Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
mane baba hekayatlar (elip).doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1.93 Mб
Скачать

Bir ýüz onunjy hekaýat

Şyh şeýle diýen: «Men oglan wagtym hoja Ymam Abu Muhammediň ýanynda Gurhany Kerimi öwrenýärdim. Gur­ha­ny Kerimi öwrenip, hatm edenimden soň, kakam maňa: «Indi mugallymyň ýanyna gitmeli» diýdi. Men halypamyň ýanyna baryp: «Siz ejaza berseňiz, men ertir mugallymyň ýanyna git­meli» diýdim. Ol maňa: «Sen maňa bir nesihat bermäge ejaza ber we ony hiç wagt ýatdan çykarma» diýip, «Allanyň hüm­meti bilen göz açyp-ýumasy salym bolsa-da, ylym öwrenmek güneşiň dogşundan-da haýyrlydyr» diýdi. Ol ýene-de: «Al­lanyň hümmeti bilen bir sagat Haka hyzmat etmek, saňa dünýä malyndan gymmatlyrakdyr. Saňa şu zatlary wesýet edýärin, sen ony hiç wagt unutmagyn, hemişe Hakyň adyny zikr edip gezgin» diýdi.

Şyh bir gün hoja Hamawyýa ýüzlenip şeýle diýdi: «Eý hoja, seni näme üçin «Hamawyýa» atlandyranlaryny bilýärmiň? Ol ady saňa halka hemaýat etmegiň üçin dakandyrlar. Sen halk näme aýtsa, diňle we biziň aýdan zatlarymyza hem pugta gulak as: Anna güni meni bu ýerden alyp giderler. Ol gün biziň bazar günümiz bolar, ol gün adamlar köp zähmet çekmeli bolarlar. Ol gün biziň görýän we görmeýän adamlarymyz ýygnanarlar. Sen öz janyňa bejit bolgun, hojalaryň aýdanlaryndan çykmagyn. Ýene-de bir zady berk belle, meni gara ýere duwlanyňyzdan so­ň, siziň öňüňizde köp kynçylyklar dörär». Soňra hoja Nejjar: «Biziň görmeýänlerimiz kimlerdirler?» diýip sorady. Onda şyh şeýle diýdi: «Eý, Ahmet, Resul alaýhyssalam halypalardan üçüsini jynlara ýolbaşçy belläpdir. Olar ölýänçäler, meniň mazarymyň başynda müjewür bolup galarlar we Arafa hem-de Gurban baýramy günlerinden başga günler meniň ýanymdan gitmezler. Jynlardan köp sanlysynyň kalplarynda biziň söhbet­lerimizden rahatlyk peýda boldy. Olar bu ýerde-de, Nyşapurda-da bize mährem we munys1 boldular, derwüşler bilen bilelikde sema etdiler. Eger siz geljekde meniň guburymyň başynda se­ma etseňiz, olar hem size goşulyşarlar. Olary hormatlaň, özü­ňi­zi päk saklaň, hemişe ikindi namazyna çenli howlyňyzy syryp-süpürmegi buýruň, hapa zatlary aýryp taşlaň, kapyr jynlar ga­çyp gider ýaly jaýlaryňyzyň burçlarynda ýüzärlik tüsselediň, men jan berjek bolanymda ýa-da gözlerimi baky ýumanymdan soň, bir ses eşitseňiz, biliň, ol şolaryň sesidir, olaryň päk bol­mak­laryna ýardam ediň. Bilip goýuň, men gidenimden soň, dört zady miras goýýandyryn; syryp-süpürmek, ýuwup-artmak, göz­legde bolmak, mährem sözleşmek. Şu dört zady aýap sak­lasaňyz akaryňyzyň suwy sowulmaz, diýanat1 bossanyňyz he­mi­şe gök öwser, adamlar size tomaşa edip guwanarlar. Bu dört sany esasy zadyň araňyzdan ýitip gitmezligi üçin iň soňky de­me çenli eliňizde baryny ediň. Dünýäde hiç zat baky däldir, «Innä lillähi we innä ileýhi rajyun»2.

Soňra şyh «Kagyzdyr döwet getiriň» diýdi we kätibi Abyl­hasan Agraç Bawerdä: «Ýaz!» diýip, yşarat etdi. Şyh şeýle diý­di: «Ýaz! Bismillahy-r-rahmany-r-rahym, hoja Abu Tahyr, hoja Nasyr, hoja Muzapbar, hoja Mutahhyr, hoja Mufazzal, hoja Abyl­fath, hoja Abu Sagt, hoja Muwaffak, Abulfaraj al-Fazl, hoja Mesgut» diýip atlandyryp, her birine doga etdi we kätip onuň aýdanlaryny ýazdy. Soňra şeýle diýdi: «Biz ýurdumyzy tä­ze­länimizden soň, şu on kişiden biri galsa-da, ýol ýitmez, eger olardan iň soňky hem ýere duwlansa, bu many adamlardan üsti örtülgi galar».

Soňra ýüzüni aşak egip, bir sagat oturandan soň, başyny gal­dyrdy, onuň mähriban ýüzi suw-sil bolupdy. Adamlar aglaş­maga başladylar. «Bu many näçe wagt saklanar?» diýip soral­dy. Ol: «Bu hadysyň ysy halkyň arasynda ýene-de ýüz ýyl sak­la­nar, ondan soň ondan ysam galmaz, nam-nyşanam. Eger bu manyny aňlamak gerek bolanda-da, onuň üsti örtülgi bolar we islegler üzülip galar» diýip jogap berdi.

