Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
mane baba hekayatlar (elip).doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1.93 Mб
Скачать

Elli birinji hekaýat

Reşit at-Taýypa Abdyljelil şeýle diýerdi: «Biziň şyhymyzyň Nyşapurda gençrudly1 bir sylaýan dosty bardy. Ol derwüş he­mişe şyhyň ýanyna gelýärdi. Onuň ýer bilen gögüň arasynda kiçiräk üzümli haýaty bardy we çaga-çugalary bilen şondan güzeran görýärdi. Ol bir gezek şyha: «Eger şyh ýaranlary bilen üzümligi görmäge geläýse, gowy bolardy» diýen. Şyh: «Ba­şarmarys» diýse-de, ol birnäçe gezek gelip, özelenip çagyryp durupdyr. Ol hernäçe ýalbarsa-da, şyh bir diýen sözünden üýt­gemeýärdi we ýol bermeýärdi. Ol bir gün şyhyň ýanyna gelip şeýle diýen: «Eý, şyh, biziň bir arzuwymyz siziň ýaranlaryňyz bilen biziň üzümimizi görmäge gelseňiz, üzümler hem bişip­dir». Şyh hernäçe boýun gaçyrsa-da, peýda bermändir. Ahyr ol turup, ýaranlary bilen birlikde derwüşiň üzüm bagyna tarap ug­radylar, ýöne üzümçilik kiçijik, üzüm az, adam bolsa köpdi. Derwüşler üzüm iýdiler. Şol aralykda derwüşleriň biri iki sany oňat üzüm salkymyny ýolup, ýapraklary bilen namazlygyna dolap, hiç kim görmez ýaly edip, üzümli haýatyň bir çetinde gizledi. Üzüm iýip bolanlaryndan soň, hemmeler çykyp başlan­da, ol adam hernäçe seretse-de, bukan üzümine gözi düşmedi. Biri: «Hudaý berekedini berer» diýip seslenende, üzümli haýa­tyň eýesi: «Bu ýylyň berekedi uçdy» diýipdir. Şyh öz ýaranlary bilen çykyp gidenden soň, üzüm bukan derwiş üzümli haýada öwrülip gelip, bukan üzümini hernäçe gözlese-de tapmandyr. Üzümli haýatyň eýesi gaharlanyp, üzümli haýatyň gapysyny berk bekläp çykyp gitdi we gyşyň başyndan başlap, üzümli haýatyna-da, şyhyň ýanyna-da gelmändir. Täze ýyl üzümlere se­retmeli, olary bejermeli wagty gelende, adamlar üzümli ha­ýat­laryny, üzümlerini bejermek işleri bilen garabaşlaryna gaý­dylar. Ol adam hem öz ýanyndan oýlanyp, edýän işiniň telek­digine düşündi we bejergi işlerini geçmegi dogry hasap edip, üzüme gaharlananyň bilen hiç netijäniň çykmajakdygyna gözi ýetdi. «Eger günä iş edenem bolsam, özüm etdim» diýdi. Ol turup, üzümli haýatyna girdi we üzümlerine aýlaň-çaýlaň etdi we üzümli haýatyň bir burçundaky namazlyga gözi düşdi, ony alyp açyp görse, içinde bagyndan ýaňy ýolnan ýaly iki salkym üzüm bar eken. Üzümler ýaňy ýolnan ýaly göm-gök ýapraklara dolanyp duran eken. Ol muňa çäksiz begenipdir, olary alyp bir tabaga salypdyr-da, öz soltanlary soltan Suruň huzuryna eltip­dir. Bu soltanyň diýseň hoşuna gelipdir we üzüm getiren taba­gyny tylladan dolduryp bermegi buýrupdyr. Derwüş muňa çäk­siz begendi we munuň şyhdyr ýaranlarynyň mübärek gadam­larynyň bereketidigine düşünip galdy. Ol üzümlere gahar ede­nine puşman etdi, öýe gelip, on dinar tylla alyp gelip, ga­har­lananyna toba etdi. Ol hanakadan çykanynda, şyhyň gözi oňa düşdi we: «Eger sen Sura duşmadyk bolsaň, oňat pursady elden giderjekdiň» diýdi. Derwüş ýere ýykylyp, birnäçe wagt ol ýere gelmändigine toba etdi.

Elli ikinji hekaýat

Nyşapurda Abdylla Kerramynyň ýaranlaryndan bir muh­tasyp1 bolan. Ol biziň şyhymyza betgüman eken. Ol bir gujak egin-eşigi alyp, geýim ýuwulýan ýere alyp barýar. Onuň geýim ýuwdurmak üçin niýetlän puly ýanynda eken. Ýolugra ol şyhyň mejlisine degip geçýär-de, öz ýanyndan: «Gaýdyp gelerin-de, siz bilen näme işlemelidigini bilerin» diýýär. Ol geýim ýuwul­ýan ýere baryp, geýim ýuwuja bir dirhem kümüş pul berýär. Geýim ýuwýan: «Seniň munyň diňe sabyn bilen şora2 ýetýär, zähmetime hem tölemeseň ýuwjak däl» diýýär. Muňa gaharla­nyp, muhtasyp ony metjidiň içinde suwasalma ýenjýär. Ol goja aglap çykyp gidýär, Muhtasyp bolsa ýene-de öwrülip gelýär. Ol gelende, şyhymyz heniz mejlisini tamamlaman eken. Muh­tasyp hanakanyň gapysyndan girip: «Eý, şyh, sen haçana çenli adamlary ýoldan çykaryp, olaryň başyny aýlap gezjek» diýýär. Şyh şonda: «Eý, hoja Muhtasyp, näme etsek oňat bolar?» diý­ýär. Muhtasyp oňa: «Mejlis guramak, goşgy aýtmak bolmaýar» diýen. Şyhymyz şonda: «Biz onuň isleýän işlerini amal ederis, ýöne hoja Muhtasyp, sen kir ýuwujynyň ýanyna geldiň we bir kümüş dirhem berip, baryny ýuwdurmakçy bolduň. Ol bolsa: «Bu puluň diňe sabynyň bahasyna ýetýär, meniň zähmet haky­my hem ber» diýeni üçin ony suwasalma ýençdiň. Ol biçäre go­ja bagry başly, gözi ýaşly, ölümden gorkman üç-gyraksyz ymgyr çöle tutduryp gitdi. Indiki gezek geýimleriňi ýuwmaly bolanda, bize getir. Hasan olary ýuwaram, atyr we gülap suwu­ny sepip, hoşboý edip ýanyňa elter, ýöne seniň musulman ben­de­sine azar bermegiň, olary gussa batyrmagyň bolanok». Muhtasyp dadu-perýat edip, şyhyň aýagyna ýykyldy, eden işle­rine ökünip toba etdi.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]