men seniň ýanyňdadym» diýýär. Oňa şu syr hem aýan eken we onuň hiç zatdan bihabar zady ýok».

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]