Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
mane baba hekayatlar (elip).doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1.93 Mб
Скачать

Togsanynjy hekaýat

Aýtmaklaryna görä, biziň şyhymyz Gaýyna gelende, ony köp ýerlere çagyrýan ekenler. Bir gün biziň şyhymyzy bir ýere myhmançylyga çagyrypdyrlar. Biziň şyhymyz ol ýere barandan soň, şol döwrüň sylagly adamlaryndan bolan Hoja Ymam Abu Sagyt Haddadyny hem yzyndan adam iberip çagyrypdyrlar. Abu Sagyt Haddat oňa: «Men kyrk ýyldan bäri öz çöregimden başga iliň çöregini iýip göremok» diýip, jogap beripdir. Bu habary şyha ýetirýärler. Ol: «Subhanalla, biz elli ýyldan gow­rak bäri öz çöregimizi iýip, iliň çöregini dadyp göremzok» diýipdir, ýagny: «Biz näme iýýän bolsak, hemmesi Hakyň bize eçilen rysgalydyr diýip bilýäris» diýen.

Togsan birinji hekaýat

Biziň şyhymyz Abu Seýit Gaýynda bolýan wagtlary ol ýerde Hoja Ymam Muhammet Gaýyny diýilýän, uly sarpa goýulýan bir ymam hem bar eken. Şyhyň ol ýerdedigini eşidip, şyhyň ýanyna salama gelýär. Ol wagtynyň köpüsini şyhyň ýanynda geçirer eken. Şyhy her gezek bir ýere çagyranlarynda, ol hem şyhyň haýyşy bilen bile giderdi we sema ederdi. Bir gün çagyrylan ýerlerinde sema bilen meşgul boldular, şol wagt şyh halata düşüpdi we sopular hem halatda bolup, wagtlaryny hoş geçirýärdiler. Şol wagt azançynyň ikindi namazyna ça­gyr­ýan azan sesi eşidilip başlady, şyh halatdady, galanlary hem sema şeýle bir gyzyşypdylar welin, bar zady unudypdylar, olar raks edip, nagra tartýardylar. Olar halatda döwri Ymam Mu­ham­met Gaýyny: «Namaz, namaz» diýip gygyrdy, biziň şyhy­myz bolsa: «Biz namazda» diýdi-de, raks etmegini dowam etdirdi. Ymam Muhammet olary goýup, özi namaza gitdi. Şyh halatdan açylyşandan soň: «Günüň dogýan ýerinden ýaşýan ýerine çenli bu adamdan belent hümmetli we danyşment hiç kişä, ýagny ymam Muhammet Gaýynydan başga adama günüň nury düşmez. Ýöne onuň bu zatlara iňňäň ujy ýaly-da dahylly ýeri ýok-da» diýipdir.

Togsan ikinji hekaýat

Ymam Harameýin Abylmagaly Jüweýni şeýle aýdan: «Bir gün kakam şyh Abu Muhammet Jüweýni maňa: «Tur-da, şyh Abu Seýit Abylhaýyryň ýanyna git. Şyh näme diýse, berk ýadyňda sakla we gelip maňa aýt» diýdi. Men şyhyň ýanyna bardym. Şyh menden: «Näme okaýarsyň?» diýip sorady. Men: «Garşylyklary» diýdim. Şyh maňa: «Garşylyklary däl, garşy­lyk­lary däl, garşylyklary däl, ugurdaşlygy öwren» diýdi. Men kakamyň ýanyna gaýdyp gelip, şyhyň agzyndan eşiden zat­larymy birin-birin gürrüň berdim. Şonda kakam maňa: «Gaý­dyp garşylykly zatlary okama-da, mezhep bilen fykhy oka» diýdi. Men onuň diýjek bolýan zatlaryna düşündim we onuň pendini tutup, şu derejä ýetdim.

Togsan üçünji hekaýat

Şyhylyslam Abdylla Ensarynyň sahawatly perzentleriniň birnäçesi kakasyndan eşiden aşaky rowaýatyny getirýärler. Aýt­maklaryna görä, şyhylyslam Abdylla şeýle diýen: «Ýaşlyk ýyllarymda tasawwup1 ýoluny tutmagy arzuw edýärdim, mak­sadyma ýetmek üçin bir ussadyň gapysynyň açylmagyny isle­ýärdim, çillä oturýardym, tarykat pirleriniň we uly ulamalaryň huzurynda bolýardym, olardan ýardam, dogalaryndan medet isleýärdim. Muňa garamazdan, öz-özünden biygtyýar dilime paýyş sözler gelýärdi, ýüregimden olara müňkürlik we ýigrenç aýrylmaýardy. Men hernäçe jan çeksem-de, ol häsiýet menden aýrylyp gidiberenokdy. Bu ýagdaý Nyşapura gelip, şyh Abu Seýit Abylhaýry zyýarat edýänçäm dowam etdi. Men bara­nym­da, ol otyrdy we bir mürit onuň hyzmatynda durdy. Ol mürit gaýnadylyp bişirilen şalgamy şekere bulap, oňa berýärdi we ol iýýärdi. Men gapydan girenimde, şyhyň elinde ýarpysy iýilen şalgam bardy we ony elinde tutup durdy. Ol elinde tutup duran ýarty şalgamyny meniň agzyma saldy. Şol pursatdan soň meniň dilime hiç paýyş söz gelmedi, hiç wagt hapa sözi agzyma al­madym. Şondan soň hakykat (tasawwup) sözleri maňa açyldy. Indi meniň dilime näme gelýän bolsa, şyh Abu Seýidiň öz eli bilen meniň agzyma salan ýarty şalgamyndan we onuň bereket nazaryndan boldy.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]