Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
mane baba hekayatlar (elip).doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1.93 Mб
Скачать

Ýigrimi ikinji hekaýat

Men bu gürrüňi Abylfath Gazaýyrydan we şyh Abubekr Ja­narydan eşidipdim, olar şeýle diýýärdiler: «Biz her gün ikindi namazymyzy Nyşapuryň Adana Kuýan köçesindäki hanakada okaýardyk. Bu ýerde bir dükan bardy. Onuň içini-daşyny suw­lap-süpürip, düşek ýazypdyrlar. Şyh şol ýerde otyrdy, ýaşu­lular onuň töwereginde ornaşypdylar, ýaşlar bolsa golaýda ha­tar gurap durdular, adamlaryň wagtlary hoşdy, keýpleri kökdi.

Başga bir gün hem şyh şeýle ýagdaýda otyrdy. Ol öňe eglibräk şeýle diýdi: «Allanyň dergähiniň habarçysyny görmek isleýärsiňizmi? Ol gelýär, siz oňa pugta serediň». Adamlar se­redişdiler, ýöne hiç kime gözleri düşmedi. Şol wagt ussat Ymam köçe tarapdan göründi, ýakyna gelende salam berip, geçip gitdi. Şyh onuň yzyndan seredip: «Ussat ussat bolýar-da» diýdi.

Ýigrimi üçünji hekaýat

Aýtmaklaryna görä, bir gije ussat ymam Abylkasym Ku­şaýry öz ýanyndan şeýle pikir edipdir: «Ertir şyhyň metji­dine baraýyn-da, ondan: «Şerigat nämedir, tarykat nämedir? diýip soraýyn, ol näme diýerkä?». Ertesi gün ol säher bilen şyhyň mejlisine gelip oturypdyr. Şyh şol wagt wagyz edýän eken. Ussat Ymam heniz sowal berip ýetişmänkä, şyh şeýle diýen: «Eý, şerigatyň we tarykatyň nämedigini soramak islän kişi, bilip goý, biz şerigaty we tarykaty bir beýtde ýatlaýarys. Ine, ol beýt:

Dostdan habar geldi: «Arassa et, arassa et işiňi» –

budur şerigat,

«Ýürek mährin öňe sür, gybat-ýalanyň goý-da», –

budur tarykat.

Ymam Harameýn (Mekgäniň we Medinäniň ymamy) Abu Magaly Jüweýni (Alla onuň ruhuny şat etsin!) şeýle diýen: «Bi­ziň kitaplarda okap, ýazyp, düşündirip ençeme azaplar çe­ken zadymyzy ol tarykat soltany şyh Abu Seýit bir beýtde beýan edip geçipdir».

Ýigrimi dördünji hekaýat

Hoja Abylfath Gazaýyry şeýle rowaýat aýdardy: «Ussat Abu Aly Dakagyň gyzy Patma hanym ussat Ymam Kuşaý­ry­nyň maşgalasydy. Ol adamsyndan biziň şyhymyz Abu Seýidiň mejlisine baryp, diňlemäge rugsat bermegini haýyş edipdir, em­ma ol rugsat bermekden saklanypdyr. Ol köp gezek haýyş edip duransoň, ussat Ymam bir gün oňa rugsat berip, şeýle diýen: «Rugsat bereýin, ýöne hiç kim seniň kimdigiňi bilmez ýaly ör­tü­nip, köne çadyryňy başyňa atyp git» diýen. Patma hanym onuň diýeniňi doly berjaý edip, köne çadyryny başyna atyp, bürenip şyhyň mejlisine baryp, üçekde, beýleki aýallaryň arasynda otu­ryp­dyr. Ol gün ussat Ymam şyhyň mejlisine gelmändir. Şyhy­myz sözüniň başynda ussat Abu Aly Dakak barada gürrüň edip, şeýle diýen: «Bu gün onuň özi aňyrda galsa-da, onuň bir bölegi biziň aramyzda». Patma hanym bu sö­zi eşidenden, heýjana düşüp, essi aýyldy we üçekden aşak gaçdy. Şyh: «Hudawenda, özüň goraweri» diýip gygyrandan, aýallar ellerini uzadyp, jaýyň üstüne çykarýançalar, ol howada asyl-asyl bolup durdy. Ol öýe gelenden, ussat Ymama bolup geçen zatlary gürrüň berdi.

Ýigrimi bäşinji hekaýat

Men bu hekaýaty şyh Zeýnettaýypa Omar Şöwkanydan eşi­dipdim. Bir gün biziň şyhymyz Abu Seýit, ussat Ymam Abyl­ka­sym Kuşaýry bir topar sopy bilen Nyşapuryň bazaryna bar­ýarlar. Bir dükanda gaýnadylan şalgamy üýşürip goýupdyrlar. Bir derwüşiň oňa gözi düşenden, şondan iýesi gelip başlapdyr. Şyhymyz ýagdaýa bada-bat göz ýetirip, gidip barýanlary sak­lady we Hasana şeýle diýdi: «Ol adamyň dükanyna bar-da, bar şalgamy we şugundyry satyn alyp gel». Ol ýerde bir metjit bar­dy. Şyh ussat Ymam we sopulary bilen şol metjide bardy. Ha­san şol dükanda bar bolan şalgamlary we şugundyrlary satyn alyp, metjide getirdi. Derwüşler getirilen zatlary iýmäge başla­dylar, şyh hem olara goşulyp iýýärdi, ýöne ussat Ymam baza­ryň ortarasynda töweregi açyk metjitde zat iýmekden saklandy we ýüregi bilen bu hereketi inkär etdi. Ol: «Ýoluň ortarasynda zat iýýärler» diýip, olary unamady. Ussat Ymam getirilen zat­lara ellerini uzatmady, şyh bolsa, öňki adaty boýunça, oňa hiç zat diýmedi. Şondan iki-üç gün geçenden soň, biziň şyhymyzy, ussat Ymamy sopular bilen bile bir ýere çagyrýarlar. Çagyrylan ýerde saçak ýazyp, üstüni dürli-dümen tagamlardan doldurýar­lar. Aňyrrakda duran bir tagamdan iýmegi ussat Ymamyň ýü­regi küýsäp başlaýar, ýöne oňa eli ýetmändir, soramaga bolsa utanypdyr, iýmek islegi bolsa durdugyça güýçlenýärmişin. Şon­da şyh oňa ýüzlenip şeýle diýen: «Eý, ussat! Özüň iýesiň gelmeýän wagty-ha ile-de iýdirmeýärdiň, seniň iýesiň gelýän wagty hem saňa bermeýärler» diýen. Şondan soň ussat Ymam bolup geçen zada toba edipdir we bu onuň üçin temmi bo­lupdyr.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]