Soňra hoja Abdylkerime ýüzlenip, şeýle diýdi: «Bu oglan ýoluň ahyryna çenli gitmek isleýär. Bu ýere ýetdiňmi, saklan. Köp zat isleseň, hiç zat tapmarsyň» diýdi.

Soňra aýtdy: «Eý, Abu Tahyr, ýeriňden tur». Ol ýerinden tur­dy. Onuň donunyň syýyndan tutup, özüne çekdi-de: «Seni we seniň perzentleriňi sopularyň hyzmatyna tabşyrdym. Biziň bu nesihatymyzy pugta diňle» diýip, şu beýti aýtdy:

Aşyk bolsaň ahyryna çen aşyk bol,

Oňlanmaýany oňlanýan hala getir.

Erbet zat görseňem, ýagşylyga ýor, 

Zäher berseler-de, şeker diýip bil.

Şyh: «Kabul etdiňmi?» diýip sorady. Ol: «Kabul etdim» diýdi. Soňra şyh: «Bärdäkiler bilsinler we gelmediklere aýtsyn­lar. Abu Tahyr özendir» diýdi-de, gözlerini giňden açyp, sopu­laryň iki sany hojasyna seretdi. Olaryň biri kermanly hoja Aly Hasan we beýlekisi merwli hoja Aly Aýýardy. Indi sopularyň hojasy1 Abu Tahyrdy.

Ol bu wesýetleri Başgün aýdypdy. Ol wagt meret aýynyň başydy, rejep aýynyň ýigrimi ýedisine soňky mejlisini tamam­lady we ondan soň mejlis gurnamady. Ol ahyrky mejlisini şu bent bilen tamamlady:

Yşgyň düşegini ýygnamaly-da,

Yzaly ten bilen ýola düşmeli.

Aleýke şeýle diýdi: «Ýeriňden tur-da, şu sagat Nyşapura ugra, üç gün aňryk, üç gün bärik, ýarym gün hem aňyrda bo­lar­syň we Sogapgüni öýle namazyna öwrülip gelersiň. Baranyňda biz dokaýan garry mama salamymy gowşur, soňra: «Öz egrip, dokan we ahyrete goýan biziň bize gerek boldy» diý. Bu gür­rüň şyhyň wesýet eden Başgünine çenli sopularyň arasynda do­wam etdi. Şyh wesýetlerini aýdyp gutarandan soň, hoja Abdyl­kerime ýüzlenip, şeýle diýdi: «Biziň täret bilen baglanyşykly işlerimizi sen düzedipdiň, hammamda hem sen hyzmat edipdiň, indi galan işleriň hem kemini goýman, ýerine ýetir, Hasany ýanyňa ýoldaş edip al, şeýtseň şol wagt hiç hili howp döremez, olaryň saklaýşy ýaly, sünneti doly berjaý et, sünneti terk etseň, ony täzeden ýerine ýetirmeli bolar».

Abdylkerim şeýle diýdi: «Şyh Sogapgüni öýle namaz wagty gözüni açdy we hoja Abu Tahyrdan: «Aleýk geldimi?» diýip sorady. Ol: «Ýok» diýip jogap berdi. Şondan bir sagat geçen­den soň, ol öýe girip: «Aleýk geldi we bizi getirdi» diýdi. Şyh gözüni açyp: «Näme diýýärsiň?» diýensoň, ol aýdan zatlaryny gaýtalady. Şyh: «Alhamdulillähi rabbil alemin»1 diýdi welin onuň dem almasy kesildi. Bu waka 440-njy ýylyň meret aýy­nyň dördüne, Sogapgüni, anna agşamy, ýassy namazy wagtyn­da bolup geçdi we şyhymyzyň jan guşy köňül bossanyndan bakyýet saraýyna uçup gitdi. Şol wagt Mänäniň hemme ýerine şeýle bir ses ýaýrady. Ol ses adamlara öň şyhyň habar berşi ýaly, jynlaryň sesidi. Adamlar sesleriň arasynda: «Daryg-a, da­ryg-a, gitdiň, özüň bilen alyp gitdiň we halka zat goýmadyň» diýen sözleri eşidýärdiler. Ýarygijä çenli hemmeler ýygnan­dy­lar we irden jesedi ýuwmaga başladylar. Şyh öň: «Bi:zi iki bö­lüň-de, ýarysy bilen eginlerimi ýapyň, galan ýarpysy bilen göw­rämi örtüň» diýipdi. Abdylkerim şeýle diýdi: «Şyhy ke­pe­ne çoladyk, hoja Tahyr perzentleri bilen toplanyşyp durdular. Men şyhyň aýak ujunda durdum. Men şyha seredenimde, ol göz­lerini açyp, kepeniň bir çetini görkezdi. Muny hemmeler gördüler. Seretsem, kepeniň bir ýerini gowy çekmän ekenler, ony düzedişdirdim. Gün dogandan soň, şyhy daşary çykardyk. Jynaza namazy okalandan soň, tabydy göterdiler. Gün dogup, çäş wagty bolýança, tabyt elden-ele geçip, ýere düşmedi. Adam­lar ony ýere goýarly däldiler. Şol wagt hoja Nejjar Ha­ma­wyýa: «Şyhyň aýdan zady ýadyňdamy, şonuň wagty geldi» diýeninden, Hamawyýa eline taýak alyp, tabydy mazarys­tan­lyk­da goýdurdy we ony jaýladylar.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]