Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
mane baba hekayatlar (elip).doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1.93 Mб
Скачать

Ýigrimi birinji hekaýat

Hoja Abubekr Mueddep şeýle diýen: «Biziň şyhymyz Abu Seýit Nyşapurda mejlis gurap, wagyz edýärdi. Ol mejlisiň ara­synda: «Ussat Ymam gijä galýar» diýdi. Soňra iki gezek: «Geň zat, geň zat» diýdi. Bir sagatlap wagyz edenden soň, ýene şeýle diýdi: «Biziň kalbymyz ussat Ymamy görýär, ol düýn köp azap­lar görüpdir». Şu sözi aýdandan, ussat Ymam işikden içeri ätledi, adamlaryň arasynda gowur başlandy. Şyh ussada ýüz­lenip şeýle diýdi: «Eý, ussat, biz seniň düýnki ýagdaýyňdan bi­habar däldik. Men seniň düşen günüňi tymsal bilen düşün­dir­ýärin. Bir gün bir mülkdar oturan wagty bir daýhan täze ýetişen hyýardan birnäçesini oňa getirip beripdir. Mülkdar öýdäki adam sanyny hasaplap, hersiniň öňünde bir hyýar goýupdyr, özüne ýeten paýy bolsa gapdalynda duran hyzmatkärine berip­dir. Mülkdaryň özüne zat ýetmändir. Hyzmatkär hem hyzmat edýärdi, hem işdämenlik bilen hyýar iýýärdi. Mülkdaryň onuň iýşine agzy suwaryp, bir bölejik bermegini haýyş edýär. Mülk­dar hyýary agzyna alyp görse, ol awy ýaly ajy eken. Ol hyz­mat­käre ýüzlenip: «Eý, gulam, şeýle ajy hyýary nädip işdä­menlik bilen iýip bilýärsiň?» diýende, ol: «Men hojaýynyň elin­den şunça ýyllap şirin tagamlary iýenimden soň, men nädip ony iýmän bilerin» diýen. Eý, ussat, ine, onuň aýdan zady!

Eý, dost, her bir ownuk zada gyýlyp durma,

Yşk käte dertdir, käte-de şatlyk,

Eýämiz hor etse, ol hem aýyp däl,

Mylakatly bolsa ýene derdiň sowaşar.

Ýüz ýagşylygy bir horluk üçin unutma,

Tikeninden gorksaň hurma ýetmersiň,

Gahar etse, ondan ötünç sora,

Her gün täze magşuk gözläb-ä bolmaz.

Ussat bu sözi eşidenden, gapdala ýykylyp, özünden gid­ýänçä nagra çekdi. Mejlis gutaryp, adamlar dargaşandan soň, şyh öýünde galdy we sopular ussat Ymamyň ýanyna gelip, düýn nämeleriň bolup geçendigini soradylar. Ussat şeýle diýdi: «Düýn men özümi erbet duýdum we birneme howsalalydym. Öz ýanymdan: «Juma metjidine baraýyn, howuzda täret kylyp, şyhlaryň mazaryna baryp aýat-töwür edeýin» diýen niýet bilen juma metjidine gelip, howzuň gyrasyna bardym, geýimlerimi namazlygyň arasyna salyp, dolap diwardaky tagtaçada goý­dum. Suwa girenim hem şoldy welin, biri gelip geýim-gejim­lerimi, köwşümi alyp gaçyp gitdi. Men muňa gynandym we ýag­daýym has-da erbetleşdi. Ýalaňaçlygyma suwdan çykdym we hanaka baryp, tapan-tupanymy geýişdirip, ýüregime düwen zatlarymy amala aşyrmagyň kül-külüne düşdüm. Zyýarata bar­mak niýeti bilen juma metjidiniň gapysyna baranymdan, daşa büdräp, aýagymy erbet agyrtdym, selläm bolsa başymdan uçup gitdi, näbelli bir kişi bolsa ony alyp ogurlap, gürüm-jürüm bol­dy. Şonda men şeýle diýdim: «Eý, bar Hudaýa! Eger saňa Abyl­kasym gerek bolmasa, ol seniň bu salan ýaraňa we şar­pygyňa çydam edip bilmez, çünki Abylkasymyň zyýaraty we haýyr-dogasy seniň üçin ahyry, eger bular saňa gerek bolmasa, men olary terk edýärin». Bu bolup geçen zat barada dünýäde bilýän adam ýokdy, bu gün bolsa şyh: «Düýn biz siz bilendik» diýýär. Eger ol şeýle syrlary bilýän bolsa, biziň köp sanly rys­walyklarymyzdan habarlydyr» diýen.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]