Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
mane baba hekayatlar (elip).doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1.93 Mб
Скачать

Altmyş altynjy hekaýat

Günlerde bir gün bir adam biziň şyhymyzyň ýanyna gelip: «Eý, şyh, sen maňa Hakyň syrlaryny düşündirsene» diýýär. Şyh oňa: «Sen ertir geläý» diýip ugradýar. Ol adam gidenden soň, şyh bir syçany tutup bir gaba salyp, agzyny berk ýapmagy buýrýar. Ol adam ertesi gelip: «Eý, şyh, düýnki boýun alan za­dyňy aýdaýsaň» diýende, şyh içi syçanly gaby oňa ber­mek­le­rini buýurýar we: «Zynhar, gabyň agzyny açaýmagyn» diýip sar­gaýar. Ol adam öýe gelenden, gabyň içindäkiniň nämedigini bil­mek höwesi ot alyp başlaýar. Ol gaby açman, näçe saklanjak bolsa-da, höwes ony öz erkine goýmaýar, ahyry gabyň agzyny açýar welin, içinden bir syçanjyk böküp gaçyp gidýär. Ol adam ýene-de gelip: «Eý, şyh, men senden Allatagalanyň syryny aýt­magyňy soradym, sen bolsaň bir gaba syçan salyp goýbe­rip­siň?» diýýär. Şonda şyh: «Eý, derwüş, saňa bir gabyň içine syçan sa­lanymyzda, şony saklap bilmänsiň, eger saňa Hakta­ga­lanyň syrlaryndan aýdaýsam dagy, ony nädip saklarkaň?» diýýär.

Altmyş ýedinji hekaýat

Biziň şyhymyz müritlerinden haýsy-da bolsa biri öýlense, onuň gelnini ýanyna çagyryp, şeýle sargyt eder eken: «Hemişe üç zady berjaý etmegi unutma: Ýanýoldaşyň öýe näme getirse, isle galla, käşir ýa-da başga bir zat bolsun, isrip etmän, örän aýawly harç et, ony ýanýoldaşyňdan rugsat almazdan, ýüplük egirýän we mata dokaýan aýallar ýaly artyk harç etme, tygşytly bolsaň, öýüň bereketi artar. Öýüňde hiç kerep bolmasyn, kerep bolan ýerde şeýtan bolar, müritler bolsa şeýtan bilen bir jaýa sy­gyşmazlar. Nahar taýýarlamakçy bolanyňda, et bolsun ýa dä­neli zat bolsun, hernäme bolanda-da, gazana atmazdan öň, ke­mini goýman arassalagyn we soňra gazana atgyn. Şu üç nesi­haty berjaý etseň, öýüň hemişe abat bolar».

Altmyş sekizinji hekaýat

Biziň şyhymyzdan: «Saragtda jöwher ýaly ýiti zehinli kim bar?» diýip soranlarynda: «Siziň şäheriňizde Lukman bar» diýip jogap beripdir. Olar: «Ýa Subhan Alla, biziň şäherimizde şondan başga adamlar bilen degşip, ili gülüşdirip ýören ýok» diýenlerinde, şyh olara: «Siz ýalňyşýarsyňyz, ýiti zehinli adam päkize bolmaly, päkize ynsan bolsa hiç zada bagly, hiç kime garaşly bolmaly däl, ol bolsa hiç zada, hiç kime garaşly däl, azat we erkin adam, ol o dünýä-de dünýe malyna-da bagly adam däl» diýen.

Altmyş dokuzynjy hekaýat

Şyha: «Pylankes suwuň ýüzünde ýöräp ýör» diýenlerinde, ol: «Gurbaga bilen suwguşam ýöreýär, bu ýerde geňlär ýaly zat ýok» diýen. «Pylany howada uçup ýör» diýenlerinde, ol: «Si-ňek­dir garga-da uçup ýör» diýen. Oňa: «Pylankes göz açyp ýumasy salymda bir şäherden beýleki şähere baraýýar» diýen­le­rinde: «Şeýtan bir demde Magrypdan Maşryga-da ýetip bil­ýär. Bu zatlar gürrüňini edeniňe degýän zatlar däl, adam üçin iň gymmatly zat, goý, ol hem beýleki adamlaryň arasynda bolsun, olar bilen deň oturyp, deň tursun, il ýaly ýatyp-tursun, il ýaly bazara baryp, alyş-beriş etsin, hemişe adamlaryň arasynda bol­sun, bir dem hem Allany ýüreginden uzaklaşdyrmasyn» diýen.

Ýetmişinji hekaýat

Şyhymyz bir gezek Tusa gelende, adamlar ondan mejlis gurap, söz sözlemegini haýyş etdiler. Ol razylaşdy. Ertesi irden hanakanyň öňünde agaçdan seki ýasadylar. Adamlar gelip otu­ryşanlaryndan soň, şyh hanakasyndan daşary çykdy. Karylar Gur­hany Kerimi okamaga başladylar. Jemende şeýle bir köp ýygnanypdy welin, gymyldamaga ýer ýokdy. Beýemçi ýerin­den turup: «Alla size rehmet nuryny eçilsin, kyn görmäň-de bir ädim öňe gozganyň» diýdi. Şyh şonda: «Allahumme salli alä Muhammedin we alä älihi ejmagyn»1 diýip, ellerini ýüzüne syl­dy-da, şeýle diýdi: «Meniň öňden bäri aýtmakçy bolan we mundan öň öten pygamberlerimiziň aýdan zatlaryny bu gün bu adam bir sözlemde: «Her kim bir ädim öňe süýşsün» diýip aýt­dy. Soňra ol bir söz diýmän, sekiden düşüp gitdi. Şunluk bilen mejlis tamam boldy.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]