Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
mane baba hekayatlar (elip).doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1.93 Mб
Скачать

Togsan sekizinji hekaýat

Biziň şyhymyz Abu Seýit Nyşapurda bir ýyl bolsa-da, Ymam Abylkasym Kuşaýry şyhymyzy inkär edýändigi üçin bir gezegem onuň ýanyna salama gelmändir. Adamlar şyh bilen näme bolup geçýän bolsa, gylyny gyşartman ussat Ymama ýeti­rer ekenler we ussat Ymamyň agzyndan çykan sözleri-de ge­lip, biziň şyhymyza birin-birin aýdar ekenler, ýöne şyh bir söz-de diýmez eken. Ussat Ymam biziň şyhymyza müňkür bo­lany üçin, käte ýüreginde toplanan pikirleri daşyna çykyp, şyhymyz barada nämynasyp sözler hem aýdar eken. Ol bir gezek: «Abu Seýidiň Haktagalany söýüşiniň we Hak Subhana Tagalanyň bizi söýşüniň tapawudy bu ugurda biz pil bolsak, ol peşeden artyk däldir» diýipdir. Bu gürrüňi şyha ýetirenlerinde, şyh ol adama: «Sen ussadyň ýanyna bar-da: «Peşe hem sen beýleki-de, biz bolsa hiç zat» diýip aýt» diýen. Ol derwüş hem ussat Ymamyň ýanyna gelip, şyhyň aýdanlaryny oňa ýetiripdir. Ussat Ymam şol sagatdan soň şyh barada erbet zat diýmejegine söz beripdir we hiç wagt şeýle sözi agzyna almandyr. Ol şon­dan soň şyhyň mejlisine gatnap başlapdyr we onuň ýüregindäki betgümanlyk mähir-muhabbete öwrülipdir.

Togsan dokuzynjy hekaýat

Biziň şyhymyzyň Nyşapurda bolýan wagtlarynda ol bir gün Zekiýadaky Haýra mazarystanlygyna zyýarata gidýär. Ol öw­lüýäniň başyna ýetende, ol ýerde birnäçe adamyň üýşüp, şerap içip, bir zatlar oýnap oturanlaryny görýär. Sopular muňa gahar­lanyp, olaryň öňüni alyp, ezýet berip, ýençmek isleýärler. Şyh oňa rugsat bermeýär. Şyh olaryň ýanlaryna baryp: «Hudaý sizi bu jahanda şady-horram bolşuňyz ýaly, o dünýäde-de size hoş­luk bersin-dä» diýipdir. Şyh şeýle diýeninden olaryň hemmesi zöwwe ýerlerinden turup, şyhyň atynyň öňüne ýykylypdyrlar, şeraplaryny döküpdirler, sazlaryny kül-uşak edip, toba edipdir­ler we şyhyň mübärek nazary bilen salyhatly, ýagşy adamlaryň hataryna goşulypdyrlar.

Bir ýüzünji hekaýat

Aýtmaklaryna görä, şyhymyz bir gün Merwe gitmek üçin hanakasyndan çykyp, sähra tarap ýola düşdi. Ýolda olara bir tä­jir hem goşulyp, şyha hyzmat edip gidýär. Haçanda olar täjiriň köşgüniň gapysyna ýetenlerinde, ol şyhyň atynyň jylawyndan tutup: «Meniň köşgümde düşläp geçiň, bu ýerde, goý, siziň mü­bärek gadamlaryňyzyň yzy galsyn» diýip, ýalbaryp baş­la­ýar. Ol özelenip duransoň, şyh sopulary bilen düşüp, köşge girýärler. Ol öýde birnäçe pürsleri göterip duran äpet bir sütün bar eken, öýüň agramly bölegini şol sütün saklaýar eken. Şy­hyň gözi ol sütüne düşüp: «Sen şeýle göni we berk bolanyň üçin, üstüňdäki ähli zady göterip bilýäň» diýipdir. Bu sözler şyhyň agzyndan çykandan, ol täjir: «Eý, şyh, dogry aýdýar­sy­ňyz, meniň bu sütün üçin çykaran çykdajymyň, kesen kellele­rimiň sany-sajagy ýokdur, bu sütüni gaty köp azaplar, görgüler bilen şu ýere getirdik, bütin şäherde munuň ýaly sütün ýokdur» diýen. Şonda biziň şyhymyz: «Subhanalla, biz nire, bu adam nire?» diýip, ol köşkden çykypdyr. Täjir hernäçe ýalbarsa-da, duran ýerinden atyna münüp, Merwiň hiç ýerinde eglenmän, hiç ýerde goş ýazdyrman, göni Abdylla Mübäregiň galasyna gelip, şol ýerde düşleýär, ol ýerden hem dogry Mänä gaýdýar.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]