Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
mane baba hekayatlar (elip).doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1.93 Mб
Скачать

Otuz ikinji hekaýat

Aýtmaklaryna görä, biziň şyhymyz Abu Seýit Abylhaýr Ny­şapurda bolýan wagtlary bir gün birnäçe derwüşleri we mü­ritleri bilen bazaryň içinden geçip barýan eken. Şol wagt bir topar dilewarlar Tusdan gelipdirler we sema aýdýan ekenler. Soň­ra olar hanaka gelip, şeýle diýdiler: «Eý, şyh! Tusdan dile­war­lar we dostlar gelip, bazarda sema aýdýarmyşlar, biz hem baryp olary diňläýsek» diýipdirler. Şyh Hasan Mueddebe ýüz­le­nip: «Daş çykalyň we Nyşapuryň bazaryndakylary göreliň, biziň haýsymyzyň hoşroýrakdygymyzy göreliň. Oňa dostlaryň gelendiklerini we derwüşleriň owazyny eşitmek isleýändi­gi­mi­zi aýt, olar üçin saçagy giňden ýaz, goý, bu gije olar oňat dem-dynçlaryny alsynlar» diýen. Hasan daş çykyp, Nyşapuryň ba­za­ryny aýlanyp çykandan soň, şyhyň ýanyna geldi. Şyh ondan: «Näme iş bitirdiň?» diýip soranda, ol: «Men bütin Nyşapury aý­lanyp çyksamam, senden hoşroý kişini görmedim» diýen. Şyh bu sözi eşidenden, arkasyndan bir dilhaty alyp: «Eý, Ha­san, muny biziň Abu Japarymyzyň ýanyna alyp bar-da, «maňa elli dinar ber, çünki biz şu agşam ähli dostlarymyzy zyýapada çagyryp, tuslylaryň semasyna tomaşa etmekçi, goý, olaryň ýü­rek­lerinde saňa bolan minnetdarlyk oýansyn diý» diýen». Ha­san şonda şeýle diýen: «Men şyhyň aýdyşy ýaly, Abu Japaryň dükanyna bardym we şyhyň aýdanlaryny gylyny gymyldatman oňa ýetirdim. Abu Japar: «Eý, Hasan, şyhyň öz agzy bilen: «Biziň Abu Japarymyzyň» diýenine güwä geçip bilermisiň­­­­­­­?" diýende men: «Ertir kyýamat gopanda-da, men şyhyň öz agzy bilen: «Biziň Abu Japarymyz» diýenine güwä bolup bilerin» diý­dim. Abu Japar elli dinar nagt puly kagyza dolap maňa berdi, şyhyň dilhatyny bolsa yzyna gaýtaryp: «Bulary şyha eltip ber» diýdi. Men ol ýerden şyhyň ýanyna gelip, getiren zat­la­rymy gowşurdym. Abu Japar hem meniň yzym bilen hanaka depesinde tabakda elli dinary göterip gelýän gulamy bilen işik­den girdi. Ol getiren zatlaryny şyhyň öňünde goýup: «Hasanyň getirenleri siziň aýdan zatlaryňyz, bu zatlary bolsa siziň öz agzyňyz bilen: «Biziň Abu Japarymyz» diýeniňize hoşwagt bo­lup getirdim. Siz şu tyllalar bilen çagyrjak adamlaryňyzy çagy­ryň, dilhatyny bolsa ýyrtyp taşlaň, inşalla, kyýamatda siziň bu sözleriňiz meni goldar» diýdi.

Otuz üçünji hekaýat

Biziň şyhymyz Nyşapurda bolan döwri onuň ýörite hadymy Hasan Mueddep her kimden sadaka toplap, derwüşler üçin sarp eder eken. Eger sadaka gijä galsa, olar diläp başlaýardylar. Bir gün olaryň hemmesi hanakanyň gapysynyň agzyna ýygnanyp­dyr­lar. Şyhymyz Hasan Mueddebe: «Goý girsinler» diýen. Olar içeri girenlerinden, şyha hyzmat etmek üçin garaşyp oturyp­dyr­lar. Şol wagt togap edip ýören bir oglan geçip barýardy we «Natuf»1 diýip gygyrýardy. Şyh: «Ol togap edip ýöreni getiriň» diýenden, ony alyp geldiler. Şyh: «Onuň bar zadyny barlaň» diýýär. Onuň bar ýygnan zadyny sopularyň öňlerinde goýdular we olar iýip gutardylar. Şonda oglanjyk: «Meniň zatlarymyň bahasyny zer bilen töläň!» diýýär. Şyh: «Getirerler» diýýär. Bir sagat geçenden soň, oglan ýene dillenýär. Şyh: «Bolar» diýip jogap berýär. Üçünji gezek hem şeýle ýagdaý gaýtalanýar we şyh: «Getirerler» diýip jogap berýär. Şonda oglanjyk: «Ha­ly­pam meni urar» diýip aglap başlaýar. Şol wagt hanakanyň ga­py­syndan bir adam içeri girip, içi tyllaly haltajygy şyhyň öňünde goýup: «Şuny pylany iberdi we özi hakynda doga-dileg etmegiňizi haýyş etdi» diýýär. Şyh Hasan Mueddebi çagyryp: «Muny zerur adamlara paýla» diýdi. Hasan her kime ýetdik tylladan paýlady we oglanjygyň hem hakyny berdi. Geň ýeri iberilen puldan bir tylla kem-de bolmady, artmadam. Şyh şeýle diýdi: «Bu zatlaryň hemmesi oglanyň gözýaşy sebäpli boldy».

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]