Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
mane baba hekayatlar (elip).doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1.93 Mб
Скачать

Kyrk ikinji hekaýat

Biziň şyhymyz Abu Seýit Nyşapurdaka, Mutarraz metji­di­niň azançysy bir gün daň bilen minara çykyp, Gurhany Kerimi okaýardy. Minaranyň golaýynda bir türkmen keselläp ýatyr eken. Azançynyň sesi oňa örän ýarapdyr we köp aglapdyr. Ol şol gün bir adamy azançynyň ýanyna iberip, ony öýüne çagy­ryp­dyr we ondan: «Düýn minarada Gurhany Kerimi okan sen­midiň?» diýip sorapdyr. Ol: «Hawa» diýip, jogap berenden soň, ýene-de okamagyny haýyş edipdir. Azançy ýene-de bäş aýa­ty okapdyr. Türkmen aglap, azança iki tylla beripdir. Azan­çy türkmeniň ýanyndan çykyp, şyhyň metjidine gelipdir. Şol wagt şyh wagyz aýdyp duran eken. Mejlis dowam edip duran wag­ty iki sany segban1 şyhyň hanakasynyň agzyna gelip, şyh­dan zat diläpdirler. Şyh ýaňky azança ýüzlenip: «Ýaňky türkmeniň saňa beren iki tyllasyny hersine birini ber» diýýär. Azançy öz ýanyndan: «Türkmen bu tyllalary ýanynda hiç kim ýokka maňa beripdi, şyh muny nädip bildikä?» diýip pikirle­nip­dir. Şyh oňa: «Tamdyr gyzanda ýapylýandyr, sen başga hili pikirem edip durmagyn» diýipdir. Azançy onuň aýdanlaryna hoş bolup, altyn teňňeleri olara beripdir.

Kyrk üçünji hekaýat

Hasan şeýle diýdi: «Bir gün Nyşapurdakak, şyhymyz Abu Seýit meni ýanyna çagyryp: «Daşary çyk-da, saga öwrül, kim saňa ilki gabat gelse, eliňi uzat-da, nämäň bolsa bäri ber» diý. Men, şyhyň aýdyşy ýaly, daşary çykyp gitdim, bir gäwüri görüp, ýanyna bardym-da, elimi uzadyp ýoluny kesdim. Gäwür maňa: «Men ilki musulman bolaýyn, meni şyhyň ýanyna elt» diýdi. Men ony şyhyň ýanyna alyp bardym. Ol: «Eý, şyh, me­niň musulman bolmagyma kömek et» diýdi. Ol iman getirip, mu­sulman boldy we baryny-ýoguny sopulara harç etdi.

Kyrk dördünji hekaýat

Nyşapurda bolýan wagtlary bir gün biziň şyhymyz Hasan Mueddebi ýanyna çagyryp, oňa şeýle diýen: «Sen şäheriň emiri Musabbah Nakybyň ýanyna bar-da: «Şu gün derwüşler üçin saçak ýaz» diý. Ol şäheriň tertip-düzgünine gözegçilik edýän, ba­rypýatan zalym, derwüşleri ýigrenýän we şyha duşman adamdy. Hasan şeýle diýen: «Men gitdim, ýöne ýolda barýar­kam: «Nyşapurda şondan zalym, şyha şondan müňkür adam ýok, munuň soňy nähili gutararka?» diýen pikir kalbymda at sal­ýardy. Musabbah Nakybyň ýanyna bardym, görsem, ol biri­ni ýenjip dur, adamlar bolsa üýşüp, oňa tomaşa edýärdiler, men haýran galyp, seredip durdum. Birden Nakybyň gözi maňa düşdi-de şeýle diýdi: «Ol sopy bu ýerde näme işläp dur?». Biri gelip bu soragy maňa berdi. Men onuň ýakynyna baryp, şyhyň salamyny gowşurdym we şeýle diýdim: «Şyh saňa sopular üçin saçak ýazsyn diýýär». Ol meniň gepimi ýaňsa alyp bir zatlar diý­di. Soňra içi kümüş pully haltajygy alyp, maňa oklady-da, şeýle diýdi: «Näme, şyh haram gazanylan kümüş pullardan saçak ýazmak isleýärmikä? Sen şyhyňa aýt, men şu kümüş pul­lary şu adamyň depesinde taýak döwüp aldym». Men kümüş pul­lary alyp, şyhyň ýanyna getirdim. Şyh maňa: «Pullary al-da, et, nogul-nabat, umuman, saçak üçin zerur zatlaryň hemmesini al» diýenden, derwüşler geň galyp, aňka-taňka boldular. Men gidip gerek zatlaryň hemmesini alyşdyrdym, saçak ýazylmaly wagty kemini goýman saçak ýazdyk. Şyh gol uzadyp nahar aldy, töweregindäkiler hem nätjeklerini bilmän nahara baş­la­dylar.

Ertesi gün şyh mejlis geçirýärkä, bir ýaş ýigit ýerinden tu­rup, şyhyň ýanyna gelip aglap, şyhyň aýagyny ogşap, şeýle diý­di: «Eý, şyh, men size hyýanat etdim, günämi ötüň, eden işlerime toba edýärin, size eden hyýanatym üçin taýak iýdim» diýip, bir haltajykdaky kümüş pullary şyhyň öňünde goýdy. Şyh oňa: «Sen eden hyýanatyňy ile-de aýt» diýenden, ol ýigit şeýle diýdi: «Kakam soňky demini sanap ýatyrka, meni ýanyna çagyryp, iki haltajykdaky kümüş pullary maňa berip: «Men aradan çykanymdan soň, bu pullary Mäneli şyhyň ýanyna alyp bar, goý, ol bu pullary derwüşlere sarp etsin» diýip wesýet edipdi. Kakam ýurduny täzeländen soň, men şeýtanyň päline gidip: «Men bu pullary şyha eltip berenimden, özüm sowna­ýyn, bu meniň halal mirasym ahyry» diýip pikir etdim. Emir meni ýalan töhmet bilen tutdy, ýüz taýak urubam, kümüş pully haltajyklarymyň birini aldy, şol aralykda hem siziň hyz­mat­käriňiz gelip, emire siziň habaryňyzy ýetirdi we emir ol pully haltajygy siziň hyzmatkäriňize berdi. Ol pullar siziňki, beýleki pully haltajygam getirdim we eden hata işlerime puşman ed­ýärin» diýdi. Şyh şonda: «Eý, sahawatly ynsan, sen bolan zat­lary ýüregiňe ýakyn alma, seniň görjegiň öňdedir» diýen. Soňra şyh köpçülige ýüzlenip, şeýle diýen: «Bu adamlaryň rysgalyna gelýän zatlaryň hemmesi halaldyr». Bu wakany Musabbah Nakyba eşitdirýärler. Ol gelip, şyhyň aýagyna ýykylyp, adam­la­ra gaýdyp zulum etmejekdigini aýdyp, şyha mürit bolýar we derwüşlere hemaýat edip, adamlara azar bermesini goýýar.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]