Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
mane baba hekayatlar (elip).doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1.93 Mб
Скачать

Kyrk bäşinji hekaýat

Aýtmaklaryna görä,biziň şyhymyz Nyşapurda bolýan döw­ründe ady il içinde tanalýan iki sany adam öz aralarynda dille­şip, keramatlydygyny ýa-da däldigini bilmek üçin, şyhy synap görmek isleýärler. Olar öz aralarynda: «Gel, şyhyň ýanyna ba­ra­ly, ondan bahana bilen bir zat alaly-da, etli ýarma iýeli» diýenler. Şol niýet bilen olar şyhyň ýanyna gelýärler-de: «Eý, şyh, biziň bir goňşy gyzymyz bar, ol biçäräniň ata-enesi ýok, biz ony durmuşa çykarýarys, oňa gerek zatlary bolsa her kim güýjüniň ýetdiginden kömek edýär. Biz zerur zatlaryň hem­mesini diýen ýaly aldyk we şu agşam gaýyn öýüne ugradýarys, ýöne oňa bir şem gerek. Biz pikir edip, şuny şyhdan diläli, goý, täze öýe baranda, şyhyň sadakasyna alnan şemiň ýagtysyna barsyn diýip pikir etdik» diýenler. Şol wagt şyhymyz Hasan Mueddebi çagyryp: «Eý, Hasan, iki sany gymmatbahaly uly şem getir we olara ber, ýogsa ýarmanyň olara gymmat düşmegi mümkin» diýen. Olar bu sözi eşidenlerinden ellerini, aýak­la­ryny ýitirip aljyraýarlar, ýüzlerini şyhyň aýaklaryna sürtüp, eden işlerine puşman edip, toba kylýarlar. Olar hemişelik şy­hyň hyzmatynda galýarlar we ýagşy adamlaryň hataryna goşul­ýarlar.

Kyrk altynjy hekaýat

Rowaýat etmeklerine görä, biziň şyhymyz Nyşapurda bolan döwürlerinde bir gün nähoşlapdyr we onuň derdine derman etsinler diýip bir tebibi çagyrypdyrlar. Ol tebip gäwür eken. Ol gelip, şyhyň ýakynynda oturýar-da, şyhyň elinden tutup, onuň ýü­rek urgysyny barlamak isleýär. Şol wagt şyh Hasan Mued­debi çagyryp: «Eý, Hasan, gaýçy getir-de, munuň dyrnakla­ry­ny, agzyna girip duran murtlaryny gyrk we kagyza dolap eline ber. Goý, olar ony islän ýerlerine taşlamagy adat edinmesinler» diýýär, soňra: «Elini ýuwar ýaly suw getir» diýen. Ol gäwür bu aýdylan zatlara geň galyp seredipdir-de, sebäbini soramaga ýürek edip bilmändir. Şyhyň aýdanlary ýerine ýetirilenden soň, tebip şyhyň elinden tutup damarynyň urşuny barlamak isledi, ýöne şyh elini öwrüp, onuň elinden tutup, bir sagat garap otur­dy. Soňra onuň elini goýberdi. Tebip turup gitmekçi boldy, ha­na­kanyň işigine barandan, zol-zol yzyna garady. Şonda şyh oňa şeýle diýdi: «Sen näwagta çenli beýle garap durmakçy? Biz seni: «Gidiber» diýip goýbermedikmi?» diýenden, gäwür yzy­na dolanyp geldi we şyhyň elinden musulman boldy. Soňra onuň ähli garyndaşlary hem musulman bolup, şyhyň bereket na­zaryndan nesibeli boldular.

Kyrk ýedinji hekaýat

Biziň şyhymyzyň Nyşapurda bolýan wagtlary soltan Togru­lyň weziri Hoja Abu Mansur Warkany nähoşlapdyr. Ol ýag­daýy agyrlaşandan soň, biziň şyhymyzy we ymam Abylkasym Kuşaýryny ýanyna çagyryp, olara şeýle diýipdir: «Men size uly hormat goýdum, siziň ýoluňyzda ummasyz baýlygy harç etdim, indi bolsa sizden etjek bir haýyşym bar. Meniň gözüm ýum­landan, iki sany beýik adam geler, men sowallara jogap berip bolýançam, meniň mazarymyň ýanyndan gitmäň, çünki siziň güýjüňiz sowallara jogap bermegimi aňsatlaşdyrar» diýen. Ola­ryň ikisem bu haýyşy kabul edýärler. Haçan-da onuň jan guşy panydan bakyýete uçup gidende biziň şyhymyz bilen Ymam Ku­şaýry şol ýerde ekenler. Haçan-da olar mazarystanlyga ge­len­lerinde, entek gumuň hemmesini üýşürip ýetişmän ekenler. Ussat Ymam biziň şyhymyza: «Men adamlary gaýtaryp getir­ýänçäm, sen şu ýerde dur» diýen. Şyh mazaryň başujynda na­maz­lygyny ýazyp, onuň üstünde oturypdyr. Hoja Abu Mansu­ryň mazarynyň daşyna gumy doly üýşürenlerinden soň şyh ýerin­den turup: «Tamam boldy» diýip ýola düşüp ugrapdyr. Ha­çanda ol ussat Ymamyň yzyndan ýetip: «Hojanyň eden wes­ýetini ýerine ýetirmälimi?» diýende, şyh: «Oňa hiç hili zerur­lyk ýok» diýen. Adamlar bolsa: «Ol nähili wesýetkä» diýip, özara hyşy-wyşy gürrüň edip başlapdyrlar. Ussat Ymam: «Nä­hi­li boldy?» diýip soranda, şyh: «Perişdeler gelip sorag edip baş­lanlarynda, olaryň biri: «Onuň başujunda oturanyň kimdi­gini görmeýärmisiň?» diýenden, ikisi hem turup gitdiler, olar gidenlerinden soň biz hem turduk» diýen.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]