Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
mane baba hekayatlar (elip).doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1.93 Mб
Скачать

Togsan dördünji hekaýat

Aýtmaklaryna görä, biziň şyhymyz Abu Seýit Mänede wag­ty sopulary üçin bäş ýüz dinar bergi edipdir. Bir gün ol Hasan Mueddebe: «Aty eýerläň, bergilerimizi üzmek üçin Abylfazl Fy­ratyň ýanyna gideliň, bu işiň hötdesinden ol gelip biler» diýen. Hasan aty eýerländen soň atlanyp, sopulary bilen ýola düşdi. Derwüşlerden biri olardan öňürdip, oňa Mänede bolan gürrüňleri, şyhyň bergisini üzmek aladasy bilen Abylfazl Fyra­tyň ýanyna gelýändigini habar berýär. Abylfazl Fyraty şyhyň öňünden çykyp, uly hezzet-hormat bilen garşylaýar, ony öýüne getirip, nazy-nygmatlar bilen saçak ýazyp, üç gün myhman alýar. Ol şol üç günde şyha hyzmat edip, dyzyny epmeýär, bir pursat hem onuň ýanyndan aýrylmaýar. Dördünji güni şyh he­niz hiç zat aýtmanka, hatda ýanjydyp hem duýdurmanka, ol bäş ýüz Nyşapur dinaryny alyp, Hasana berýär we oňa şeýle diý­ýär: «Bu şyhyň bergisi üçin». Ýene-de bir ýüz dinar alýar-da, oňa berip: «Bu ýolda iýip-içer ýaly» diýýär, ýene-de bir ýüz dinar berip: «Bu-da şyhyň mübärek gadamlary üçin» diýýär. Hasan Muýeddep gelip, bolan zatlary şyha gürrüň berýär. Şyh: «Eý, Abylfazl, saňa nähili doga edeýin?» diýende, ol: «Şyh nä­mäni mynasyp hasaplasa, şol bolar» diýýär. Şyh ondan: «Hak­tagala bu baýlyklaryňy eliňden alsyn» diýip doga edeýinmi?» diýýär. Ol şonda: «Eý, şyh, ol bolmaz, çünki mende dünýälik bolmadyk bolsa, siziň mübärek gadamyňyz bu ýere düşmezdi, biz şyha hyzmat edip bilmezdik we meniň ýüregim sizden aý­ra­lyga çydamazdy» diýen. Biziň şyhymyz şonda: «Eý, bar Hudaýa! Ony dünýälige bendiwan etme, baýlygy oňa ýol azy­gy eýle, dünýälikden zyýan görmesin» diýip, haýyr dogasyny eden. Şyhyň dogasynyň bereketi oňa we perzentlerine ýokup­dyr, Abylfazl tanymal adamlaryň biri bolan, köp adamlar on­dan haýyr-yhsan görüpdirler, onuň çagalary hem ýokary derejä ýetipdirler, dinde we dünýälikde Horasanyň belli adamlary bolup ýetişipdirler.

Togsan bäşinji hekaýat

Biziň şyhymyz Nyşapurda bolýan günleriniň birinde Hasan Mueddebi çagyryp: «Bize bir zat aýdyp berer ýaly tur-da, bir aýdyjy tapyp gel» diýýär. Hasan Mueddep çykyp gidýär, emma bütin şäheri söküp, aýdyjy tapyp bilmeýär. Ol gözläp-gözläp ysgyndan gaçanda harabada ýatan bir ýaş oglany görkezýärler. Ýanyna barsalar, ol serhoş bolup ýatan eken. Ol şyhyň ýanyna gaýdyp gelip: «Eý, şyh, men bütin şäheri agtaryp çykdym, şu ýaş ýigitden başga adam tapmadym» diýýär. Şyh: «Ony bolşy ýaly alyp gel» diýýär. Hasan gidip, ony bolşy ýaly şyhyň ýany­na alyp gelýär. Şyhyň ony çagyrmagy ýaş ýigidiň bagta ýet­me­gine sebäp bolýar. Ol ýigit hanaka getirilende, özüni bilenokdy. Şyhyň ýanyna getirilende, ol: «Eý, juwan, hany bir beýt aýt» diýýär. Ol ýigit bazzyk-buzzuk edip, bir beýt aýdýar. Ol ser­hoş­luk­dan aňyny aldyrandan soň, şol ýerde ýykylyp uklap galýar. Şyh: «Ony ýatyryň» diýýär. Ony gowy ýatyrýarlar, üs­tü­ni ýapmak üçin bolsa şyh öz jüpbesini – donuny berýär. Ol ýigit bir sagat ýatyp, ukusyny alandan soň gygyryp, aglap-eň­räp turýar-da: «Men nirede?» diýip soraýar. Hasan onuň ýany­na baryp: «Sen şyh Abu Seýit Abylhaýyryň hanakasynda, seni şyh beýt aýtdyrmak üçin çagyryp getirdi» diýýär. Ol aglap-eňräp ýerinden turýar-da, şyhyň ýanyna barýança, sopularyň her biriniň aýagyna ýykylýar. Ol şyhyň elini-aýagyny ogşap: «Men toba etdim» diýen. Şyh öz mübärek elleri bilen onuň ba­şy­ny sypalap, hammama ugradýar. Ol ýigit sertaraşa: «Başymy syr» diýýär. Sertaraş onuň saçlaryny syrýar we şyh ol ýigidi ge­ýin­dirmek üçin öz haladyny hammama iberýär. Ol ýigit ha­na­ka gaýdyp gelýär we otuz ýyllap derwüşlere hyzmat edip, olaryň arasynda galýar. Ol şyhyň mübärek nazarynyň berekedi bilen olaryň iň hormatlylarynyň biri bolýar.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]