Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
mane baba hekayatlar (elip).doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1.93 Mб
Скачать

Ýigrimi dokuzynjy hekaýat

Amyt Horasany barada şeýle rowaýat aýdýarlar: Ol şeýle diýen: «Biziň şyhymyz Abu Seýide we onuň perzentlerine aýratyn hormat goýmagyma sebäp bolan zat şundan ybarat: Men ilki Nyşapura gelemde, ýönekeý bir atlydym we Azra der­wezesiniň ýakynynda düşläpdim. Maňa «Hajyp Muhammet» diýýärdiler. Her gün iki gezek şyh Abu Seýit Abylhaýyryň ha­na­kasynyň ýanyndan oňa seredip geçip giderdim we ony gör­ýärdim. Ol gün maňa mübärek günleriň biri boldy, çünki ony oňat yrym edipdim. Bir gije ýatyrkam, şeýle pikir etdim: «Ertir şy­hyň ýanyna baraýyn we sowgat-salam elteýin». Täze zik­ge­lenen müň dirhem puly ýaglyga düwüp goýdum. Olaryň otuzy bir dinar hasaplanýardy. Men bu puly iki bölüp, ýarysyny kagyza doladym: «Ertir irden şyhyň ýanyna salama baramda, bu kümüş puly öňünde goýaryn» diýdim. Öýde menden başga iňlär siňek ýokdy we bu barada men hiç kimiň ýanynda dilimi ýarmandym. Soňra göwnüme düwünçege düwen zadym köp gö­ründi: «Bäş ýüz bolanda hem bolýar ahyry» diýip, düwün­çek­däkini ikä böldüm we galan bäş ýüz dirhemi ýassygyň aňyr­synda goýdum. Irden turup, namazymy okadym-da, puly alyp şyhyň ýanyna gelip salam berdim, soňra getiren kümüş pulla­rymy Hasan Mueddebe berdim. Hasan minnetdarlyk bilen şy­hyň gulagyna: «Hajyp Muhammet az-owlak pul getiripdir» diý­di. Şyh: «Mübärek bolsun, ol hemmesini getirmän, ýary­sy­ny ýassygyň aňyrsynda goýupdyr, ol Hasana müň dirhem ber­gili. Hasanyň ýüregi rahatlyk tapar ýaly galan puluny hem getir­sin» diýdi. Men bu sözi eşidenimden, haýdan-haý öýe çapar iberip, ýassygyň aňyrsyndaky puly getirdip, Hasana ber­dim. Soňra: «Eý, şyh, günämi öteweriň!» diýdim. Şyh meniň eli­mi gysyp: «Boldy, sag-aman bar» diýdi. Şondan soň meniň işlerim ugruna bolup başlady, hiç zada hor-zar bolmadym, hiç hili muşakgata sezewar bolmadym we işim ilerläp gitdi. Men her gün şyhyň ýanyna salama gelýärdim. Bir gün ol meniň yzym­dan garap: «Bu ýigide ýagşy işler garaşýar» diýdi».

Otuzynjy hekaýat

Merwde Muhammet Abu Nasr Habyby atly Mawerannahr şyhlaryndan biri bolan. Haçan-da Bugra han Mawerannahr so­pularyny gyrmakçy bolanda, beýleki şyhlar bilen gaçyp, Mer­we gelipdir. Muhammet Habyby şol döwre çenli biziň şyhy­myz Abu Seýidi görmän eken, çünki ol Merwe gelende, biziň şyhymyz Nyşapurda eken. Şol döwürde Merwde Abubekr Ha­typ atly ymam bolan, ol ymam Kaffadan ders alan eken. Onuň ýüreginde Nyşapura gitmek höwesi döreýär. Pir Muhammet Ha­byby onuň ýanyna gelip, şeýle diýen: «Meniň gulagyma ýetýän habarlara görä, sen Nyşapura hyýallanýarmyşyň, biziň saňa bir ýumşumyz hem bar». Ol: «Näme ýumuş?» diýende: Ol oňa: «Şyh Abu Seýitden sora we jogabyny şol durşuna gylyny gymyldatman getir, ýöne ol şu soragy meniň soranymy bil­me­sin, men barada Alladan başga hiç kim hiç zat bilmesin». Ymam Abubekr näme soramalydygyny soraýar. Ol maňa: «Zat galman ýok bolmagy mümkinmi?» diýende: «Bu zat meniň ýa­dym­da galmaz, sen gowusy ony hata ýazyp ber» diýdim. Ol ýene-de tekrarlap, şyha özi barada hiç zat duýdurmazlygymy haýyş etdi. Abubekr Hatyp şeýle diýen: «Men Nyşapura gelip, kerwensaraýda ýük ýazdyrdym. Şol wagt iki sany sopy ker­wen­saraýa gelip: «Merw kerweninde gelen hoja ymam Abu­bekr kim bolýar?» diýip soradylar. «Men» diýip jogap bere­nim­den soň, olar meniň ýanyma gelip: «Şyh Abu Seýit salam aýdýar we: «Biz seni kerwensaraýda ýerleşdirip, bu ýerde rahat bolup bilmeris, goý, ol biziň ýanymyzda bolsun» diýýär. Men: «Hammama girip, boý täretini alanymdan soň, salama bararyn» diýdim. Soňra meniň ýadyma onuň halatlydygy hakyndaky gür­rüňler düşdi, çünki ol halatly bolmasa, meniň gelendigimi nireden bilsin, bizden has tiz gelip, başga bir adamyň habar bermedigem belli zat. Ol men we meniň ýagdaýlarym barada nireden habarly bolduka? Ine, saňa keramat we halat!» Men hammamda ýuwnup, boý täretini alanymdan soň, hammamyň ga­pysynyň agzynda duran şol derwüşlere gözüm düşdi, olaryň ellerinde gülap we ud bardy. Olar: «Şyhymyz bizi seniň hyz­ma­tyňa iberdi. Men olar bilen şyhyň ýanyna ugradym. Şyh meni görenden «Hoş geldiňiz» diýdi-de:

Hoşluk bilen bagt dileýärin pygambere we dostlaryna,

Iberileniň ýüzi pygamberiň ýüzi ýaly mübärekdir.

Salam berdim, ol salamymy alanyndan soň, şeýle diýdi: «Ol gojanyň iberen zady hem ýanyňda bolsa, biz ony hormat bilen kabul ederis, sen Merwden bu ýere gelýänçäň, biz sizden men­zilme-menzil habar tutup durduk». Ymam Abubekr Hatyp: «Meniň dilim tutuldy» diýen. Şyh «Ýanyňda näme bolsa ber we gojanyň sargydyny aýt» diýdi. Abubekr Hatyp: «Şol dem şyhdan şeýle bir howum basyldy welin, bar bilýän zadym ýat­dan çykdy» diýen. Men «Eý, şyh, ýadymdan çykdy, men ony bir kagyza ýazypdym, ýöne ol hem ýol egin-başymda galyp­dyr» diýdim. Şyh: «Gojanyň aýdan zatlary bölek-büçegräk hem ýadyňda galmadymy» diýenden has-da aljyradym. Şyh ýene-de: «Eger men gaýtalasam, onuň sowallary ýadyňa düşermi?» diýdi. Men: «Şyhyň aýdyşy ýaly bolar» diýdim. Şyh: «Sowal şundan ybarat, zat galman ýok bolmagy mümkinmi?!» Men: «Edil şyhyň diline gelşi ýaly» diýdim. Şyh maňa ýüzlenip: «Eger onuň jogabyny saňa häzir aýtsam, sen haýal etmän yzy­ňa öwrülmeli bolarsyň, gowusy, sen häzir öz işleriňi bitir, soragyň jogabyny bolsa gaýtjak bolanyňda aýdaryn» diýdi. Nyşapurda bolan günlerim her agşam onuň ýanyna gelýärdim we ol meni uly hezzet-hormat bilen garşylaýardy. Haçan-da yzyma dolanmaga hyýallanamda, şyhyň ýanyna gelip: «Goja­nyň jogabyny aýdaýsaňyz?» diýenimde şyh: «Ol goja aýt: «Ol birinem galdyrman oda köýdürer»1 şeýle bolar we nam-nyşan galmaz»diýdi. Men: «Başymy egdim, ýöne düşünmedim. «Şy­ha şeýle düşündir» diýdim. Şyh: «Bu danalar babatynda beýle däl, şu beýti öwren-de, oňa aýt» diýdi. Beýt:

Jismim durky gözýaş bolup, iki çeşmim girýan boldy,

Göwräm seniň yşkyňda ýaşamaly.

Menden hiç zat galmaz, bu yşk näme?

Men durşuma magşuga öwrüldim, aşyk kim?

Men: «Şyh muny delil üçin bir ýere ýazsa, gowy boljak» diýdim. Onuň buýurmagy bilen Hasan Mueddep ýazyp, maňa berdi. Men Merwe ýetenimden, goja Muhammet Habyby geldi. Men oňa: «Eý, goja, sen meni soltanyň ýanyna iberipsiň, dün­ýäniň ähli syry onuň öňündäki tabagyň içindäki ýaly mälim» diý­dim we bolup geçen zatlary oňa birin-birin aýtdym, mese­läniň jogabyny hem beýan etdim. Ol bu beýti eşidenden, nagra çekip, essinden gitdi. Iki adam bolup, göterip öýüne eltdiler we ol bende ýedinji gün diýlende amanadyny tabşyrdy. Alla oňa rehmet etsin!

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]